close-icon
Habarlar
photo
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň zähmet ýeňşi hakynda hasabaty kabul etdi
08.11.2020

Şu gün ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi.

Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi.

Welaýatlaryň häkimleri oba zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimizi daýhanlaryň gazanan uly zähmet üstünligi bilen gutladylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli maşynlarynyň hasabyna pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp düzmeler ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, obada döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola goýulýar, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Gowaçany ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler gatnaşýarlar, olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda döredilen oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer bölekleri berildi.

Her sebitde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.

Giň gerimli maksatnamalary, ilkinji nobatda, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, oba durmuşyny şäheriň şertlerine ýakynlaşdyrýan maksatnama laýyklykda, welaýatlarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeni merkezleri, sport desgalary, nusgalyk düzümli döwrebap şäherçeler gurulýar, bu bolsa, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

“Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda merdana daýhanlarymyz özleri barada edilýän alada iş bilen jogap berip, Watan harmanyna “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen pagtany soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin batly depginler bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.

Welaýatlaryň daýhanlarynyň hem-de ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de zähmetsöýer babadaýhanlar hakynda edilýän hemmetaraplaýyn alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi, şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat hem-de şu ýyl şanly senesini – hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýän ata Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw edildi.

Baýramçylyk wideomaslahatyna gatnaşan her welaýatyň ýaş wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “ak altyn” ussatlarynyň gazanan uly zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ajaýyp üstünliklerini wasp edýän joşgunly goşgularyny okadylar.

Welaýatlaryň häkimleri hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlary gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, edermen babadaýhanlary, mähriban watandaşlarymyzy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra milli Liderimiz baýramçylyk wideomaslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Hasyl toýunyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň örän uly many-mazmuna eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramyň halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Milli Liderimiz häzir Watanymyzda ak bugdaýyň, pagtanyň, gök we bakja önümleriniň, miweleriň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň rysgaly artyp, her bir maşgala ojagynyň bereketdi bolup saçaklarymyza dolýar.

Edermen babadaýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözürini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz edermen hasyl ussatlaryny zähmet ýeňşi hem-de Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sahabatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!” diýip sözüni jemledi.