close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
27.10.2019

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman düýn ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Geljegi uly bolan bu sebitiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda çykyş edýär.

Soňky ýyllarda dürli derejelerdäki wekiliýetleriň yzygiderli saparlary iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kesgitleýän esasy ýagdaý bolup durýar.

1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen, ýurtlaryň ikisi hem halkara derejesindäki meselelerde birek-biregi goldaýar, netijeli gatnaşyklary diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, eýsem, köptaraplaýyn esasda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde işjeň ösdürýär. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki gepleşikleriň barşynda aýtdy.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana nobatdaky sapary deňhukukly özara bähbitli gatnaşyklara, taraplaryň erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek meýline esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolar.

...Irden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamady döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Bu ýerde Malaýziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň Baştutanlary hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler hem-de iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklaryna tagzym edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Premýer-ministrini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem Premýer-ministr Mahathir Mohamad ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Belent mertebeli myhman öz nobatynda milli Liderimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan köşkler toplumyna barýarlar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigini döwletara, hökümetara hem-de pudagara ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň uly toplumyny öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanýar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de nebitgaz ulgamynda ýurdumyzyň köpýyllyk işewür hyzmatdaşy bolup durýan «Petronas Charigali» kompaniýasynyň goşandyny belledi.

Malaýziýa Türkmenistany Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji gününden bäri goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de döwletleriň ikisiniň hem dürli halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine Premýer-ministr Mahathir Mohamadyň goşandyny belläp, belent mertebeli myhmana onuň jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Malaýziýanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň Aşgabatda soňky gezek bolandan bäri uly özgertmeler bolup geçipdir diýip, dostlukly döwletiň hökümet baştutany nygtady hem-de paýtagtymyzyň özgertmelerine we gözelligine haýran galandygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny häsiýetlendirip, şolaryň netijeliligini, şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Bu ulgamda ençeme ýyllaryň dowamynda «Petronas» kompaniýasy işleýär. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Mahathir Mohamad türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly döwletiň hökümet baştutany ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzap, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady. Premýer-ministr Mahathir Mohamadiň belleýşi ýaly, bu ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi iki ýurdy baglanyşdyrýan köpri bolmagyna gönükdirilendir.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşler özara düşünişmek we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwrüň anyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamady mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, döwletara hyzmatdaşlygynyň durnukly, özara bähbitli we uzakmöhletli häsiýete eýedigini, ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem daşary syýasat ulgamynda üstünlikli özara hyzmatdaşlyk edilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmekde köpýyllyk tejribesi we ajaýyp däpleri bar. Ynsanperwer ulgamda pugta gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin iki tarap hem köp işleri amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr bilen netijeli söhbetdeşligiň geçirilendigini belläp, onuň dowamynda bilelikdäki işiň ähli ugurlary boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga iki tarapyň taýýardygynyň tassyklanandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň ösüş depginini saklap galmagyň we ony barha ösdürmegiň, täze görnüşler hem-de ugurlar bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygy baradaky garaýşymyz biziň döwletlerimiziň uzakmöhletli strategik bähbitlerine kybap gelýär.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde goşant goşmak üçin şertler Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna we bar bolan halkara-hukuk kadalaryna laýyklykda döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurda iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda özara türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň sazlaşykly we netijeli usulynyň ýola goýlandygyny aýratyn belledi.

Biziň daşary syýasatymyza we başlangyçlarymyza Malaýziýanyň berýän goldawyna hem-de onuň Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça öňe süren taslamalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky kararnamalarynyň taslamalarynyň awtordaşy bolandygyna, Malaýziýanyň Türkmenistanyň öňe sürmegi boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamany hem goldandygyna ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna şeýle jogapkärli we netijeli garaýşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň geljek ýylyň dekabr aýynda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli birnäçe çäreleriň guraljakdygyny, şol sanda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamady bu foruma we beýleki baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň Birleşen Milletler Guramasynda netijeli teklipleriniň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Goşulyşmazlyk hereketi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge iki ýurduň taýýardygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Biziň ýurdumyz bu gatnaşyklara öz daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň strategik ugry hökmünde garaýar.

Hormatly Prezidentimiz Günorta — Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasynyň (ACEAN-yň) alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen ACEAN-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk mümkinçilikleriniň bardygyny, şunuň bilen baglylykda, has ysnyşykly we anyk ugurlarda özara gatnaşyk etmegiň dürli görnüşlerine seretmäge taýýardygyny nygtady.

