close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna seljerme berilýär, olar döwrüň talabyna görä hem-de milli we halkara tejribe göz öňünde tutulyp, degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, şu aýyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri dürli derejedäki halkara duşuşyklara we iş maslahatlaryna gatnaşdylar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar, ýörite gepleşikler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de başlangyçlarymyzy ilerletmek boýunça Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli aragatnaşygy saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz halkyň saýlan wekillerine jemgyýetçilik aňyýetini kemala getirmekde, ýokary ruhy hem-de ahlak ýörelgelerini, şol sanda milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, ösüp gelýän ýaş nesli mynasyp şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek ýörelgelerini ösdürmekde aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet maksatnamalaryna goldaw bermek, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukugyň möhüm ýörelgeleriniň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Kabul edilýän kanunçylyk namalaryny wagyz etmek, olaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde Halk Maslahatynyň işiniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş düzümler, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmelidir. Çünki kabul edilýän kanunlar ilkinji nobatda adamlaryň abadançylygyny, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, parahatçylykly we döredijilikli zähmetini üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmegini öz içine almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny terbiýelemek, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdysadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen “Netijeleri bermek barada Ylalaşygy” baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de “COVID-19-a” garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Soňky ýyllarda Halkara Pul gaznasy, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen özara gatnaşyklaryň çäkleri ep-esli giňeldildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä ösüş bankynyň toparynyň türkmen döwletiniň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde saglygy goraýyş, statistika, ulag ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi.

Milli Liderimiz Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk hem COVID-19-a garşy durmak, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak maksady bilen ähli çäreleri görjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şu resminamanyň takyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak barada şertnamany baglaşmak boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasiýa esasynda onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, iri nebitgaz taslamalaryna, şol sanda täze nebitgaz känlerini özleşdirmek hem-de uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çig nebiti ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň geriminiň giňeldilmegine, sebitiň örän iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmeginiň üpjün edilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu desga bina edilende, ähli ekologik talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşylar. Şertnama boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen, öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigini hem-de beýleki döwletler hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly hem-de oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ulgamlarda kuwwatly mümkinçiliklere eýedir, olaryň amala aşyrylmagy diňe bir iki tarapyň syýasy we ykdysady bähbitlerine däl-de, tutuş sebitiň abadançylygynyň hem-de ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen, HHR-e energetika ulgamynda hem özüniň strategik hyzmatdaşy hökmünde garaýar, bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplanyldy.

Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki örän iri “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy ahyrky anyk netijä ýetilmegine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň alamaty bolup durýar. Häzirki wagtda ýokarda agzalan gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda Hytaýa iberilmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň, şeýle hem ýakynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda geljek ýylyň hasyly üçin zerur ýerleri we tohumlary taýýarlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürümli ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň girewidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk, bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine möhüm üns berilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz oba hojalygyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň gözbaşy bolan ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn ösüşler gazanyldy. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda oba zähmetkeşleri galla taýýarlamak boýunça döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýokary netijeleri gazandylar.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamagyň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.

Wise-premýer häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-siniň oturdylandygyny, kömekçi binalaryň ulanyşa taýýar edilendigini habar berdi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmeginiň ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer nobatdaky kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, onuň daşary bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze döwrebap energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilýän maksadalaýyk işler elektrik energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, dünýäniň energiýa ulgamyna goşulmaga we ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmegine kuwwatly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň bellenen meýilnamalaryň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönüden-göni täsir edýändigini belläp, desgada alnyp barylýan işleriň barşyna, onuň bellenen möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatyndan ugur alyp, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini, hilini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menzili açyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda ugurdaş düzümler bilen bilelikde taýýarlanylan ýerli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin nyrhlary kesgitlemek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň, onuň düzümlerini, şol sanda raýat awiasiýasyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Häzir ýurdumyz sebit we yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag hem-de logistika merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Muňa Diýarymyzyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygynda ýerleşmegi we bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri ýardam edýär.

Şol bir wagtyň özünde awiahyzmatlary kämilleşdirmek, içerki uçuşlar boýunça ýolagçy gatnatmagy işjeňleşdirmek we onuň ugruny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Kerkiniň täze Halkara howa menzili bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda oňa anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhananyň bardygyny, olaryň 16-synyň paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýändigini habar berdi. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, döwlet kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüş gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu toplumlaýyn çäreler bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyny we desgalaryň hususylaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ykdysadyýetimiziň düzümlerinde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şanly senelerimiz mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çärelerini, onlaýn maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde medeniýetiň ähmiýetini belläp, bu ulgamyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler barada durup geçip, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Taryhy senä — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň her birinde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň, agzybirliginiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.

“Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň işi kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde öň hereket edýän fakultetleri we kafedralary döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini döretmek maksada laýyk hasaplanylýar.

Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar.

Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetlerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin, häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde giňden ulanylýar.

Beýan edilenler bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralary, fakultetleri, hünärleri açmak üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary bilimli, giň gözýetimli hem-de başarnykly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň doly derejeli bilim almagy, döredijilik hem-de ylmy kuwwatdan netijeli peýdalanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi hem-de ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriniň ýagdaýy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik, usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ähli derejelerini döwrebap elektron-maglumat binýady bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, bilimiň ähli ugurlaryny baýlaşdyrmak we dünýä derejesine çykarmak üçin okatmagyň sanly bilim ulgamy ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil usullaryny ulanmak arkaly bilimiň usulyýeti kämilleşdirilýär, her bir harby talybyň ylma, bilime höwesi artdyrylýar. Geljekki serkerdeleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby düzümleriň ýokary derejeli işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak meseleleriniň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň üçin ýaş harby gullukçylar öz ykbalyny Watan goragy bilen baglanyşdyrmalydyr. Harby bilimiň başlangyç, orta we ýokary derejeleri geçilmelidir. Bu gün harby mekdeplerden, harby düzümleriň ýokary okuw mekdeplerinden, Harby akademiýadan ybarat bolan döwrebap bilim ulgamy döredildi we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Häzirki döwürde innowasiýa, ylym we tehnologiýa, şol sanda harby-tehniki ulgam okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, usulyýet ulgamyna täze tejribeleri ornaşdyrmagy, Interneti we elektron kitaphanany ulanmagy has-da giňeltmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz harby talyplary we ýaş serkerdeleri harby-watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň wajypdygy barada aýdyp, olaryň Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etmelidiklerini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji iýulyndan mukaddes Gurban baýramynyň başlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu mukaddes baýram üç günläp, ýagny 20 — 22-nji iýulda bellenilip geçiler.

Milli Liderimiz bu mübärek baýramy ýokary derejede bellemek üçin ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hemme gulluklarda goşmaça nobatçylygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ençeme meselelere garalandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.