close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
05.02.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we HHR-iň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Si Szinpin XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz bildirilen myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň Hytaýyň täze ýylynyň ilkinji günlerinde geçýändigine örän şatdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine gelip görmäge çakylygy üçin HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, bu gezekki saparyň hem-de şu günki geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmak bilen, ynanyşmak, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmeginde möhüm goşant bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Olimpiýa oýunlary örän wajyp halkara sport çäresidir. Pekiniň taryhda ilkinji gezek hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen şäheri bolandygyny bellemek gerek.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasyna bu ýaryşlary geçirmekde, hytaýly türgenlere bolsa sport äleminde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Başlyk Si Szinpin strategik döwletara gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlary nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardyklaryny tassykladylar.

Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň halklaryň abadançylygynyň bähbidine ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi we yzygiderli dowam edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň söwda boýunça iri hyzmatdaşlarynyň biridir.

Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar.

XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine esaslanýan uzak möhletleýin netijeli gatnaşyklaryň anyk mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu taslama sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr.

Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçilikleriniň heniz doly açylmandygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-e ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň hünärmenleriniň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhanalaryň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirjekdiklerine ynam bildirdi.

Dördünji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde, tebigy gazyň nyrh meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçiriji boýunça geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamaga gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýär.

Türkmenistan we Hytaý baý gadymy taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan ýurtlardyr. Iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär.

Ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ugurlaryndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyny we täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Şunuň bilen birlikde, sport ulgamynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Hytaýly türgenleriň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy şunuň aýdyň mysalydyr. Şu gezekki gyşky Olimpiada hem iki ýurduň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňat mümkinçilikdir.

Häzirki ýagdaýy nazara alanyňda, saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän teklipleri aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Hytaý tarapynyň Türkmenistana koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýda öndürilen waksinanyň 5 million sanysyny ugratmak baradaky çözgüdi dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky nyşany boldy.

Ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklary BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa iki ýurda dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege goldaw bermäge mümkinçilik berýär. Iki döwletiň we halklaryň bähbidine kybap gelýän, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar Ýewraziýa yklymynda hem-de tutuş dünýäde oňyn hereketleriň ösdürilmegine ýardam edýär.

Gysgaça aýdylanda, türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika, tehnologiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklere eýedir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan gepleşikleriň ahyrynda taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpine türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşandy hem-de oňa goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazjakdygyna ynam bildirip, HHR-iň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berk binýadyna esaslanýan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa gatnaşyjylar milli Liderimiziň HHR bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem saparyň dowamynda hytaýly kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigini, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn bähbitlere bolşy ýaly, sebitde we dünýäde abadançylygyň baş maksatlaryna kybap gelýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz HHR bilen BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň şanly waka — XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralan çärelere gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Sport diplomatiýasy, bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýän möhüm ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi, ägirt uly ynsanperwer, dörediji we parahatçylyk söýüji ähmiýeti bolan Olimpiýa hereketine hemmetaraplaýyn goldaw bermek mähriban Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şu gün XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga Hytaýa gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlary üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyndan resmi günortanlyk nahar berildi. Günortanlyk naharynyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir gezek mübärekläp, hemmelere gyşky Olimpiadanyň açylyşy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol adamzadyň möhüm gymmatlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän Olimpiýa hereketiniň ähmiýetini nygtady.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden döwlet Baştutanymyz Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagat uçuşdan soň döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Hytaýa sapardan gaýdyp gelenlerinden soňra, 3 günlük hökmany karantinde bolarlar.

https://tdh.gov.tm/tk/post/30151/turkmenistanyn-prezidenti-hytay-halk-respublikasynyn-baslygy-bilen-dususyk-gecirdi