close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ulgamlarydyr
31.03.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.

Türki dilli ýurtlar bilen netijeli özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu hoşniýetli däpler täze dowamata hem-de mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda hoşniýetli erk, egsilmez mümkinçilikler hem-de öňegidişlige we gülläp ösüşe gönükdirilen umumy maksatlar durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Türki geňeşiň ýokary derejede geçirilýän forumlaryna ençeme gezek gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu biziň ýurdumyzyň sebit hem-de halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek, türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän ägirt uly giňişliklerinde netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklar üçin bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek meselelerinde tutýan oňyn ornuny iş ýüzünde tassyklaýar.

Bu gezekki maslahata Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň meseleleri girizildi.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletara derejede, sebit hem-de halkara çäklerde netijeli özara gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Milli Liderimiz türki dilli ýurtlaryň Baştutanlaryna ýüzlenip, Türkmenistan bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary we halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyza berýän goldawy, şeýle hem Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri syýasata esaslanýan parahatçylykly daşary syýasat ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli berýän ýardamy üçin, olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu ýagdaý biziň milli häsiýetlerimize mahsus bolup, dost-doganlyk, özara goldaw we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, uly sarpa bilen bu halkara maslahata hormatly myhman hökmünde çagyrandygy üçin, Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy jenap Nursultan Nazarbaýewe aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem milli Liderimiz türki dilli döwletleriň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň we birek-birege amatly hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini maksat edinýän şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeli geçirilmegi babatda döredilen amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki ýokary derejeli duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has belent sepgitlere çykarylmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň gün tertibine türki dilli döwletleriň sazlaşykly hereketleriniň we toplumlaýyn işleriniň ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen iri mowzuklar girizildi. Hususan-da, maslahatyň dowamynda häzirki döwrüň we uzak möhletli geljegiň derwaýys soraglary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol bir wagtda, birnäçe möhüm guramaçylyk meselelerine hem seredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň netijesinde kabul ediljek çözgütleriň ähli taraplar üçin hem bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara syýasatyň gün tertibine girýän derwaýys meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar, hususan-da, ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly meseleleri we beýleki ugurlary öz içine alýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň döwletimiz dünýä derejesindäki bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga örän çynlakaý çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni halkara ähmiýetli käbir meselelere çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň döwrümiziň gaýragoýulmasyz işleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň dünýäniň energiýa serişdelerinden deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurdygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi. Bu ugurda işlenip düzülen degişli Kararnamalar Guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapdy. Türkmen tarapy ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu işe işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini, şol sebäpli ýurdumyzyň nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyny nygtap, munuň ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudagynyň häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, türki dilli ýurtlaryň bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de sebit we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirdi, şol çäreler halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan ozal Türkmenistanyň başlangyjy we şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek barada üç sany Kararnama kabul etdi. Asylly maksatlara gönükdirilen bu halkara resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ählumumy ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça örän köp işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz doganlyk türki dilli döwletleriň mundan beýläk-de halkara ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi maksat edinýän bilelikdäki hereketlere işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr. Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam etdirip, bu ekologik wehim Aralýaka sebitde we beýleki döwletlerde ýaşaýan halklaryň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär diýip belledi. Şu sebäpli hem, agzalan heläkçiligi we onuň oňaýsyz täsirlerini aradan aýyrmak gaýragoýulmasyz häsiýete eýedir.

Türkmenistan ekologiýanyň we daşky gurşawyň goralmagy babatdaky tagallalaryny ählumumy derejede işjeň görnüşde alyp barýar. Biziň ýurdumyz «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi, şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Milli Liderimiz bu zerur işleriň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigini aýdyp, ähli taraplary agzalan resminamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan üç ugur we halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň maksadynyň türki dilli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalarda öz beýanyny tapjakdygyna berk ynam bildirdi.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime uly ornuň degişlidigini nygtap, umumy medeni-ruhy mirasyň we gymmatlyklaryň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň giňeldilmeginiň maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýdyp, meşhur şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň, tanymal medeniýet we sungat işgärlerimiziň eserleriniň dünýä derejesinde tanyşdyrylmagy we ýaýradylmagy üçin degişli işleriň geçirilmegini teklip etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 2024-nji ýylda meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça taýýarlyk işlerine başlandy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki dilli ýurtlar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, özüniň daşary ýurtly kärdeşleriniň ünsüni ýene-de bir derwaýys meselä çekdi. Malim bolşy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýä örän çynlakaý synagy başdan geçirýär. Indi bir ýyldan gowrak wagt bäri täze görnüşli koronawirus pandemiýasy ähli ýurtlara uly howp bolup abanýar. Bu howply ýagdaýy ýeňip geçmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikde uly tagalla etmegi zerur bolup durýar. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda COVID-19 howpunyň öz çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirdi.

Şol bir wagtda, biziň ýurdumyz bu ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki we özara ylalaşykly çözgütleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Şeýle hem bu ugurda sebit derejesinde anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşde ähli ýurtlaryň jebisleşip, öz tagallalaryny we güýçlerini birleşdirmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletlerimiz bu ugurda bilelikde işlemek boýunça belli bir derejede tejribe topladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde egin-egne berip, dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde iş alyp barmaklarynyň örän dogry boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni jemlemek bilen, bu günki ýokary derejeli duşuşygyň we onuň dowamynda seredilen soraglaryň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy sammite gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma hem-de üns bilen diňlenildi.

Maslahata gatnaşýan döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy, hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglylykda, sammitiň ähmiýetini bellediler.

Sammite gatnaşyjylar türki dilli döwletleriň Merkezi Aziýada çäk taýdan amatly ýerleşen, özüni ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijesi hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine netijeli başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýä derejesindäki belent abraýynyň nyşanydyr.