Bu ugurda Malaýziýany öz esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplaýarys. Ýaňy-ýakynda Malaýziýada Türkmenistanyň ACEAN-yň ýanyndaky ilçisiniň ýerleşdirilmegi hem munuň aýdyň tassyklanmasy boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-malaýziýa gatnaşyklary baradaky meselä degip geçip, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryna, däp bolşy ýaly, aýratyn orun berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda Malaýziýanyň «Petronas Charigali» kompaniýasynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygymyz uzakmöhletli we özara bähbitli häsiýete eýedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagatyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitläp, bu ugurda pudagyň önümlerini Malaýziýanyň bazarynda ýerlemek mümkinçiligine garalýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynda çig maldan halkara ölçeglerine laýyk gelýän we uly islegden peýdalanýan ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň birnäçesi işleýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin goşmaça usullary işjeň ornaşdyrmaga hem mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewürler maslahatlaryny, sergileri, bilermenleriň duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmegiň şeýle mümkinçilikleriň biridigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda ikitaraplaýyn işewürler maslahatynyň geçirilendigini ýatladyp, oňa Malaýziýanyň onlarça kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny aýdyp, ikinji türkmen-malaýziýa işewürler maslahatyny 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Halkara ulag we logistika ulgamlary bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugry bolup biler diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu meselede Türkmenistan Malaýziýa möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan kenarýaka üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, öz söwda deňiz flotunyň işjeň üstüni ýetirýär we ony täzeleýär. Türkmenbaşy şäherinde port desgalary bilen bir hatarda, gämigurluşyk we gämiabatlaýyş zawody guruldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gämi gurluşygynda Malaýziýanyň tejribesini nazara alyp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigi barada pikirini aýtdy.

Sanly ykdysadyýet — ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň ýene-de biridir. Biz Malaýziýanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýandygyny bilýäris. Şoňa görä-de, bu ugurda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamy baradaky gürrüňe geçip, onuň türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Sebäbi ylym, medeniýet we sungat ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňini dowam edip, bilim we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda oňyn tejribäniň toplanandygyny aýratyn belledi. Dostlukly ýurda ýokary bilim almak üçin her ýyl ýurdumyzyň talyplary ugradylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem, iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz syýahatçylyk pudagyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň ýene-de biriniň hatarynda görkezip, Malaýziýada uly tejribe toplanandygyny aýdyp, şol tejribäni öwrenmäge we Türkmenistanda ulanmaga gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Iki döwletiň paýtagtlarynyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy syýahatçylary alyşmagyň ösmegine ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we malaýziýa halklary gadymy däplere we baý taryhy mirasa eýedir. Şolaryň alşylmagy medeni taýdan özara baýlaşmak ýaly asylly işe hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni alyşmagyň çäklerinde 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini aýdyp, döredijilik wekiliýetini geljek ýylda bu medeni çäräni geçirmek üçin Türkmenistana çagyrdy.

Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendigini nygtap, şu duşuşygyň türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny iki dostlukly halkyň we döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň täze derejesine çykarmak üçin bilelikde işlemäge iki ýurduň erk-islegini tassyklaýandygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Soňra çykyş eden Premýer-ministr Mahathir Mohamad döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Myhman Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Türkmenistanyň ykdysady nukdaýnazardan düýpli özgerip, iki dostlukly döwletiň ösüşinde birmeňzeşligiň bardygyny belledi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, Malaýziýanyň hem Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýandygyny, beýleki döwletleriň içerki syýasatyna goşulyşmazlyk strategiýasyna berk eýerip, terrorçylyga hem-de häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy çykyş edýändigini belledi.

Dostlukly döwletiň hökümet baştutany halkara durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, Malaýziýanyň özygtyýarly döwlet bolmak bilen, saýlap alan ýoluna eýerip, bütin dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Belent mertebeli myhman dünýäniň 193-ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýan öz ýurdunyň syýasatyny gysgaça häsiýetlendirmek bilen, dürli ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamadyň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda bilelikdäki işewür hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bar. «Petronas» kompaniýasy Türkmenistanda özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär. Belent mertebeli myhman tebigy gazy gaýtadan işlemek ulgamynda bar bolan uly mümkinçiliklere ünsi çekip, geljekde bu ulgamda täze iri taslamalaryň amala aşyryljakdygyna umyt bildirdi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad sanly ykdysadyýete geçmek baradaky gürrüňi gozgap, bu ugurda Malaýziýanyň hökümeti hem-de hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi.

Belent mertebeli myhman Malaýziýada geçiriljek türkmen önümleriniň sergisiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Awtomobil gurluşygy, uçar gurluşygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Şeýle hem bäş döwlet tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi netijeli türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad ynsanperweri ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzap, häzir Malaýziýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň sanyny artdyrmaga bolan taýýarlyk beýan edildi.

Dostlukly döwletiň hökümet baştutany şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine umyt bildirip, bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen netijeleri gepleşikler üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, özi üçin amatly wagtda Malaýziýa gelip görmäge çagyrdy.

Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalary: Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki beýannamany; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020 — 2021-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny kabul etmek dabarasy geçirildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Malaýziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemlerini beýan edip, Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamada Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem döwletara gatnaşyklary üçin mahsus bolan dostluk, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak iki tarapyň bähbitlerine hem laýyk gelýär. Uzak geljege niýetlenen hyzmatdaşlyk iki halkyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirilendir.

