close-icon
Habarlar
photo
«Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
03.12.2020

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mähriban halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara ylmy maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly alymlar!

Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýän döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar. Yurdumyzdaky umumadamzat medeni ösüşine uly täsir eden Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň, Abywerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini bütin dünýä tanaýar, beýik akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi hem-de ylmy eserleri maddy we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrýar.

Biziň Bitaraplyk syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy - ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekdir. Yurdumyzda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar.

Umumadamzat gymmatlyklaiyny, medeni mirasy goramak we olara hormat goýmak ÝUNESKO-пуй ileri tutýan ýörelgesidir. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, dünýä ýaýmak, döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Köpýyllyk gatnaşyklaryň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bolsa, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, şeýle-de ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini YUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak
barada hödürnamalary taýýarlamak boýunça hem birnäçe işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýamyzyň dabaralanýandygynyft aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

Mähriban halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, Beýik Yüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, ýadygärlikleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerime eýe boldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler oňat netijeleri berýär.

Çünki, ösüp gelýän ýaş nesilleri ata Watanymyza söýgi, şöhratly pederlerimiziň biziň günlerimize gelip ýeten baý, milli mirasyna aýawly garamak ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Berkarar Watanymyzyň gazanýan uly üstünlikleri hem-de ýeten derejesi milli medeni mirasymyzy, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralýan bu halkara onlaýn ylmy maslahaty dünýä halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen medeniýetini hem-de sungatyny dünýäde wagyz etmäge, parahatçylygyň we medeni diplomatiýanyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge uly itergi berer.

Bu halkara onlaýn ylmy maslahatynyň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen daşary ýurtly alymlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi ajaýyp baýram - hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow