close-icon
Habarlar
photo
Milli Liderimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
01.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi.

Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.

2015-nji ýylda işe girizilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze, döwrebap toplumy iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş edarasydyr. Munuň özi çagalara we olaryň enelerine ýokary derejede lukmançylyk kömegini bermäge, perinatologiýa, reproduktologiýa, pediatriýa we çagalar hirurgiýasy ýaly ugurlar boýunça ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň düzüminde bölümleriň 30-a golaýy, şol sanda bejeriş-anyklaýyş, täze doglan çagalaryň fiziologiýasy we patologiýasy, anesteziologiýa we reanimasiýa, allergologiýa we pulmonologiýa, bir ýaşyna çenli çagalaryň patologiýasy we hirurgiýasy, çagalar urologiýasy hem-de ginekologiýa, umumy hirurgiýa, trawmatologiýa we ortapediýa ýaly bölümler bar.

Merkeziň hünärmenleri Ýewropanyň belli klinikalarynda tejribe geçdiler. Olar şol ýerde bejerişiň döwrebap usullaryny özleşdirdiler hem-de olary öz işinde netijeli ulanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine bardy.

Bölümiň hünärmeniniň gürrüň berşi ýaly, çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň wezipesi çaganyň ösüşindäki näsazlyklary, mümkin boldugyça, irki döwürde ýüze çykarmakdan we bejermekden, usulyýet kömegini bermekden hem-de ösüşinde kemislik bolan maşgala goldaw bermekden, dikeldiş mahalynda çagalaryň dürli oýunlara çekilmegine gözegçiligi ýola goýmak boýunça şahsy maksatnamany işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Bölümde bar bolan oýnawaçlar haýsydyr bir wezipäni ýerine ýetirýärler. Käbir oýnawaçlar çagalaryň dabanyndaky nerwleri oýarmak we şeýlelikde, ýasydaban keseliniň öňüni almak, daýanç, hereket agzalaryny berkitmek üçin niýetlenendir. Beýleki bir oýnawaçlar bolsa çagada ownuk hereketleriň işjeňligini artdyrýar, olarda reňkleri saýgarmak we pikirleniş ukyplaryny ösdürýär. Ýene-de birnäçe oýnawaçlaryň kömegi arkaly çagalaryň eşidiş mümkinçilikleri kesgitlenýär. Şeýle hem beden agzalarynyň tutuş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen oýnawaçlar bar.

Milli Liderimiz çagalar, olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolup, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri barada gyzyklandy.

Bu ýöriteleşdirilen bölümde dürli oýunlar arkaly çaganyň irki ösüşi boýunça lukmançylyk kömegi berilýär. Bu ýerde bejergi alýan çagalaryň biriniň ejesi körpejesiniň Arkadag Prezidentimizi görüp, özüniň ilkinji sözüni aýdandygyny uly begenç bilen nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çaganyň ilkinji sözüniň “baba” bolandygyny eşidip, çagajygyň bu sözi gaýtalamagyna berekellasyny aýtdy.

Milli Liderimiz dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen oýun otaglarynyň ikisinde döredilen şertler, çagalaryň höwes bildirýän ugurlary bilen gyzyklandy, olaryň çekýän suratlaryny synlap, bejerişiň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Bu otaglar çagalaryň ukyplaryny, bilesigelijiligini artdyrmak nukdaýnazaryndan bezelipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz logoped lukmanyň iş otagyna bardy. Bu ýerde gürleýşinde kynçylyk çekýän çagalara kömek berilýär. Bu ugurda her çaga bilen aýratynlykda geçilmeli işleriň tapgyrlaýyn meýilnamasy taýýarlanypdyr. Mundan başga-da, logoped lukman tarapyndan ýörite okuw sapaklarynyň geçilýändigi barada aýdyldy. Şeýlelikde, körpeler çagalar bagyna we umumy bilim berýän mekdeplere taýýarlanylýar.

Bu ýerde işleýän lukman otagyň dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigi, bu ýerde bejergi işlerini netijeli alyp barmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi alýan çaganyň saglyk ýagdaýy, ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy. Hünärmen otagda alnyp barylýan bejergi işleriniň ene-atalar, maşgala lukmanlary bilen bilelikde ýerine ýetirilmeginiň netijeleri barada gürrüň berdi.

Çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we bar bolan keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlar dünýäde iň täze görnüşli barlag enjamlary hasaplanylýar. Ýörite okuwlary geçen lukmanlar bu enjamlaryň kömeginden netijeli peýdalanyp, bejerişiň kämil usullaryny işjeň ulanýarlar. Şu enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, ýokary derejeli bejergini alyp barmak üçin zerur şertler bar. Bu günki çärä gatnaşýan ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, şu otagda oturdylan enjam onuň dünýäde iň kämil görnüşi hasaplanylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bölümiň kardiohirurgiýa otagyna baryp gördi. Bu ýerde işleýän lukman çagalara kardiohirurgiýa bejergisini we operasiýalary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini, bejerginiň we operasiýanyň iň häzirki zaman usuly arkaly geçirilýändigini gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz bejergi alýan çagalar hem-de ene-atalar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň tiz sagalmaklaryny arzuw etdi. Körpeleriň biri bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz oňa oýnawaç sowgat berdi. Şeýle hem milli Liderimiz çaganyň saglyk ýagdaýy, bejerginiň netijeleri bilen gyzyklandy. Çaganyň ejesi bejergi işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bejergi alýan ýetginjek oglan bilen gürleşip, onuň saglyk ýagdaýy, zerur dermanlyk serişdeleriň üpjünçiligi hakynda gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz bejergi alýan oglanyň geljekki arzuwlary bilen gyzyklandy. Ol milli Liderimize alýan bejergisi we onuň netijeleri, şeýle hem geljekde höwes edýän hünäri barada gürrüň berdi. Ýetginjek oglanyň ejesi hem bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär hem-de bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny, onuň kömege mätäçlere goldaw bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri häzirki döwürde şeýle näsaglara zerur bolan we dünýäde iň netijeli hasaplanylýan dermanlyk serişdeleriň ýeterlik mukdarynyň bardygyny habar berdi we olaryň görnüşlerini milli Liderimize görkezdi.

Bu ýerde endokrin keseli güman edilen çagalar gözegçilikde saklanyp, keseli doly anyklamak üçin ýöriteleşdirilen barlaglar geçirilýär. Lukman ýokary derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şondan netijeli peýdalanyp, çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy. Onuň dowamynda dürli keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ÝUNISEF-niň biziň ýurdumyz bilen çagalaryň saglygyny goramak boýunça alyp barýan gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, bu ugurda daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini we şunda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hanym Kristina Weýgand bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň özara tejribe alyşmakda we ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň mejlisler zalyna bardy we şol ýerde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahaty geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň kalbynda eziz Watanymyza buýsanjy has-da artdyrýar.

Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy düzgünlerine eýerýändiginiň, ýaş nesil barada hemişe alada edýändiginiň aýdyň nyşany hökmünde giňden bellenilýär. Bu ajaýyp sene sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýar.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda mähriban çagalaryň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar, ajaýyp sahna oýunlary bilen çykyş etmegi, döredijilik we sport bäsleşikleri, çagalaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanmagy abadançylygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşanydyr.

Beýik zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýan, egsilmez şatlyk-joşgun paýlaýan wakalar eziz Watanymyzda gazanýan ajaýyp üstünliklerimiziň anyk beýanydyr.

Biz döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Çagalary goramagyň halkara gününi dürli çäreleri geçirip, giňden belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senäniň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, geçen ýylda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilendigini belledi. Geljekde köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen, bu ugurdan zerur kanunçylyk namasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Munuň özi berkarar ýurdumyzda amala aşyrýan işlerimiziň, belent tutumlarymyzyň buýsanjymyz bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine anyk şaýatlyk edýär.

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary edýäris, ýaşlary ösen, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek, olaryň yhlasly okamaklary, döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bu ugurda alyp barýan durmuş syýasatymyz, ykdysady we medeni özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, ýaş nesliň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, sport we döredijilik bilen meşgullanmagyna, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň jana şypaly künjekleri bolan Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Hazaryň merjen kenarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Bu çagalaryň döwrebap bilim almaklary, täze gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde saglyklaryny dikeltmekleri üçin hemişe ýardam bermek örän möhüm bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek nygtap, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi. Sanly ulgamy ulanmak arkaly, ony durmuşa geçirmek we oňa yzygiderli gözegçilik etmek örän möhüm wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda çaganyň saglygyny goraýyş ulgamyny hünärmenler, halkara talaplara laýyk gelýän zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Ýaşaýşyň ähli tapgyrlarynda çagalar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri, şertleri döretmek, şeýle hem halkara ölçeglere we talaplara, sanly, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynadyr tejribesine esaslanýan ýokary hilli, elýeter saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek hem öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri guruldy. Bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda keselleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak üçin ýörite anyklaýyş barlaglaryny geçirmegi ähli welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda ýola goýmak hem döwrüň talaby bolup durýar.

