close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi
28.03.2021

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny döwrebaplaşdyrmak işleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal başlandy. Hut şonda milli Liderimiz merkezi we ýerli wekilçilikli edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy baş wezipe hökmünde kesgitledi. Çünki bu düzümler ýurdumyzda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy hasaplanylýan halk tarapyndan kemala getirilýär.

2020-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanunçykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň teklibi esasynda Konstitusiýa laýyklykda, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun kabul edildi, şol resminamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy. Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Munuň özi berkarar döwletimizde parlamentarizmi we demokratik özgertmeleri ösdürmekde täze ädim boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwleti gurmagyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Şu gün geçirilen saýlawlaryň ozalky saýlawlardan düýpli tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.

Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu möhüm wakanyň dabarasyny artdyrdy. Saýlawlarda ses bermek Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda sagat 10-da başlandy.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bäsleşik esasynda geçirildi — ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler, munuň özi bir ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar. Olara birmeňzeş mümkinçilikler döredildi.

Saýlawlaryň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde syn etdiler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybarat boldy.

Halk Maslahatynyň agzalygyna watandaşlarymyzyň hormatyna we ynamyna eýe bolan, berkarar Watanymyzyň kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan mynasyp dalaşgärleri saýlamak üçin ähli şertler döredildi.

Kanunçykaryjy edaranyň Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan iki palataly düzüminiň döredilmegi dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna kybap gelýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji fewralynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda çykyş edip, ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilmegi döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm taryhy wakadyr hem-de biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň we onuň amala aşyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän yzygiderli döwlet syýasatymyzyň dabaralanmagydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň kanunçykaryjy häkimiýet edarasynyň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, sebitleriň bähbitlerine milli parlamentde has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge ýardam eder. Kanunlaryň taýýarlanyşyny we ulanylyşyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirer. Deputatlaryň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga şertleri döreder. Kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga gowy mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylan pursadyna çenli saýlawlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň 98,7 göterimi gatnaşdylar.

Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary ses berlen býulletenleri sanamagy tamamladylar.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, guramaçylykly geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda ähmiýetli ädime öwrüldi. Şol ýörelgeler milli Liderimiziň Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.