Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer nebitgaz toplumynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty netijesinde bu ulgamda uly öňegidişlikleriň gazanylandygy barada aýtdy. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary arkaly pudagy mundan beýläk-de depginli ösdürmek maksady bilen, maýa goýumlaryň gönükdirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Hasabatyň çäklerinde dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýlandygy barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, döwletimiz bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek üçin maýa goýumlaryny yzygiderli gönükdirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda maliýe-ykdysady ulgamyň ösdürilmeginiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini doly derejede hem-de hemmetaraplaýyn amala aşyrmaga parasatly we öňdengörüji syýasatymyzyň ýardam edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylmy çemeleşme, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalar onuň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de oňat netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirip, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.
Wise-premýer pudagy has-da ösdürmäge gönükdirip, uly möçberde maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada gol çeken Karary üçin döwlet Baştutanymyza ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri doly derejede, wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmyň dürli ugurlarynda ýaş alymlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, zehinli ýaşlarymyzy aspirantura we doktorantura kabul etmek baradaky resminamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Mälim bolşy ýaly, ylym ulgamyny ösdürmek, ylmy hem-de intellektual kuwwaty pugtalandyrmak, ylmyň dürli ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde maksatnamalaýyn işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň hem-de bilimiň biziň üstünliklerimiziňdir ösüşimiziň binýady bolup durýandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary hem-de täze tehnologiýalary ulanmak bilen, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylýandygyny nygtady. Olary halk hojalyk toplumynyň pudaklaryna yzygiderli ornaşdyryp hem-de ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, biz ata Watanymyzy yzygiderli ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys, şoňa görä-de, biziň zehinli ýaşlarymyzyň okamagy, ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ähmiýeti barada nygtap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, onuň doly amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Milli Liderimiz iş saparyndan gaýdyp gelen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin hökmany karantinde bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň kada laýyk gelýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadylandygyny aýtdy hem-de degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky sözüni dowam edip, ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
Wise-premýer Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýdan 5 million sany waksinanyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde berlendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu işleriň halkymyzyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almakda möhüm çäreleriň biridigi nygtaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynyň uly binýadynyň döredilendigini, şonuň esasynda bolsa häzirki wagtda bu pudagyň işiniň ýokary derejede ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilen zawod-fabrikler bu gün dokma toplumynyň esasyny emele getirýär. Pudagyň önümçilik kärhanalaryna häzirki zamanyň iň kämil tehnologik enjamlary ornaşdyrylýar hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, işine ussat, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Olaryň yhlasly işleri netijesinde ýokary hilli taýýar önümler öndürilýär.
Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň hatarynyň barha artýandygy barada aýdyp, bu ugurda täze toplumlaryň, şol sanda geçen ýyl milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, işe girizilen döwrebap dokma toplumlarynyň üstünlikli işledilýändigini, şolarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini belledi. Döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli önümler, şol sanda dürli görnüşli matalar dokalyp, taýýar tikin önümleri öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda dürli haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňdebaryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, Diýarymyzyň dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz dokma önümlerini öndürijileriň hem-de türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenýändigini, bu işleriň halkymyzyň medeniýetini ýokarlandyrmakda hem ähmiýetli orny eýeleýändigini, munuň bolsa ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýandygyny belledi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda watandaşlarymyzyň medeni we ruhy taýdan galkynýan döwründe bu ugurda sungat ussatlarynyň mynasyp eserleri döretmegi üçin Watanymyzda hemme şertler üpjün edilýär. Pudaklaryň, şol sanda dokma pudagynyň döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edip, halkymyzyň ruhubelentligini artdyrýar. Şunda medeni merkezleriň ýerine ýetirýän işleri möhüm orun eýeleýär. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, durnuklylygyň, agzybirligiň we ruhy bitewüligiň gadymy döwürlerden bäri türkmenler üçin güýç-kuwwatyň nyşany bolup gelendigini belledi. Şoňa görä-de, mähriban topragyň gülläp ösmegini we halkyň abadançylygyny beýik türkmen şahyrlarynyňdyr akyldarlarynyň ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp beýan edendigi ýönelige däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dünýäde diňe bir ýokary ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, ruhy baýlyklary bilen hem ykrar edilen biziň döwletimiz medeni taýdan giňden alyşmak, taryhy-medeni mirasyny ýaýmak baradaky syýasaty işjeň durmuşa geçirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkyň ruhy gymmatlygyny goraýjy we dünýäde wagyz ediji, ýaş zehinleri terbiýelemegiň serişdesi hökmünde medeniýete ägirt uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýar, halky beýik işlere birleşdirýän we ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz şahyrlaryň we kyssaçylaryň tolgundyryjy setirleriniň, bagşy-sazandalaryň ajaýyp mukamlarynyň, suratkeşleriň işleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny nygtady. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi ösdürmäge we baýlaşdyrmaga ägirt uly serişdeleri goýberýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, hödürlenen resminamany makullady hem-de “Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.
Wise-premýer ähli dokmaçylaryň, şol sanda pudagyň aýdym-saz we tans döredijilik toparynyň adyndan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu resminamanyň dokma toplumynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, geljekde has-da belent sepgitlere ýetmäge uly itergi berjekdigini aýtdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hem öz gezeginde sungat, döredijilik işgärlerine mundan beýläk-de ylham joşgunyny we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Häkim Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat bilen çykyş edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, günbatar sebitiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berildi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy —–sürüm we tekizleýiş işleriniň barşy hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Soňra sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek we bu meselelerden gelip çykýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işleri, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda ýene sanlyja günden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem möhüm wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtady.
Şoňa görä-de, geljek 30 ýyla niýetlenen bu maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini hemmetaraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://tdh.gov.tm/tk/post/30181/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-26