Biz geljekde çagalaryň arasynda öňüni alyş sanjymlaryny, şol sanda 9 ýaşly oglanlaryň we gyzlaryň arasynda adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlary geçirmegi dowam etmelidiris. Öňüni alyş sanjymlarynyň netijelerine baha bermek üçin, zerur bolan programma üpjünçiligi we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek wajypdyr. Şonuň ýaly-da, çagalara we bäbeklere ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleri halkara ölçeglere laýyklykda has-da kämilleşdirmek möhümdir.

Mundan başga-da, çagalaryň we ýetginjekleriň öz saglyk ýagdaýy babatda sowatlylygyny artdyrmak üçin halkara tejribelere esaslanyp, guramaçylyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Süýjüli diabet, dogabitdi kerrewlik, göz, agyz-burun-bokurdak, daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleriniň, gan ulgamynyň we bu keselleriň ýiti ýüze çykmagynyň hem-de çaga semizliginiň öňüni almak boýunça halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy klinikalary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň alym lukmanlary bilen bilelikde ylmy işleri ýerine ýetirmek saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda keselleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak we netijeli bejermek boýunça meýilnamalaýyn işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi ugrundaky işler hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş raýatlaryň saglygyny goramak, olara adamzadyň ahlak-demokratik kadalary esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr.

Biz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat-hukuk jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşulmagy hem Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda bilelikdäki okuw maslahatlary we duşuşyklary geçirilýär. Eziz Diýarymyzda duzy ýod, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmakda uly netijeler gazanyldy. Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geljekde hem Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat Gaznasy we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde, enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda maksatlaýyn işleri amala aşyrmak boýunça zerur işleri alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimiz saglygy goraýyş-durmuş hyzmatlary bilen hemmetaraplaýyn gurşalyp alynýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz, sözüň doly manysynda, bagtyýar çagalaryň ýurduna öwrüldi. Biz bu ynsanperwer ýörelgämizi hemişe dowam ederis. Bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi, talabalaýyk dynç almagy, dünýä ylmyna aralaşmagy we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde hemişe alada ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar merkezini gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini belläp, bu toplumda göz öňünde tutulan şertleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna, berkarar döwletimiziň belent ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary bilen bir hatarda, höwes edýän hünärleri boýunça endikleri ele almaklaryna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir.

Ýaş nesilleriň, şeýle hem ata-eneleriň howandarlygyndan galan hem-de akyl we beden taýdan ösüşinde kemi bolan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegi dowam etmek maksady bilen, bu çagalara niýetlenen haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Mümkinçilikleri çäkli we ýarawsyz çagalara haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yzygiderli ýardam bermek göz öňünde tutulýar.

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek biziň esasy maksadymyzdyr, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepilidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.

Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýganda söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmaga hem-de körpeler bilen bilelikde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bu baýramy bellemäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýada görkezilen möhüm hukuklaryň biri onuň saglyga bolan hukugydyr. Çaga saglygy we abadançylygy ÝUNISEF-niň Türkmenistanda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alyp barýan işiniň özeni bolup durýar.

Hanym Kristina Weýgand Türkmenistanda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň işini, şol sanda çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş ugry boýunça işini aýratyn belledi.

Bir söz bilen aýdanyňda, çaganyň irki ösüşi XXI asyryň möhüm meseleleriniň biridir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynda we Türkmenistanyň gatnaşýan 2030-njy ýylyň Gün tertibinde öz beýanyny tapdy. Bu Gün tertibi mümkinçilikleri çäkli çagalara ýardam bermäge gönükdirilendir. 2011-nji ýyldan bäri ÝUNISEF ýurtda irki goşulmagynyň täze ulgamyny döretmäge Türkmenistana goldaw berýär. 2015-nji ýylda bu merkeziň binýadynda ilkinji irki goşulma bölümi döredildi.

Türkmenistan bu ugurda düýpli işleri geçirmek babatda öňdäkileriň hatarynda durýar diýip, ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy nygtady.

Türkmenistan irki çagalyk ösüşinde yzygiderli hyzmat ulgamyny döretmegini dowam etdirýär hem-de çaganyň ösüşine gözegçiligi sanly ulgama geçirýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ähli edaralary neonatal barlag we eşidişinde kynçylyk çekýän ýaş çagalara goldaw bermek ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary edýärler diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy. Irki döwürde ösüşde yza galmalary ýüze çykarmaga hem-de öňüni alyş çärelerini dessin görmäge ýardam etmäge gönükdirilen bu maksatnama ileri tutulýan ugur bolar.

