close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
19.04.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň.

Şeýle ýakyn adamyň aradan çykmagy agyr, öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Siziň hasratyňyzy ýürekden paýlaşýaryn. Size, Siziň dogan-garyndaşlaryňyza we ýakynlaryňyza bu ýeňil bolmadyk pursatda güýç-kuwwat dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident!
Gadyrly doganym!

Kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Merhuma Allatagaladan rehmet, Siziň maşgala agzalaryňyza bolsa jan saglygyny we sabyr dileýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Men Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza, dostlukly türkmen halkyna çuňňur gynanç bildirýärin.

Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Bu hasraty Türkmenistanyň doganlyk we dostlukly halky bilen paýlaşyp, öz adymdan hem-de Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çuňňur gynanjymyzy beýan edýärin.

Beýik Biribardan merhum Mälikguly Berdimuhamedowyň jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin.

Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Meniň gadyrly dostum!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň tarpa-taýyn aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizi sarsdyrdy.

Mälikguly aga köp ýyllaryň dowamynda hukuk goraýjy edaralarda, bilim we oba hojalyk ulgamlarynda işläp, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurtda parahatçylygyň hem-de asudalygyň üpjün edilmegine uly goşant goşan döwlet we jemgyýetçilik işgäri hökmünde halkyň hakydasynda hemişelik galar.

Bu gaýgyly we agyr günlerde Siziň Alyhezretiňize, ähli maşgala agzalaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna çuňňur gynanjymy hem-de tüýs ýürekden duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, Beýik Allatagala ony öz dergähinde kabul etsin!

Beýik Biribardan Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-takat dileg edýärin.

Çuňňur gynanç bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan çuňňur hormatlanylýan Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Siziň kakaňyz baradaky hakyda onuň ýakynlarynyň hem-de ähli watandaşlarynyň kalplarynda ajaýyp adam, paýhasly halypa we öz ömrüni Watana birkemsiz hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde galar.

Öwezini dolup bolmajak ýitginiň hasratyny paýlaşmak bilen, Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza bu agyr günde güýç-kuwwat dileýärin.

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna çuňňur gynanjymy beýan edýärin we bu öwezini dolup bolmajak ýitginiň hasratyny siziň bilen paýlaşýaryn.

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Şu agyr ýitgi zerarly Siziň hasratyňyzy paýlaşýaryn hem-de Size we Siziň maşgala agzalaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Goý, Allatagala oňa rehmet etsin!

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!

Gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy zerarly Size we maşgalaňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Siziň gaýgy-hasratyňyzy paýlaşýaryn. Size, Siziň hossarlaryňyza we ýakynlaryňyza şu agyr pursatda mertlik hem-de durnuklylyk dileg edýärin.

Goý, ähli musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýynda bakyýete göç eýlän Siziň kakaňyzyň jaýy jennet bolsun!

Hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň Respublikamyzda Siziň kakaňyz, çuňňur hormatlanylýan Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky ajy habar çuňňur gynanç bilen kabul edildi.

Ene-atanyň aradan çykmagy örän agyr ýitgidir, emma olar biziň kalbymyzda we hakydamyzda parasatlylygyň hem-de hoşniýetliligiň şamçyragy hökmünde hemişelik galar, ene-atanyň çäksiz söýgüsi bizi hemişe goldaýar.

Mälikguly aganyň şöhratly durmuş we zähmet ýoly watançylyk hem-de Watana wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenilýän ýaş nesil üçin ajaýyp göreldedir. Mälikguly aga baradaky ýagty ýadygärlik hemişe biziň ýüreklerimizi ýagtylandyrar.

Siz we bütin türkmen halky bilen bilelikde gam çekýäris, Siziň ýerini dolup bolmajak bu agyr ýitgi üçin gynanjyňyzy paýlaşýarys. Şu agyr günlerde Size sabyr-takat dileýärin.

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Ýakyn we mähriban adamyňy ýitirmek öwezini dolup bolmajak hasratdyr. Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Özüniň manyly ömrüni Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyna bagyş eden Siziň kakaňyz baradaky ýagty ýatlamalaryň ony tanaýan adamlaryň kalplarynda hemişelik saklanjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, agyr pursatda bu hasraty paýlaşmak bilen, çuňňur gynanjymy beýan edýärin hem-de Size we Siziň maşgalaňyza güýç-kuwwat dileýärin.

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy.

* * *

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentlik işleri baradaky ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory I.Ý.Babuşkin, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi N.Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Natswlişwili, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonso, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Sapiýew, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Geworkýan, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Zeýnalow, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ahmad Tarik Nurzade, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Abdulla Al-Haşemi, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurrahman Al-Nasr, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Husseýn Gannam, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sorin Wasile Moldowan, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çul, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roseli Abdul, Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bet-Iden Kaýt, Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki hormatly konsuly M.Mirkin, “Çalik Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, “Polimeks Inşaat A.S.” türk firmasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Tabanja, “Nata Inşaat Turizm Tasimaçilik Ticaret ve Sanayi A.S.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Namyk Tanyk, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de türkmen diplomatlarynyň adyndan R.Meredow çuňňur gynanjyny beýan etdiler.

Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň wekilleri, zähmetkeşler toparlary hem-de ýurdumyzyň raýatlary döwlet Baştutanymyza çuňňur gynanjyny beýan etdiler.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ady biziň ýüreklerimizde hemişelik saklanar diýlip, gynanç hatlarynda bellenilýär.