Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Şu günki çäräniň şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilmeginiň çuň manysy bolup, milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyz döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrmak arkaly, Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine, şol sanda ynsanperwer ulgamda pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.Soňky ýyllarda ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda iki döwletiň gatnaşyklary görnetin giňeldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň ýapon diline terjime edilmegi ýaponlaryň Türkmenistanyň ösüşine, halkymyzyň medeniýetine gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.
2012-nji ýylda «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň ýapon dilinde neşir edilendigini bellemek gerek. Terjimeçi — halkara gatnaşyklaryň professory, Sasakawa Parahatçylyk gaznasynyň geňeşçisi Ýoşiaki Sasaki Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp boldy.
Şu günki çäre ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm halkasy bolup durýar hem-de dostlukly halklaryň özara düşünişmeginiň berkidilmegini we biri-biri hakynda bilimlerini artdyrmagy ugur edindi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon ýokary okuw mekdepleriniň — Tokio we Sukuba uniwersitetleriniň hem-de Kitasato uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi goşuldy.
Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Hiroýuki Ýamamoto çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýandygyny hem-de däbe öwrülen dostlukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýandygyny belledi.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseriniň türkmen halkynyň taryhy ýoluna has giňişleýin garamaga we milli-medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de durmuşy bilen tanyşmaga, türkmenleriň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýändigi barada bir pikire geldiler. Bu neşiriň ýapon we beýleki dillerde çap edilmegi bolsa türkmen Lideriniň işleriniň ykrar edilýändigine hem-de halkara giňişlikde abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Dabaranyň dowamynda däpleri aýawly saklamakda iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gadymy medeniýetleri hem-de baý milli däpleri bolan ýurtlardygyny bellediler. Biziň halklarymyzyň häsiýetli aýratynlygynda durmuşyň köpasyrlyk gurluşyny hormatlamak, däplere wepalylyk häsiýetleri jemlenýär. Biziň döwletlerimizi mirasa daýanýan, geçen nesilleriň tejribesini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklaýan, ösüşiň innowasion ýoly bilen hereket edýän isleg birleşdirýär.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligine Türkmenistany özleri üçin has giňişleýin açmaga, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden türkmen halkynyň medeniýeti, özboluşly däpleri, halk döredijiligi hem-de ruhy gymmatlyklary barada ýapon dilinde maglumat almaga mümkinçilik döretdi. Şonuň bilen birlikde, neşir ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenýän talyplar hem-de okuwçylar üçin ajaýyp gollanma öwrüler.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýapon dilindäki görnükli edebi işiniň neşir edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny mundan beýläk-de wagyz etmäge hyzmat eder, şeýle hem maddy däl gymmatlyklary toplamak we öwrenmek boýunça milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylmy işiň gerimine baha bermäge mümkinçilik döreder.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň abadançylygy hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegi hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde bahasyna ýetip bolmajak nusgalyk hökmünde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap muňa mysal bolup durýar.
Şu günki dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň binasynyň eýwanynda guralan sergide döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň meşhurlyga eýe bolan düýpli işleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ylmy-barlag işleri görkezildi. Döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijesinde, sergi bilen Ýaponiýanyň köpçüligi hem onlaýn görnüşde tanyşdy.
Dabaraly çäre ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparlarynyň konserti bilen jemlendi.