Bu möhüm iş, gürrüňsiz, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň” bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu strategiýany 2019-njy ýylyň ahyrynda tassyklady we ol saglygy goraýyş, iýmit, goramak we irki okuw ulgamlarynda esasy hyzmatlara deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öňdebaryjy halkara tejribäniň we standartlarynyň esasynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki işi hem şuňa gönükdirilendir. ÝUNISEF özüne çaga lukmanlaryny, fizioterapewtleri, logopedleri we psihologlary birleşdirýän milli hünärmenler toparynyň döredilmegini doly goldamaga taýýardyr diýip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili aýtdy.

Çagalaryň irki ösüşiniň milli strategiýasy dünýä inen pursadyndan çaganyň durmuşyna ene-atalaryň, terbiýeçileriň we maşgalanyň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtaýar, şeýle hem olary özleriniň çagalary barada alada etmäge höweslendirýär. Ene-atalary çagalary terbiýelemek baradaky iň täze bilimler bilen üpjün etmek üçin, ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Zenanlar birleşigi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Biz sanlylaşdyrmagyň işiň bu ulgamy üçin açýan mümkinçiliklerine goşmaça ene-atalara hem-de hossarlara peýdaly maglumatlary we serişdeleri çalt hem-de netijeli bermek üçin sanly goşundylar ýaly innowasion gurallary ornaşdyrmagyň hasabyna, bu goldawy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy.

Has giň nukdaýnazardan çaganyň saglygy ulgamy bilen bagly meselä ýüzlenip, häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan, reproduktiw saglygy, eneleriň we bäbekleriň saglygyny goramak baradaky täze strategiýanyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellemek gerek. Çünki ol 2030-njy ýyla çenli saglyk bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ugurdaş hünärmenleriň ählisiniň tagallalaryny birleşdirmekde Türkmenistan üçin ähmiýetli orun eýelär.

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine halkara standartlaryna we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak hem-de hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek, ähli derejelerde lukmanlaryň, şol sanda ýokary hünärli ugurdaş işgärleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardyr.

Biz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de çaga kesellerini toplumlaýyn dolandyrmaga çemeleşmeleriň gerimini giňeltmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmegi göz öňünde tutýarys. Galyberse-de, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda soňky 12 ýylyň dowamynda immunlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny bellemek isleýärin diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy.

Waksinalary satyn almak we Türkmenistanda ählumumy immunizasiýany amala aşyrmak çagalaryň saglygyna aýratyn üns berýän ýurduň Hökümetiniň hemişelik tagallalarynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi içki çeşmelerden doly maliýeleşdirilýär diýip, ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy nygtady.

Hanym Kristina Weýgand ÝUNISEF-niň çaga iýmiti ulgamynda 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistan tarapyndan “2020 — 2025-nji ýyllarda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça milli maksatnamanyň” kabul edilmegini doly goldandygyny belledi. Munuň özi çagalaryň kadaly ösmegi üçin örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisiniň Türkmenistan boýunça sebitde iň ýokary derejededigi nygtaldy.

ÝUNISEF Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde iýmitlenişi ösdürmek we hyzmatdaşlyk platformasy arkaly Merkezi Aziýanyň 8 ýurdunda we Kawkazda azyk ulgamynyň iýmit dolandyrylyşynyň ösüşini kepillendirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldaýar diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy.

Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy çagalaryň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny kadalaşdyrýan BMG-niň Konwensiýasynyň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, täze bäşýyllyk maksatnamanyň çäklerinde ÝUNISEF-niň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygynyň ep-esli giňeldilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu maksatnama bilimiň hili, sanly we aralykdan bilim ýaly işiň esasy ugurlarynyň ençemesini birleşdirer.

Ekologiýa bilimi boýunça ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikdäki işini aýratyn görkezmek isleýärin diýip, Kristina Weýgand aýtdy. Bu iş birnäçe ýyl mundan ozal başlandy. Biz howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we energetika boýunça okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny bilelikde işläp taýýarladyk, mugallymlara okatmagyň interaktiw usullaryny öwretdik. Munuň özi çagalara daşky gurşawy goramagyň möhümdigini düşündirmek babatda Türkmenistany öňdebaryjylaryň hatarynda goýdy.

