close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
10.02.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerihem-de ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministr ýurdumyzyň durnukly maliýe-ykdysady ýagdaýy barada aýdyp, halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan önümçilik görkezijileri hakynda habar berdi.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Ýerli býujetler boýunça hasabat döwründe girdejiler 102,2 göterim, çykdajylar bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 119 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň bolsa 104 mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe döwlet emläginiň 85-si hususylaşdyryldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 102,4 göterim ýerine ýetirildi. Şunda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 55,7 göterimi önümçilik hem-de 44,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi. Bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça anyk işleri geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi

Milli Liderimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmekhem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýete goşmaça maýa goýum serişdelerini çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara möhüm üns berilmelidir.

Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabowa söz berildi. Ol geçen 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynyda beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksine hem-de “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli goşmaçalarywe üýtgetmeler girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenildi.

Hasabat döwründe kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň 10-sy taýýarlanyp, bellenen tertipde tassyklanyp, herekete girizildi. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizilip, kämilleşdirildi.

Iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ählsi ýerine ýetirildi. Döwlet kömegine mätäç raýatlary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Boş iş orunlary baradaky maglumatlar ilat köpçüligine yzygiderli ýetirilýär.

Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy işe girizildi.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň ýyllyk meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 14,4 göterim artdy. 2020-nji ýylda raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa toplamalarynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirlende, 11 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi hem-de iş üpjünçiligi boýunça hyzmatlary hödürlemegiň tertibini, iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegikämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işe girizilýändigini hem-de önümçilige innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygny, milli ykdysadyýetimiziň döwlete hem-de hususy eýeçilige degişli böleklerinde täze hünärlere islegleriň barha artýandygyny nazara almak bilen, işgärleriň täze hünärleri ele almagyna hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän önümlere, jemi içerki önümçilige, hyzmatlara, zähmet hem-de senagat howpsuzlygyna jemi 75 müň laýyklyk sertifikatlary resmileşdirildi. 585 müň 600 ölçeg serişdesi barlagdan geçirilip, 1 müň 415 standartlar we tehniki şertler döwrebaplaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullukda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline hem-de howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň milli ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipesidigini belläp, munuň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlary hili pes harytlardan hem-de hyzmatlardan goramak, önümçilige sanly ulgamy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleriň çözgüdini üpjün edýändigini aýtdy.

Bu ulgamda ösen halkara tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýolbaşçylyk edýän edarasynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy dünýä tejribesini göz öňünde tutmak hem-de iş dolanyşygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, geçen ýyl statistiki hasabatyň görnüşleriniň 35-sine seljerme geçirildi. Statistika hasabatynyň görnüşlerine täzeden garamak hem-de görnüşleriniň sanyny umumylaşdyrmak işleriniňnetijesinde, olaryň sany azaldyldy.

Şonuň ýaly-da, usulyýet işlerini, statistiki amalyýet resminamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň sanly ulgama geçmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy işlenip düzüldi hem-de onuň çäklerinde,komitetde elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de resmi statistika ulgamynyň işiniň hilini we dolandyryş ulgamyny,statistika maglumatlarynyň taýýarlanylyşynykämilleşdirmegiň möhüm meselelerini öz içine alýan özgertmeleriň göwnejaý guralmagynyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziňhem-de jemgyýetimiziň häzirki döwürdäki ösüşinde statistikanyň ornuny we ähmiýetini nygtap, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna komitetiň işini dünýä tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de statistika hasabaty ulgamyny elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

2020-nji ýylda fiziki we ýuridik şahslar bilen ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň meýilnamasy 137,3 göterim berjaý edildi.

Ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça bellenilen meýilnama 123,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň hasabyna döredilen ätiýaçlandyryş gorlarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny" amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, halkara standartlaryny hasaba almak bilen, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de bu Kanuna laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuknamalary täzeden tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, düzümiň işine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze döwrebap usullaryny gözlemegi tabşyrdy.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi.

Ykdysadyýetiň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak üçin gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 11,4 göterim artdy. Şu ýylyň başyna ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,9 göterim köpeldi.

Hususyýetçileri goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, bu ugra goýberilen ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýyla görä, 4,3 göterim ýokarlandy. Şunda maliýeleşdirilen taslamalaryň sany 1821-e ýetdi.

Şeýle hem hususy önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi 34,9 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirdi we bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmaýandygyny berk tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly maliýe üpjünçiliginiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň höweslendirilmeginiň we oňa goldaw berilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de abraýly halkra maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň netijeli çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek we maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy. Ýüze çykan ýagdaýy döwrebap derejede düzetmek boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow häzirki döwürde bankyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek we oňa dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bankyň öňünde durýan wezipeleri we bu ugurda işlenip taýýarlanylan maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur işleri amala aşyrmagy berk talap etdi.

