close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.11.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Ol ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata dürli ugurlarda elektron görnüşinde hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere Internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, karz edaralaryň resmi internet web-saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edilýär.

Girizilen maglumatlar we ýerleşdirilen resminamalar awtomatiki usulda barlanandan soňra, ýüz tutan raýata karz edarasyna barmaly wagty we gerek bolan resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.

Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzlary resmileşdirmegi sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda uly özgertmeleri başdan geçirýän bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Bu ugurda görüljek çäreler hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz bank ulgamynyň bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ulgamyň edaralarynyň işine ynamy hem-de onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, fiziki we ýuridik şahslardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de karzlary bermegiň tertibini aňsatlaşdyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron görnüşinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda amala aşyrylýan birnäçe maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere geçirdi we daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna we Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolardan degişli tertibe laýyklykda, bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin hususy önüm öndürijilere ýer bölekleri uzakmöhletleýin ulanmak üçin bölünip berildi.

Welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Bu gaznadan ýer bölekleri önüm öndürijilere 99 ýyllyk möhlet bilen berler. Şu gaznanyň ýer bölekleriniň 70 göterimi bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin esasda ulanylmagy teklip edilýär. Galan ýer böleklerinde bugdaý we pagta öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaga öwürmäge gönükdirilendigini belledi.

Şu maksat bilen hojalygy dolandyrmagyň täze netijeli usullaryny ulanmak, obasenagat toplumynda hususyýetçiligiň paýyny yzygiderli giňeltmek we öňdebaryjy kärendeçilere goldaw bermek zerurdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan deňiz flotuny ösdürmek, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza wagtlaýyn gözegçilik edilýän pudaklarda, şol sanda gurluşyk, himiýa we elektroenergetika senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy, onuň ulag-logistika düzüminiň giňeldilmegi üçin şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de aragatnaşygyň döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek meselelerine berk gözegçilik etmäge ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ulag toplumyny ösdürmek meseleleriniň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitleri üçin strategik ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi yklymara ýük daşamakda logistiki ulgamyň düýpli özgerdilmegine ýardam eder. Has gysga we amatly ýollar hökmünde Diýarymyzyň terminallary möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, wise-premýere bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, ähli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda bellän gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dokma pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijilerde hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetiň gazanýan üstünliklerini görkezýän esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň hem-de içerki bazaryň zerur önümlere isleglerini doly kanagatlandyrmagyň gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýandygy nygtaldy. Eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns bermek wajypdyr.

Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar ulgamyny we marketingi mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak meselesine ünsi çekip, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan bu pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň mysalyna öwrülendigini aýtdy.

Bu ulgamyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlaryndan birjik-de pes durmaýan ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri yzygiderli giňeldilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümlerine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Sanly tehnologiýalary işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmek meseleleriniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serideleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we internet-ulgama geçirmek ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň we özleşdirmegiň, täze media-tehnologiýalary işjeň ulanmak, bilelikdäki maglumat taslamalaryny taýýarlamgyň, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz munuň ýurdumyzyň durmuşy, ýeten derejesi bilen halkara jemgyýetçiliginiň içgin tanyşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimizyň durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Adam hakyndaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasy bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, halkara bileleşiginiň welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny hem-de adamyň beden we ruhy taýdan ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde uzak aralyga welosiped ýörişlerini geçirmegiň zerurdygyny ykrar edýändigini hem-de ýakyndan goldaw berýändigini tassyklady.

Häzirki wagtda ekologiýa taýdan has arassa welosiped sportuny giňden wagyz etmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde welosipedli ýörişleri guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli iň köpçülikleýin welosiped sporty sapagy geçirilip, ol dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy.

Geçen ýylda, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda bir ugur boýunça iň dowamly welosiped ýörişi geçirildi. Bu ýöriş hem Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynda “Welosiped” binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Wise-premýer 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda Olimpiýa şäherjiginiň welotrek toplumynda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň bu babatda möhüm ädim boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport we bedenterbiýe hereketiniň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýandygyny nygtady. Sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolan welosiped sporty soňky döwürde tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar hem-de ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiz halkara sport guramalary, şol sanda Halkara welosipedçiler birleşigi bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasyna öwrüljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýetini belläp, bu abraýly ýaryşy ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz “2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary barada hasabat berdi.

Bu hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan dürli halkara düzümleri bilen bilelikde uzakmöhletli Maksatnama hem-de Meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Olaryň çäklerinde anyk taslamalar amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu resminamada BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilýär.

Ýurdumyzda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, alternatiw energetikanyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine hem uly üns berilýär.

Şu maksatlar bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝHHG, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) bilen bilelikde, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda bu ugurdaky ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şu babatda ýöriteleşdirilen düzümler, hususan-da, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy (WIPO) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda WIPO bilen bilelikde Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar.

Halkara guramalary bilen demokratik edaralaryň işini kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň adam hukuklary ulgamynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Ilat gaznasy bilen bilelikde bu resminamanyň indiki bäş ýyl üçin taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy göreşmek ýaly möhüm ulgamlarda hem halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy tassyklanyldy. Bu strategiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen,

Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi bilen bilelikde 2021-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda ýokarda agzalan uzakmöhletli resminaamalaryň gutarnykly görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça degişli işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şol strategiýa bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge gönükdirilendir. Bu netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen anyk teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem şol teklipleriň örän wajypdygyna we dünýä bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen döwleti halkara durmuşyna işjeň gatnaşyp, özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, bar bolan parahatçylyk dörediji kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyz sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge we abadançylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, beýleki abraýly halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, hödürlenilen resminamalaryň taslamalaryny makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwerlikli döwlet syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerinden ugur almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belläp, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, netijeli işlemek, halal gulluk etmek hem-de göwnejaý dynç almak üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çelip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň esasynda we hormatly Prezidentimiziň deputatlaryň öňünde goýýan wajyp wezipelerini nazara alyp taýýarlanylýar.

Häzir degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda zähmet gatnaşyklary, raýatlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýer we energiýa serişdelerini netijeli hem-de rejeli peýdalanmak, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini döretmek, raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek we beýleki durmuş ulgamyna degişli meseleler babatda kanunçylyk taslamalary taýýarlanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berýär.

Kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri umumy ykrar edilen halkara kadalary we milli kanun çykaryjylyk tejribäni nazara almak arkaly alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklaryny, BMG we onuň agentlikleri, beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Parlamentara Birleşigi, BSG, BMG-niň Ilat gaznasy, ÝUNISEF bilen bilelikde onlaýn tertibinde geçirilen çäreler barada maglumatlar aýdyldy.

Mejlisiň deputatlary döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararlarynyň mazmunyny we ähmiýetini, Diýarymyzyň ösüş ýolunyň hem-de Bitaraplygyň 25 ýylynyň içinde durmuşa geçirilen özgertmeleriň, halkymyzyň gadymy taryhynyň we medeni-ruhy mirasynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz işlerine gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu işler dünýewi döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylmalydyr.

Milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagyna, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty hem-de häzirki döwürde ýeten derejesi bilen giňden tanyşmagyna ýardam bermelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegine deputatlaryň işjeň gatnaşmalydygyny belläp, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanyp barýandygyny, şoňa görä-de, Hökümetiň möhüm tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişine seretmegi tabşyrdy. Munuň özi ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini seljermek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Biz ýurdumyzy sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny kabul etdik. Şundan ugur alyp, her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň öz maksatnamasy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de onuň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýerlere bu ugurda öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işler barada hasabatlary taýýarlamak tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde bu ugurda edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýat häkimleriniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mejlisiň dowamynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna geçiriljek halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyly garşylamaga degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.