Biz Hökümetiň daşky gurşawyň goralmagyny we durnukly geljegi üpjün etmek boýunça tagallalaryny goldamak üçin bu tejribäni ulanmak hem-de “ýaşyl mekdep” konsepsiýasyny bilelikde işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýip, ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

2018 — 2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň ähli milli hyzmatdaşlar, şeýle hem ÝUNISEF üçin esasy resminamalaryň biri bolmagynda galýandygy bellenildi.

Şu ýerde men “Bal süýji, baldan-da bala süýji” diýen türkmen nakylyny mysal getirmek isleýärin diýip, hanym Kristina Weýgand aýtdy. ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize bilelikdäki möhüm işi goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.

Hanym Kristina Weýgand çykyşyny tamamlap, hemmeleri ajaýyp baýram — Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady.

Milli Liderimiz çuň manyly çykyşy üçin hanym Kristina Weýganda minnetdarlyk bildirip, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berdi.

Geljegi nazarlaýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar.

Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberde düýpli maýa goýumlary goýuldy hem-de özleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman hassahanalar guruldy we ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk 670 orunlyk, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlarymyzdaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri bar. Bu ugurda işler üstünlikli dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Gökderede hem-de welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berlen çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýaş nesillerimiziň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek üçin ähli şertler döredildi.

Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat çagalar merkezini gurmak barada taryhy çözgüt kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Ilatyň saglygyny goramak ýurdumyzda möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biri bolup, eneleriň we çagalaryň saglygyna hem-de iýmitlenişine degişli meselelere möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, mekdep okuwçylarynyň arasynda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek we olaryň saglygyna yzygiderli gözegçilik etmek hem ýola goýuldy.

Ministriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň berk binýady döredildi.

Öz nobatynda, bilim ministri O.Gurbanow çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, bagtyýar nesillerimiziň beden we ruhy taýdan döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmegi, oňat dynç almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady.

Gysga taryhy döwürde dünýä ölçeglerine kybap gelýän häzirki zaman orta hem ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de bu işler maksatnamalaýyn dowam etdirilýär.

Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri hem-de öňdebaryjy bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar, okatmagyň we terbiýe bermegiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan nusgalyk işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini hem-de dünýäniň bilim giňişligine ynamly goşulýandygyny alamatlandyrýar diýip, ministr nygtady.

Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertler döredilýär. Kabul edilen kadalara laýyklykda, bu bilim edaralary iýmit, okuw enjamlary, esbaplar, serişdeler bilen üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim, terbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen gurşalyp alnan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek babatynda kesgitlän wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýäniň mazmunynyň häzirki zaman pedagogika ylmynda ýetilen sepgitleriň, öňdebaryjy iş tejribeleriniň esasynda yzygiderli baýlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz nesilleriň bilimi we saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmeginde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli ulanylmalydygyna, ýurdumyzda arassaçylyk, ekologiýa, sagdyn iýmitlenmek bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekdi.

Aýratyn-da, eneleriň saglygy, çaga terbiýesi, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işlerinde bilim ulgamynyň, Zenanlar guramasynyň wekilleriniň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar. Bu ugurda degişli wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi nesilleriň sagdyn bolmagynda, terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna we halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ösüp barýan ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydyr we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Ýaş nesliň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda alada döwlet syýasatynyň özeni bolup çykyş edýär.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynyň çäklerinde 2021 — 2025-nji ýyllary nazarlap, 12 sany ýyllyk iş meýilnamasy düzüldi. Olar degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Şu maksatlar bilen, BMG-niň gaznasyna uly möçberdäki pul serişdeleri geçirildi.

Hyzmatdaşlyk edilip gelinýän ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň abadan durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak ulgamy ägirt uly goldaw tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Ýaş nesliň saglygyny berkitmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, çagalar sagdyn iýmitler bilen üpjün edilýär. Döwrebap bilim alynmagy we durmuş taýdan goraglylygyň üpjün edilmegi üçin şertleri döretmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Bu işleriň ählisi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň çaga hukuklarynyň berjaý edilmegine ygrarlydygyny hem-de ösüşiň, bütin dünýäniň ýagty geljeginiň hatyrasyna ÝUNISEF bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegi berk maksat edinýändigini tassyklamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýokary işjeňligini bellemek bilen, hanym Kristina Weýgandyň üsti bilen ÝUNISEF-niň agzybir toparyna bilelikde edýän tagallalary we ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alyp barýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy, berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Goý, bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülküsi hemişe belentden ýaňlansyn!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.