Şonuň bilen birlikde, türkmen-malaýziýa gatnaşyklary häzirki döwürde deňhukuklylygyň, özara hormat goýmagyň berk binýadynda ýola goýulýar diýip, hormatly Prezidentimiz taraplaryň Merkezi Aziýada hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegi, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýynyň ýola goýulmagy ugrunda özara çalyşýandyklarynyň tassyklanandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, biz halkara-hukuk kadalary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmäge, şeýle hem dawaly ýagdaýlara ýol bermezlige, döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň depginli ösmegi üçin berk syýasy hem-de hukuk şertlerini döretmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem biz Goşulyşmazlyk Hereketinde özara hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdüreris. Onuň maksatlary we ýörelgeleri häzirki döwürde dünýäniň sebitleriniň birnäçesinde meseleleriň ýüze çykýan şertlerinde aýratyn möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda hem özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine we howplaryna garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara söwdany giňeltmek, nebitgaz pudagynda bilelikdäki giň möçberli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere jikme-jik seretmek barada ylalaşylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynda «Petronas Сharigali» kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň baý tejribesiniň toplanandygyny belläp, senagat kooperasiýasynda, dokma pudagynda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň tejribesi we işläp taýýarlamalary esasynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek işinde, şähergurluşygy, bank işi babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugrudyr. Türkmenistan we Malaýziýa häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamlaryna eýe bolup, çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýär, bu bolsa özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Demirgazyk Ýewropadan Pars aýlagyna çenli çäkleri birleşdirýän «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça halkara multimodal ulag ulgamyny ulanmagyň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow malaýziýaly hyzmatdaşlarymyza ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkmenistanyň Hazar deňzindäki döwrebap ýagdaýa getirilen port üpjünçilik ulgamlaryny iki tarapyň hem bähbidine ulanmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Gämi gurluşyk babatda hem hyzmatdaşlyk etmegiň gowy mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, telekeçilik ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak barada hem ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi.

Taraplar gepleşikleriň dowamynda medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklara mundan beýläk-de ýardam bermek we bu gatnaşyklary höweslendirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Türkmenistan Malaýziýa bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Malaýziýany dostlukly döwlet hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge ägirt uly şahsy goşant goşandygyny aýratyn belläp, mümkinçilikden peýdalanyp, belent mertebeli myhmana munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň Premýer-ministrine hem-de hökümet wekiliýetiniň agzalaryna bilelikde netijeli işleriň geçirilendigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri, öz nobatynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeliligini nygtady. Şol gepleşiklerde iki ýurduň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy, birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän hyzmatdaşlyk etmegiň täze taslamalaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşlere beslenen özgertmeler ýoluny geçdi.

Iki ýurduň syýasaty meňzeşdir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin örän uly geljegi açýan gabat gelmeler bar diýip, Premýer-ministr Mahathir Mohamad sözüni dowam etdi hem-de nebitgaz ulgamyny, gaýtadan işleýän senagaty hem-de dokma senagatyny, gämi gurluşygyny, uçar gurluşygy, daşary söwda işleri, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzady.

Şu babatda belent mertebeli myhman bilelikdäki işewür maslahatlary, sergileri guramagyň wajypdygyny belläp, Malaýziýada geçiriljek türkmen kärhanalarynyň önümleriniň gözden geçirilişine uly gyzyklanma bilen garaşylýandygyny aýtdy.

Dostlukly döwletiň Hökümet Baştutany ynsanperwer ulgamda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny goldamak bilen, özara medeniýet günlerini guramak babatda pikirini aýtdy. Bu bolsa türkmen we malaýziýa halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlugy çuňlaşdyrmaga, ruhy taýdan ýakynlaşmaga tarap ýene-de bir ädim bolar.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde iş saparlaryny guramagyň wajypdygy nygtaldy.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad Türkmenistan bilen Malaýziýanyň daşary syýasat strategiýalarynyň hem kybap gelýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şunda abraýly düzümleriň, şol sanda goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Belent mertebeli myhman şeýle hem halkara gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça biziň ýurtlarymyzyň nukdaýnazarynyň birdigini belledi.

Maglumat alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen, iki ýurduň ykdysadyýeti üçin täze mümkinçilikler açylar diýip, Premýer-ministr Mahathir Mohamad aýtdy.

Dostlukly ýurduň hökümet Baştutany hormatly Prezidentimizi özi üçin amatly wagtda sapar bilen Malaýziýa gelmäge çagyryp, munuň ýokary derejedäki häzirki gepleşikleriň dowamyna öwrüljekdigini belledi.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda giň gerimli döwlet işlerinde milli Liderimize täze uly üstünlikleri, Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň tutuş halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.