close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
28.10.2020

Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi.

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Hemmeler milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Sungat işgärleri we döredijilik toparlary aýdym-saz, tansly çykyşlary uly joşgun bilen ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, düzümleýin desgalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.

Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde «Mahabat» binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, häzir ýurdumyzyň telekeçileri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşup, dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işleýärler, şunda iň gowy işewürlik we hünär taraplaryny görkezýärler.

Aýlawly ýol çatrygynyň aşagyndan geçýän ötük awtomobilleriň degişli ugur boýunça bökdençsiz hereketini üpjün eder, bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik döredip, geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de şäheriň şu böleginde ulag gatnawyny kadalaşdyrmaga ýardam eder. Ýerasty geçelgeler, öz nobatynda, pyýadalar üçin amatlyklary döreder, olar köçäniň bir tarapyndan beýleki tarapyna bökdençsiz geçip bilerler.

Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyz boýunça ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki ähli döwürlerde oňat we ygtybarly ýollar okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak, awtoulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen şertlendirilen häzirki zaman ulanyş talaplaryna doly kybap gelýän inženerçilik desgalaryny gurmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, degişli ugurda taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy gazanylanlary, innowasion inžener-konstruktorçylyk we dizaýnerçilik çözgütleri işjeň ulanmak, ýokary hilli gurluşyk, timarlaýyş we beýleki serişdeleri peýdalanmak zerurdyr.

Soňky ýyllarda Aşgabatda gurlan ýollar we köprüler, estakadalar hem-de tonneller, ýerüsti we ýerasty geçelgeler awtoulaglaryň hem-de pyýadalaryň howpsuz hereket etmegine mümkinçilik döredip, esasy ýollara düşýän agramy peseltmäge, ýola gidýän wagty kemeltmäge şert döretdi.

Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.

Ýeri gelende aýtsak, degişli taslama amala aşyrylanda onuň bezelişine hem aýratyn üns berildi. Häzir şunuň ýaly desgalar oýlanyşykly meýilleşdirilmegi hem-de bezelmegi netijesinde, şäher dizaýnynyň täze ugruna eýe bolup, daşky gurşawa sazlaşykly goşuldy.

Şeýlelikde, S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki «Mahabat» binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulan ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalar toplumyny gözden geçirip, ulanmaga berlen awtoulag tonneli boýunça geçip barýan gelnalyjyny synlaýar.

Onuň yzysüre tonnel boýunça çagalary alyp barýan awtobuslar geçdi. Täze ýoluň aşagyndan çekilen geçelge boýunça ilkinjileriň hatarynda geçmek olarda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Awtobuslaryň yzysüre bu ýerden awtoulaglaryň akymy ýola düşdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze «Diwan» myhmanhanasyna tarap pyýada ugrady.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra şäheriň bu künjeginiň ýagdaýyna we abadanlaşdyrylyşyna üns berdi. Bu ýerde soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrülen döwrebap binalaryň toplumy kemala geldi.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Döredijilik toparlary dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, uly baýramçylygyň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly toýunyň ýakynlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi.

Şanly sene mynasybetli, ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Ine, şu gün hem S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda täze, döwrebap ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplum dabaraly ýagdaýda açyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda awtomobilleriň kadaly ýol hereketiniň, raýatlaryň pyýada geçelgesiniň amatly bolmagyny üpjün edýän şertleriň döredilmeginiň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Täze toplum Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Türkmen hünärmenleriniň ýokary derejede, özi-de döwrebap halkara ölçeglere kybap gelýän derejede gurluşyklary amala aşyrýandygy, elbetde, bizi hem buýsandyrýar, hem guwandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýene-de bir dabaraly çäräniň garaşýandygyny aýdyp, görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen sözlerini mysal getirdi.

Biz şu gün döwrebap myhmanhanany açýarys, bu ýerde berkarar döwletimize gelýän myhmanlary garşylarys. Biziň ýurdumyz myhmansöýerligiň, dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetliligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar diýip, milli Liderimiz bu däpleriň türkmen halkyna gadymy döwürlerden bäri mahsusdygyny aýtdy.

«Diwan» adyna eýe bolan täze myhmanhana Diýarymyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri — dünýä belli «Rönesans» kompaniýasy tarapyndan bina edildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ýerde belent derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Myhmanhanada ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar göz öňünde tutuldy.

Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklary ösdürilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkymyzda «Gelen — döwlet» diýen ajaýyp pähim bar. Şeýle parasatly sözler türkmeniň döwletlilik ýörelgesine, mizemez däp-dessuryna öwrüldi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz täze myhmanhananyň hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gözel paýtagtymyza gelýän myhmanlara ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Biz geljekde hem amatly şertleri döretmek üçin ähli tagallalary edip, «Açyk gapylar» syýasatymyzy üstünlikli dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar toýumyza mynasyp sowgat bolar. Bu ajaýyp desgalar gözel paýtagtymyzyň owadanlygyny has-da artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary hem-de tutuş halkymyzy täze binalaryň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Milli Liderimiz myhmanhana toplumynyň içine girip, onuň gurluşy bilen tanşyp başlaýar.

Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglardan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar. Bu ýerde myhmanlaryň oňat ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Myhmanhana bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz lýuks we standart derejeli otaglary synlap, şolaryň içki bezelişine we üpjünçiligine aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu gün paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürligi ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle desgalaryň keşbinde milli binagärligiň däplerini hem-de binagärlik babatda öňdebaryjy gazanylanlary utgaşdyrmagyň möhümdigini belleýär. Milli öwüşgin şolaryň içki we daşky bezeginiň tapawutly aýratynlygyna öwrülmelidir. Bu bolsa myhmanlara türkmen halkynyň baý medeniýeti barada köp zatlary bilmäge ajaýyp mümkinçilik döreder.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhana toplumlarynyň otaglarynyň bezelişinde milli nagyşlaryň we beýleki millilikleriň işjeň ulanylmagyna üns berýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, içki interýerler işlenip taýýarlanylanda, her bir zady — reňklerden başlap usullara çenli, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri saýlanyp alnanda, şolaryň ulanyş häsiýetnamalary hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri göz öňünde tutulmalydyr. Elbetde, myhmanlarymyzyň hemmesine ýokary derejeli, halkara ölçeglere kybap gelýän hyzmatlar hödürlenilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhana bilen tanyşlygyny dowam edip, onuň içki bezelişine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýerde oýlanyşykly we esasly çemeleşme zerurdyr, şol sanda suratlaryň seçilip alynmagyna we ýerleşdirilmegine düýpli çemeleşme gerek. Şolar diňe myhmanhananyň içini bezemek bilen çäklenmän, eýsem, myhmanlarymyza türkmen tebigatynyň gözelligini synlap, lezzet almaga, Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, baý milli mirasy hakynda maglumat almaga mümkinçilik bermelidir. Otaglaryň bezegi işlenip taýýarlanylanda, ähli zatlaryň doly sazlaşygyny gazanmaga çalyşmalydyr.

Milli Liderimiz paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada aýdyp, geljegi nazara almak bilen, täze desgalaryň ýerleşdiriljek ýerlerini hem-de şolaryň ozal gurlan binalar we desgalar bilen sazlaşygyny, ýanaşyk ýerleriň bagy-bossanlyga bürelmegini göz öňünde tutýan meýilnamalary taýýarlamaga we amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň banket zalyny we restoranyny synlap, bu ýere gelýänleriň oňat dynç almagy hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin döredilen şertlere ünsi çekip, myhmanlara medeniýetli we birkemsiz hyzmatlaryň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Asyrlarboýy öz dostlugy we myhmansöýerligi bilen tanalyp gelen türkmen halky bu däpleri nesilden-nesle geçirýär hem-de olar täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýäniň beýleki döwletleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

Geljegi uly bolan syýahatçylyk ugry hökmünde hem Diýarymyzyň meşhurlygy artýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu nukdaýnazardan hyzmatlaryň we myhmansöýerligiň ýokary derejesi Türkmenistanyň «ýüzüniň tuwagyna» öwrülmelidir.

Şeýle hem myhmanhanada saglyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde myhmanlara hyzmat etmek, zerur bolan ýagdaýynda ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertler döredildi. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda fitnes zaly, gözellik salony we spa-otagy guruldy. Şeýle hem binada, degişlilikde, 20 we 40 orunlyk bolan maslahatlar zallarynyň ikisi bar, internet zaly, beýleki degişli otaglar göz öňünde tutuldy.

Işjeň dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy halaýan myhmanlar üçin toplumyň çäginde tennis korty, köpugurly sport meýdançasy, futbol stadiony, ýüzülýän açyk we ýapyk howuzlar bar. Sowgatlyk harytlary dükanlarynda bolsa dürli harytlary hem-de amaly-haşam sungatynyň önümlerini satyn almak bolýar. Şeýle hem toplumda ýapyk we açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem bu ýerde — myhmanhanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür paýtagtymyzdaky «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de uzak möhletleýin esasda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara daýanýan Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly işewür toparlar, şol sanda türk hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar bolan mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Işewür «Rönesans Holding» üçin Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde hem üýtgewsiz eýerjekdigine ynandyrdy.

«Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki wakalar mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Milli Liderimiz bu ýerde kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat gowşurdy.

Işewür sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanynda durmuşa geçirilýän özgertmelere gatnaşmagy özi üçin belent mertebe hasaplaýandygyny aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden «Oguzhan» köşkler toplumyna tarap ugrady.

Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şäheriň merkezi künjeginde degişli abadançylyk, arassaçylyk işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, Diýarymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. Şäheriň çäklerinde ekilýän baglaryň, dürli gülleriň sany artýar, seýilgäh toplumlarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň özboluşly keşbini has-da gözelleşdirýär.

Şeýle hem merjen paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň milli binagärlik keşbine aýratyn üns berilýär. Şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde kemala gelýän binalar, ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäherlileriň ýaşaýşy we dynç almagy üçin amatly ýagdaýy üpjün edýär.

Bir söz bilen aýdylanda, şu gün Aşgabatda guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini tassyklap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen girdi. Eziz Diýarymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň baky Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ulanylmaga berlen täze binalar berkarar Watanymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.