Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga üýtgewsiz ygrarly döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasyna öwrülen wakalara beslendi.
24-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine gönükdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ýollarynyň ýagdaýyny, täzeleriniň gurluşygyny, häkimlikleriň garamagyna berlen ýörite tehnikalaryň ulanylyşynyň netijeliligini seljermegi dowam etmegi hem-de ýol-gurluşyk işlerini çaltlandyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.
Milli Liderimiz sammitdäki çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlyga eýe bolan döwründen bäri Hytaýyň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolandygyny, onuň ilkinjileriň hatarynda sebitiň döwletleriniň paýtagtlarynda öz diplomatik wekilhanalaryny açandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu gün biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge netijeli täsir edýändigini aýtdy. Ählumumy gün tertibiniň düýpli soraglaryna garaýyşlarymyzyň ýakyndygy ýa-da gabat gelmegi bu hyzmatdaşlygyň esasynda durýar. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk ugrunda çykyş edýärler, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamagy hem-de işlerine goşulmazlygy talap edip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda göreşýärler, dünýä bileleşiginiň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň ýaýradylmagyna, täze howplara, şol sanda kiber we biohowplara garşy netijeli göreşmek boýunça görýän çärelerini goldaýarlar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ony «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrýarys diýdi hem-de Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bu filosofiýany halkara durmuşyna netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaş we pikirdeş hasap edýändigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Şeýle hem özara bähbitleriň bolmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlenendir. Ol häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli örän uly giňişligi birleşdirip, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmäge, köp sanly ýaşaýyş-durmuş soraglaryny çözmäge hem-de halklaryň durmuşynyň hilinidir hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmegiň häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişmek hem-de ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmek teklip edildi.
HHR-iň Başlygy häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini belläp, energetika ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki käbir ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň ilerledilýändigini nygtady. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary oňyn netijeleri berýär.
Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysadyýet we ýangyç-energetika toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberleri, ýangyç-energetika toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we bu pudakda özgertmeleri geçirmek barada habar berildi.
Täze ýataklary gözlemek we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklarynyň nebitgaz toplumyny maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetlidigini belläp, bu babatda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdesini bermek hakynda Kararlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şol gün geçiren iş maslahatynda bank toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna garaldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur çäreler göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz maliýe-ykdysadyýet toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň karz-pul syýasatynyň, maliýe serişdeleriniň dolandyrylmagynyň kämilleşdirilmeginiň hem-de ykdysadyýetimize gönükdirilen karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin kiçi we orta kärhanalaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmegi dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň Ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bank ulgamynda kabul edilen döwlet maksatnamalary boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik edilmegine we bu işleriň utgaşdyrylmagyna ünsi çekdi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynda ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň hilini we gerimini giňeltmek göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, ýokary depginler bilen ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belläp, býujetiň girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.
27-nji ýanwarda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni dabaraly bellenip geçildi. Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglaryny hem-de harby derejeleri gowşurmak dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň Diýarymyzda asudalygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy.
27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.
Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda şu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Biziň ýurdumyz şu duşuşyga düýplülik we anyklyk nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň doly gerimli görnüşini döretmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýar.
Biz öz halklarymyzyň düýpli gymmatlyklaryna we medeni ösüş ýakynlygyna daýanýarys. Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri bar. Bu serişdeler dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň ösýän, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir, emma, şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmak, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek hem örän wajypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny hem-de «Merkezi Aziýa — Hindistan» parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjynyň goldanylýandygyny aýdyp, hyzmatdaşlygyň şeýle köpugurly görnüşiniň döwletara syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm şert bolup biljekdigini nygtady.
Türkmenistan öz tagallalaryny şu maksada ýetmäge gönükdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn belledi. Başlangyç bilen çykyş edip, has takygy, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny hödürläp, biziň ýurdumyz ählumumy syýasy giňişlikde jogapkärçilikli we sagdyn güýçleriň ählisiniň birleşmegine umyt edýär. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletleri we Hindistan tarapyndan biziň garaýşymyzyň goldaw tapjakdygyna berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmak baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigini, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigini, şol ulgamyň bolsa biziň döwletlerimize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde goşulyşmagynyň kepili boljakdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, baý tebigy serişdelerine eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr. Hususan-da, ýurdumyz häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar.
Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli Bilelikdäki iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmek baradaky teklibi beýan etdi. Ýokanç kesellere garşy göreşmek şol assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolup biler.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ýakynlaşmak we özara düşünişmek mümkinçiligi hökmünde garalýandygyny nygtap, şu ýubileý ýylynda ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramagy teklip etdi.
27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu maksatnamany taýýarlamagyň barşy barada döwlet Baştutanymyza 28-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” ykdysadyýet syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň barşy, bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek, ylmyň dürli ulgamlary üçin ýaş alymlary taýýarlamak, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümleri üçin brend nyşanlaryny işläp taýýarlamak, 2022-nji ýylda pudaklaýyn sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek, içeri işler edaralarynyň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak boýunça alyp barýan işleri Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy. Bu resminamalara türkmen tarapyndan oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde halkara we sebitara ähmiýetli wajyp taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem şu ýylda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ulag ýollarynyň, suw, gaz we elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler.
Döwlet Baştutanymyza Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gulluklarda, wagonlary kabul etmek we ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy, “Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary barada hasabat berildi.
Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi hem-de bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy. Bereket demir ýol menziliniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhletlerde taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çäk taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýyny netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy munuň nobatdaky beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol ulaglary düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine we pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna we işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek hakynda” Kararlara gol çekdi. Bäsleşik 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny, Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyny, şeýle hem awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklady.
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.
Milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr göllerinde alabaýyň şekiliniň beýan edilmegi ýaly meseleler foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.
29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy, hususan-da, ýurdumyz tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny girizmek boýunça öňe sürlen teklipler babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna we käbir beýleki meselelere hem garaldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada hemmetaraplaýyn habar berdi. Milli Liderimiziň tagallalary bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň gatnaşygynyň durnukly ulgamynyň kemala getirilmegi dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetimiz yzygiderli pugtalandyrylýar, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini dikeltmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
https://tdh.gov.tm/tk/post/30099/dunyade-parahatcylygyn-we-durnukly-osusin-bahbidine