close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi
16.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, täze, 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak hem-de olary işi bilen tanyşmak we geljekki möhüm wezipeleri kesgitlemek kararyna gelendigini aýtdy.

Tamamlanyp barýan ýyl dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy zerarly, tutuş adamzadyň öňünde birnäçe çynlakaý wezipeleri goýdy. Ýöne, muňa garamazdan, ýolbaşçylaryň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we tutuş halkymyzyň bilelikdäki tagallasy we yhlasy zähmeti netijesinde, 2020-nji ýyl gowy görkezijiler bilen jemleýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, şu maslahatda olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Ilki bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öz agzalarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça ygtyýarlyklaryna laýyklykda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşýarlar hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň ýanyndaky iş toparynyň agzalary bolup durýar.

Mundan başga-da, Kärdeşler arkalaşyklary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek bilen öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek hem-de goramak baradaky maksatlaryny ilkinji guramalaryň, pudaklaýyn geňeşleriň, çäk birleşmeleriniň, milli merkeziniň üsti bilen amala aşyrýarlar.

Zenanlar birleşiginiň işi barada aýdyp, bu guramanyň ýolbaşçysy zenanlaryň başlangyçlarynyň, guramaçylyk ukyplarynyň açylmagyna, çagalaryň terbiýelenmegine, enäniň hem-de çaganyň saglygynyň goralmagyna, maşgala edaralarynyň berkidilmegine we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny nygtady.

Şeýle hem bu düzümiň paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgelerini, gadymy sazçylyk sungatynyň, el işleriniň, milli lybaslary taýýarlamagyň biziň günlerimize ýetip gelen nusgalaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen wagyz-nesihat işlerini alyp barýandygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ýaşlary ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” kitabynyň işjeň öwrenilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Zenanlar birleşiginiň agzalary BMG-niň Türkmenistandaky degişli wekilhanalarynyň guraýan maslahatlaryna we duşuşyklaryna işjeň gatnaşýarlar.

Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwerbap terbiýelenilmegi we döwrebap bilimi almagy üçin ähli şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Baş maksat guramanyň işini ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşyny kemala getirmäge, olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgulary ruhunda terbiýelemäge gönükdirilmegidir. Ýaş nesle milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, halkymyzyň şöhratly ýörelgelerini artdyrmak endiklerini terbiýelemek örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary bu ýörelgeleri ugur edinmäge çagyrýar.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow “Türkmenistan --Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda bu düzümiň tassyklanan meýilnama laýyklykda alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Birleşigiň Tertipnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen dostlukly gatnaşyklaryň we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de berkidilmegine, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň, taryhynyň, medeni mirasynyň öwrenilmegine we yzygiderli wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe birleşigiň agzalary bolan işjeň agzalary ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, söwda we neşir işlerinde hem-de beýleki ulgamlarda öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle hem birleşigiň agzalary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara, maslahatlara we beýleki çärelere işjeň gatnaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow çykyş edip, “Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda guramanyň agzalary Watanymyzyň gazanýan üsütünliklerine, mynasyp goşant goşýarlar, jemgyýetçilik-syýasy ulgamda amala aşyrylýan möhüm çärelere hem-de özgertmelere işjeň gatnaşdylar.

Demokratik partiýanyň işi iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy, onda döwlet Baştutanymyzyň milli ähmiýetli, şonuň ýaly-da, halkara guramalarynyň belent münberlerinden öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, wagyz etmek hem-de giň köpçülige düşündirmek boýunça işlere aýratyn orun berilýär.

Işleriň esasy ugurlarynyň biri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakdan, ýaşlary Watanymyza, maşgala gymmatlyklaryna söýgi ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň durmuş ýoluny, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidign durmuşa geçirýän beýik başlangyçlaryny wagyz etmäge gönükdirilen çäreler guralýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň milli gymmatlyklara goýýan gadyr-gymmaty, ene-ata bimöçber hormaty türkmenistanlylar, şol sanda ýaş nesil üçin edep-terbiýe mekdebidir.

A.Serdarow TDP-niň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda meýilleşdirilen işleri barada habar berildi.

Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanunyna laýyklykda, iki palataly parlament ulgumyna geçmek, geljek ýylda 30 ýyllyk toýy belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini wagyz etmek bilen bagly göz öňünde tutulýan çäreler barada hem aýdyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowa söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän guramasynyň alyp barýan işi barada habar berdi. Bu düzümiň agzalary ýurdumyzyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durumşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatlary, wezipeleri düşündirmek işlerine gatnaşýarlar.

Häzir oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýesini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde, daýhanlaryň döredijilikli zähmeti üçin amatly şertleri üpjün edildi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde, oba ilatynyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berdi. Ol öz çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara eýerilip, adamlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny hem-de ýaşaýyş durmuş derejesiniň gowulanýandygyny aýtdy.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna bu partiýanyň agzalary-da işjeň gatnaşýarlar.

Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetli çözgütlerini, şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen, partiýanyň wekilleri ilat bilen duşuşyklary, söhbetdeşlikleri we beýleki çäreleri geçirýärler.

Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahatlaryň, baýramçylyk dabaralarynyň guralandygy barada habar berildi.

