Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlaryň, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýrugyň kabul edilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Diýarymyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmäge, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu resminamalardan gelip çykýan birnäçe wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde, şol sanda obasenagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Ýokarda agzalan Kararlaryň durmuşa geçirilmegi babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şol Kararlara laýyklykda, gowaçanyň, ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hususan-da, Ahal welaýatynda şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 362,61 müň gektar, şol sanda gowaça ekmek üçin 135 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 280 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. 195 müň gektar ýerde bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär.
Ýeralma ösdürip ýetişdirmäge 13,1 müň gektar, gök ekinler üçin 9,38 müň gektar, bakja ekinleri üçin 3,32 müň gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 2,51 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,6 müň gektar ýer bölünip berildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan häzirki işleriň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlarynyň çäklerinde amala aşyrylýan gowaçanyň hem-de beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk görlüşi, ilatyň ýokumly önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Şu ýyl welaýatda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň umumy meýdany 71,43 müň gektara deňdir. Şonuň 10 müň gektary gowaça ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. 50 müň gektarda güýzlük bugdaýa ideg edilýär.
Şeýle hem şu ýyl 3 müň gektarda gant şugundyry, 2,9 müň gektarda ýeralma, 4 müň 60 gektarda gök ekinler, 2620 gektarda bakja ekinleri, 50 gektarda kösükli däneli ekinler hem-de künji, 200 gektarda bolsa mekgejöwen hem-de bir ýyllyk ekinler ekiler.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilmegi, gowaçanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülmegi bilen birlikde, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işleriň depgini barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň güýzünde welaýatda 145 müň gektar ýere ekilen bugdaýdan bol hasyl almak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 324 müň 20 gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýeriň 140 müň gektaryna gowaça ekiler.
Şaly ösdürip ýetişdirmäge 8,1 müň gektar, ýeralma üçin 8,8 müň gektar, gök ekinleri ekmek üçin 7 müň 405 gektar, bakja ekinleri üçin 3 müň 745 gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 8,27 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,7 müň gektar ýer bölünip berildi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şu günler oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda welaýat boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hususan-da, welaýat boýunça 130 müň gektar ýere gowaça ekiler. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.
Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda ak ekinlere, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, ekerançylyk ýerleriniň, degişli tehnikalaryň we gurallaryň ýazky gowaça ekişine taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.
Iş maslahatynyň barşynda häkim şu ýyl welaýat boýunça 366 müň 670 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şol sanda welaýat boýunça 165 müň gektar ýere gowaça ekiler. Mundan başga-da, 14,9 müň gektara gant şugundyry, 12,9 müň gektara ýeralma, 8605 gektara gök ekin, 4,315 müň gektara bakja ekinleri, 2350 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 1500 gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.
Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary şu günler bugdaý ekilen 170 müň gektar ýerde ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýazlyk hem-de güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilmeli meýdanlary hem-de öndürilmeli önümleriň möçberleri baradaky hasabatlar diňlenildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi bu oba hojalyk ekinlerini sebitiň 28 müň 310 gektarynda ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekiljek umumy meýdanlarynyň 9 müň 630 gektara barabar boljakdygyny habar berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi şu ýylyň ekiş möwsüminde sebitde ýokarda agzalan oba hojalyk ekinleriniň 28 müň 220 gektar ýerde ekiljekdigi barada hasabat berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi hasabat berip, sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ekmäge 11 müň 670 gektaryň bölünip berlendigini aýtdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi 2022-nji ýylda sebit boýunça 28 müň 170 gektar ýerde bu oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini ekmäge hem-de olardan ýokary hasyl almaga gönükdirilip geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri gowaça ekilmeli meýdanlaryň hem-de pagta öndürmegiň möçberleri, şeýle hem gowaça meýdanlary üçin goýberiljek mineral dökünleriň möçberleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi 135 müň gektar ýerde gowaça ekmegiň meýilleşdirilip, şonça meýdandan 280 müň tonna hasyl almagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Şunda ekinleri iýmitlendirmek üçin degişli dökünleri ulanmak göz öňünde tutulýar.
Balkan welaýatynyň häkimi 10 müň gektar ýerde gowaçanyň ekişini geçirip, ondan 10 müň tonna “ak altyn” almagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin mineral dökünleriň zerur möçberleri ulanylar.
Daşoguz welaýatynyň häkimi gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýeriň bölünip berilýändigini, ondan 275 müň tonna pagta taýýarlamagyň maksat edinilýändigini hasabatynda belledi. Şunda mineral dökünler zerur möçberlerde peýdalanylar.
Öz nobatynda, Lebap welaýatynyň häkimi şu ýyl pagta ösdürip ýetişdirmek üçin 130 müň gektar ýeriň taýýarlanylandygy barada aýdyp, şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almagyň pagtaçy kärendeçileriň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridigi barada hasabat berdi. Ekinleri iýmitlendirmekde mineral dökünleriň zerur möçberi ulanylar.
Mary welaýatynyň häkimi sanly ulgam arkaly çykyş edip, şu ýyl ýazky ekiş möwsüminde gowaçanyň 165 müň gektarda ekiljekdigini hasabatynda habar berdi. Şonça meýdandan gymmatly çig mal bolan pagtanyň 365 müň tonnasyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ekinleri iýmitlendirmek üçin degişli dökünler berler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda möwsümleýin çäreleriň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän maksada gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, sebitlerde oba hojalyk ekinlerini olary görnüşleri boýunça ýerleşdirmek hem-de ekmek üçin bölünip berlen umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektardan ybarat bolan meýdanda geçiriljek ekişe taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, bu resminama laýyklykda, 106 müň gektar ýere ýeralma we gök-bakja ekinlerini, şol sanda 65 müň gektara bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektara güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu maksatlar üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär. Häzirki wagtda ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» kabul edilen Kararyna laýyklykda, 580 müň gektarda bu gymmatly tehniki ekini ekmek hem-de “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda welaýatlarda ýerleri sürmek we ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmek işleri geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gallaçy daýhanlary howa şertlerini göz öňünde tutup, bugdaýa ösüş suwuny tutýarlar hem-de bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriň 690 müň gektaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini amala aşyrýarlar.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek maksadynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň uly mümkinçilige eýedigini, onda işleriň amala aşyrylmagynyň bu ulgamda baý milli tejribe bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly ugurdaş ylymlaryň öňdebaryjy gazananlaryna hem-de döwrebap tehnologiýalara daýanmalydygyny nygtady.
Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň artdyrylmagy, ugurdaş düzümleriň, şol sanda gaýtadan işleýän ulgamyň kämilleşdirilmegi, pudagyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylmagy bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň wajyp wezipeleri bolup durýar.
Şunda ýerden oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu babatda ekin dolanyşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara alyp, seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bularyň ählisi ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipelerini üstünlikli çözmäge hem-de ilatyň dürli, ýokary hilli önümlere, şol sanda ýeralma, gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şu maksatlar bilen, güýzlük bugdaýa degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek, ýazky gowaça ekişi möwsümine düýpli taýýarlanmak hem-de ony has amatly möhletde geçirmek, bugdaýyň, “ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin bar bolan hemme mümkinçilikleri ulanmak zerur diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyza amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, suwarymly ekerançylykda ägirt uly tejribe toplan pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini dikeltmek boýunça işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz munuň gektardan alynýan hasylyň has-da ýokarlanmagyna, obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://tdh.gov.tm/tk/post/29969/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-23