close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamadyň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilelikdäki beýannamasy
27.10.2019

1.Onuň Alyhezreti hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad 2019-njy ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy.

2.Saparyň dowamynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamadyň hormatyna Aşgabatdaky Oguzhan Köşkler toplumynda resmi duşuşyk dabarasy geçirildi. Iki lider mähirli we ýürekdeş ýagdaýda netijeli hem-de çuň mazmunly gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriniň giň toparyny öz içine aldy. Iki lider ýokary derejedäki ysnyşykly gatnaşyklary goldamaga, ähli ugurlarda dostlukly alyşmalary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şol sanda türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny giňeltmäge we ösdürmäge umumy çalyşmagy tassykladylar.

3.Iki lider ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň, ähli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary, geňeşmeleri we ysnyşykly utgaşdyrmagy goldamagyň zerurdygyny ykrar etdiler. Şeýle hem liderler Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara duşuşyklarynda we maslahatlarynda we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň agzalary bolup durýan beýleki halkara guramalarynda özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça garaýyşlary hem-de pikirleri ýygy-ýygydan alyşmagyň möhümdigini bellediler.

4. Iki lider Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli adamlarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň esasy usuly bolup durýandygyny maglumat hökmünde kabul etdiler. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyry Malaýziýada, Putrajaýda, diplomatik ýollar boýunça kesgitlenjek özara kabul edilen senede geçiriler. Iki tarap ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy meseleleri çözmek üçin şu usulyň kömegi bilen geňeşmeleri we gepleşikleri işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.

5.Iki lider Söwda hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda 1994-nji ýylyň 30-njy maýynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde ýola goýlan ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar. Iki lider ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, söwdany we maýa goýumlary giňeltmäge hem-de iki
ýurtda telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmäge umumy gyzyklanmany bellediler. Iki hökümet harytlaryň we hyzmatlaryň akymyny ýeňilleşdirmekde ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederler.

6.Taraplar iki döwletiň hem ykdysady taýdan gülläp ösmegini çaltlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny ykrar edip, «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky köpýyllyk oňyn tejribesini bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

7.Malaýziýa Türkmenistanyň telekeçileriniň Malaýziýanyň strategik taýdan ýerleşişi bilen bagly maýa goýum mümkinçiliklerini hem-de amatly işewür şertlerini öwrenmegini höweslendirýär. Türkmenistanyň öwrenmegi üçin mümkin bolan ugurlar himiýa, azyk senagaty, maglumat tehnologiýalary, sebit kärhanalary we logistika pudagy bolup durýar.

8.Şeýle hem iki tarap dürli ugurlarda, şol sanda lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde, ulaglarda, himiýa senagatynda, kommunikasiýa, multimedia babatda, bank ulgamynda, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmakda we daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlyk etmegi öwrenmekde iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassyklady.

9.Iki lider 2018-nji ýylda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda parlament dostluk toparynyň döredilendigini makulladylar. Dostluk toparynyň döredilmegi Türkmenistanyň Mejlisi bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.

10.Iki lider ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem tehniki we hünär taýýarlygynda bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Iki lider şeýle ylalaşygyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin aýgytly ähmiýetiniň bardygy bilen ylalaşdylar.

11.Syýahatçylyk we ýaşlar alyşmalary hem iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin goşmaça bolup, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermekde esasy ugurlar hökmünde kesgitlendi.

12.Onuň Alyhezreti hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad Malaýziýanyň wekiliýetine görkezen mähirli myhmansöýerligi we hoşniýetli kabul edişligi üçin, Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna çuňňur minnetdarlyk we hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy amatly wagtda Malaýziýa gelmäge tüýs ýürekden çagyrdy. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çakylygy hoşallyk bilen kabul etdi.

Aşgabat, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 27-nji oktýabry.