Iş maslahatyň dowamynda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlanlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bankyň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Karzlaşdyrmak we maliýe serişdelerini gaýtarmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda bankyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow dürli ugurlardan gelip gowuşýan maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, bankyň hyzmatlar ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bankyň işinde karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz elektron görnüşli hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bu ulgamda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we bankyň düzümlerine innowasiýalary, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilişine, puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz emele gelen ýagdaýdan netije çykaryp, işleri talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we bank işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bankyň işi guramak meselelerine bolan çemeleşmelerine nägilelik bildirdi. Döwletimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän banklaryň işini dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, üýtgedip guramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda zerur işleri geçirmegi bankyň ýolbaşçysyndan berk talap etdi.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow karzlaşdyrmak işini kämilleşdirmek, edara-kärhanalara, raýatlara hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan topumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdelerini dolandyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak we bank amallaryny kämilleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy bankyň ýolbaşçysyndan talap etdi.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew bankyň kiçi we orta işewürligi goldamak, telekeçileriň maliýe serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bankda tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderilere hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işlerde kemçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bankda ýerine ýetirilýän ähli amallar berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory H.Geldimyradow okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýokary okuw mekdebi häzirki döwürde zerur bolan birnäçe hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlanýar. Nazary okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, institutyň kafedralarynyň ministrliklerde şahamçalary hereket edip, önümçilikde oňyn tejribe gazanan hünärmenler okuw işlerine çekilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Şeýle hem institutyň içerki kompýuter torunda elektron resminama dolanyşygy ulgamlary ornaşdyryldy.

Institutda Ylymlar akademiýasynda hasaba alnan 17 mowzuk boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw, usulyýet we ylmy tejribe işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2020-nji ýylda Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu okuw mekdebiniň ýokary hünärli işgärleri, şol sanda dolandyryş ulgamynda milli ykdyýsadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de rektora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hasabat bilen çykyş etdi.

Häzirki wagtda institutda tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda, maliýe-ykdysady toplumynyň 10 hünär ugry, şol sanda sanly tehnologiýalar ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuwlar alnyp barylýar. Ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi.

Ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Ylymlar güni mynasybetli her ýylda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere eýe bolýarlar. Şeýle hem institutyň mugallymlary möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Nazary bilimleri tejribede berktimek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň talyplary okuw meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümlerinde önümçilik tejribelerini geçýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektoryna ýokary okuw mekdebiniň bilim meýilnamasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleriň ylmy taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysadyýet toplumynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyňişine bagyşlanan şu günki maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolanmümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip, belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip,Garaşsyzlygymyzyň şanlyýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaküçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmeginiüpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajybölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly wewagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribesinden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyňişini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň,pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýynadüýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleribermek barada tabşyryk berildi.

Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysadyösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlarynyköpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyňmöçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny,maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygytamamlanmagy we ulanmaga berilmegimeýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetindenmaliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryňmaliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyngeçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip,gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp,“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribesinden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdimek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara-kärhanalarda we guramalardazähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Raýatlaryň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine hukuklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmeli. Hususan-da, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işleýän işgärleriň hukuklaryny doly kepillendirmeli.

Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip,öz wagtynda tölemek boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamaly. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrmagy üpjün etmeli.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip,ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Statistika hasabatlylygyň görnüşlerinitükelläp hem-de umumylaşdyryp, zerurbolmadyk we döwri geçen görnüşleriniaýyrmaly. Bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmaly.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylynda Halkara standartlaryna laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda Statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Halkara maliýe guramalarynyň resminamalarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijileriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegini gazanmak üçin,Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.HojagulyýeweGaraşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Gullugyň welaýatlardawe sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniňhem-de barlaghanalarynyň barlag-synagenjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçilikleriniöwrenmegi tabşyrdy.Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça degişli çäreleri görmek zerurdyr.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmekhem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.Daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän käbir harytlary (azyk senagaty enjamlaryny, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyn duýduryjy we habarberiji enjamlary, split kondisionerlerini we ş.m.) barlaghana synagyndan geçirmek üçin, Döwlet gullugynyň garamagyndaky barlaghanalary zerur enjamlar bilen üpjün etmeli.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowaýüzlenip, halkara bazarynda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan döwrebap ätiýaçlandyryş görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmegi hem-de ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ätiýaçlandyryş bazar ykdysadyýetini ösdürmek we onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak, bäsleşigeukybyny we maýa goýum mümkinçiliginiýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmakboýunça hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli geçirmeli.

Şonuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşyjylaryň ätiýaçlandyryş medeniýetini we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça mahabatlandyrmak we wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barmak boýunça çäreleri görmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.Ätiýaçlandyryş ulgamynda elektron görnüşli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça işleri hem çaltlandyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip,Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyňbellenýän ýylynda ýurduň içinde puluňkadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-debankulgamynyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmaly we maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmeli, ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýänkarzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygynykadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly.

Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilenbagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli;Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet boýunça daşary ýurt puluna çalşanda,şu talapdan ugur almaly. Zerur bolanda bu ugurda ýörite kadalaşdyryjy namanyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky,Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykstrategiýalaryny täzeläp, olardan amatlyşertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy.Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjünetmek maksady bilen, kiberhowpsuzlygyňýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň işine ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.

Institutlaryň professor-mugallymlarynyň,ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyüçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň iň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmagy guramak gerek diýip aýtdy.

Ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli Maksatnamalara,Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.

Sanly ykdysadyýete geçmek amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmaly. Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp,döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryňabraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe guramalary, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Bu işde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaly.Berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, bilim görkezijisiboýunça dünýäniň belli bilim edaralarynyň sanawyna girmek babatda zerur işleri geçirmeli.

Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň gazananlaryny hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamak,ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerindeyzygiderli gepleşikleri we makalalaryň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip,döwletGaraşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunçadegişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysadyýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagaraalgy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryňgeçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli.Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimizsözüni dowam edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň,degişli ministrlikler, pudaklaýyndolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleribilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň soňra nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikleriň maliýe-ykdysady toplumynyň ýaramaz işlemegi wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň wepudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly BerdimuhamedowMinistrler Kabinetiniň mejlislerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-depudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende ep-esli köpeldi.

Hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, doly gözegçilik edilmeýändigi, Ministrligiň hereketsizligi sebäpli, Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergiler emele geldi. Bu bolsa, 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar.

Şeýle hem, milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyňýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi.Sebäbi, bu Maksatnamaboýunça göz öňünde tutulan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem etraplarda täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşyklary haýal depginler bilen alnyp barylýar. Bu yzagalaklygyň sebäplerini seljermek boýunça işler geçirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, köp sanly desgalar taslama-çenlik resminamalarybolmazdan gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Bu resminamalar,näme üçindir, gurluşyk tamamlanandansoň, potratçy tarapyndan resmileşdirilýär. Käbir desgalaryň gurluşygy üçin ençeme ýyllardan bäri töleg geçirilmeýär.

Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmakboýunça işleri guramak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, hususylaşdyrylan kärhanalarda we desgalarda hususylaşdyrmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine doly derejede gözegçilik üpjün edilmeýär.

Ministrligiň ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmalydygyna garamazdan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň sany, olaryň iş ugry we görnüşleri seljerilmeýär,bu ugurda ýüze çykýan meselelere hem ýeterlik üns berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligiösdürmek boýunça esasy işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar. Ministrlik bolsa, bu ugurda ýeterlik işjeňlik görkezmeýär.

Has beteri-de, şeýle ýaramaz görkezijileriň bardygyna garamazdan,maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowdan emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklipler hem gelip gowuşmaýar.Şoňa görä-de, işde goýberen kemçilikleri üçinoňa berk käýinç yglan edildi hem-de bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Eger bu kemçilikleri düzedilmese, onda ýarym ýylyň jemleri boýunçaM.Serdarow eýeleýän wezipesinden boşadylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýanmilli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-deykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.

Siziň häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamakdan ybaratdyr. Ýöne, häzir-ä bu iş talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine, banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Möhleti geçen üzülmedik karzlaryň galyndysynyň häzirki döwürde 1 milliard manada golaýlaýandygy hem banklaryň işiniň hilini görkezýär.Muňa garamazdan, banklar karzlary üzmek boýunça degişli çäreleri geçirmeýärler,hususy haryt öndürijileri maliýe taýdan goldamak babatda çeýe karz syýasatyny alyp barmaýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy.Şeýle hem, karz serişdeleri berlende girew üpjünçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeýärler.

Hökümetiň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamakboýunça karary hem ýaramaz ýerine ýetirilýär. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşini ornaşdyrmak boýunça çäreler hem talabalaýyk guralmaýar.Elektrik energiýasy, tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin kartlaryň kömegi bilen ilatyň tölemek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça bilelikdäki iş pes derejede alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkezi bankyň başlygyM.Annadurdyýewe banklara ýaramaz ýolbaşçylyk edip, işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,ýarym ýylyň jemleri boýunçabank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynda goýberilen kemçilikler üçin, “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň başlyklary M.Hajyýewe hem-de J.Jumagylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.

Şeýle hem, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramowa, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazowa, “Halkbank we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň müdiriýetleriniň başlyklary M.Arabowa hem-de T.Täçmuhammedowa berk käýinç yglan edildi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygyS.Gurbandurdyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizimundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowsanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriarzuw etdi.