Diýarymyzyň ösüşinde hususy pudaga möhüm ähmiýetiň degişlidigini nygtaýan hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde diňe bir önümçilik işi bilen meşgullanýan däl, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň döwrebap nesli kemala geldi.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýolbaşçysy öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň agzalarynyň geljekde hem döwletimiziň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny işjeň wagyz etjekdiklerine, taryhy özgertmelere hem-de Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimiz ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu düzümleriň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär diýip, milli Liderimiz şol birwagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli özgerýändigini aýtdy.

Bu ýagdaý syýasy-jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenmegi hem-de öz işleriniň usullaryny kämileşdirmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni bellenilen meýilnamalara çekdi we olara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, başlygyna, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa ýüzlenip, kärhanalarda we edaralarda zähmeti goramak hem-de işiň howpsuz şertlerini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny düşündirmek çäreleriniň, Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň ähmiýeti barada yzygiderli okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek boýunça netijeli işleriň geçirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna, olaryň guramaçylyk mümkinçilikleriniň doly açylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýaşlaryň arasynda ozaldan gelýän maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmegi maslahat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem zenanlara ylmy we telekeçilik işlerinde ýardam bermegiň, Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmagyň hem-de aýal-gyzlaryň işjeňligini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz demokratiýany giňeltmäge we döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen maslahatlary we duşuşyklary yzygiderli guramagyň, zenanlaryň jemgyýetde alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy aýtdy.

“Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlise teklipleri taýýarlamak möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere geçmek bilen, bu guramanyň ýolbaşçysy Ý.Öwezberdiýewe ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmegi maslahat berdi.

Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy olaryň arasynda wagyz etmek işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda bu guramanyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem, ýaşlar syýasaty boýunça özara tejribe alyşmak üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli, bilelikdäki maksatnamalary taýýarlamaly.

Yaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, olaryň şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgüsini artdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Yaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek maksady bilen, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýete edaralary bilen yzygiderli işleri alyp barmaly, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek, ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça, Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna gönükdirilen işleri has hem çaltlandyrmak meseleleri möhüm wezipeler hökmünde kesgilenildi.

Hormatly Prezidentimiz Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarowa ýüzlenip, wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmegiň zerurdygyny belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geljek ýyl bellenjek şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmeli. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmeli.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işine, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine we durmuşa geçirilmegine, raýat jemgyýetiniň demokratik institutlarynyň kämilleşdirilmegine ýakyndan ýardam bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Demokratik partiýanyň jemgyýetdäki ornuny berkitmeli, täsirini artdyrmaly diýip belläp, bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlary bilen arkalaşykly işlemegiň zerurdygyny nygtady.

Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowyň öňünde oba hojalyk işgärlerini, ähli daýhanlary ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmek ugrunda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak üçin, giňden wagyz-nesihat işlerini alyp barmak wezipesi goýuldy. Şunuň ýaly-da, ýurdumyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirýän işlerimizi ilata giňden düşündirilmelidigi nygtaldy.

Döwletimiziň alyp barýan agrar syýasatyna degişli has möhüm ykdysady we durmuş meselelerini işläp taýýarlamaga hem-de agrar strategiýamyzy amala aşyrmaga işjeň gatnaşmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylygyň we maldarçylygyň milli däplerini ýaş nesle ýetirmekde degişli işleri alyp barmagyň, obalarda täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler partiýsaynyň işiniň esasy ugralaryna garady. Hormatly Prezidentimiz onuň ýolbaşçysy S.Owganowa ýüzlenip, tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Yurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde teklipleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hususy telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Birleşigiň daşary ýurtlardaky türkmen-medeni jemgyýetleri hem-de bölümleri tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahatlary hem-de wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guramak, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini dünýä türkmenlerine giňden düşündirmek maksady bilen onlaýn-maslahatlaryny geçirmek babatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda 2021-nji ýylda birleşigiň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyny ýokary derejede geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz “Türkmen dünýäsi” gazetinde dünýä türkmenleriniň medeniýeti, däp-dessurlary, durmuşy hakyndaky makalalara uly orun berilmegine hem-de daşary ýurtly türkmenler bilen “tegelek stoluň başyndaky” söhbetdeşlikleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýä türkmenleri bilen geçirilýän halkara çärelerinde türkmen diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň ösdürilmegini işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ykdysadyýet, işewürlik boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmelidigi babatda tabşyryklar berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dostlugyň nyşany hökmünde ynsanperwer kömeklerini bermegi ýokary guramaçylykda amala aşyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzda hem-de türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynda sergileri we festiwallary guramak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalary baradaky döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanmagyny we durmuşa geçirilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda umumy döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. BMG tarapyndan 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat işleriniň geçirilişini has-da güýçlendirmek işiň esasy wezipeleri hökmünde görkezildi.

Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny gazanmaly, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek ilkinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Dünýäde ýaýran pandemiýa garşy göreşmek, onuň öňüni almak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek işlerini wagyz etmäge ünsi has-da güýçlendirmek häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigi belläp, döwlet Baştutanymyza bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, jemgyýetçilik-syýasy guramalar bilen ysnyşykly işläp bu guramalary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işine has işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi.

Syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini öwrenip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Zenanlar we Yaşlar guramalary bilen bilelikde deputat we hukukçy zenanlaryň gatnaşmagynda gyz-gelinleriň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge, zenanlaryň hukuklary we borçlary, maşgala mukaddesligi, ahlak terbiýesi baradaky söhbetdeşlikleri geçirmäge ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary hakyndaky (gender deňeçerligi) kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara üstünlikler arzuw etdi.