close-icon
Habarlar
photo
Sagdyn durmuş ýörelgesi – her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
25.10.2020

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriniň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goralmagyna uly üns berýär hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek wezipelerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakynda alada döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa, adamlara öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, olary döredijilige we asylly işlere ruhlandyrýar.

Türkmenistan tebigaty goramak baradaky halkara resminamalaryna goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýär.

Bu işiň netijeleri dünýä ýüzünde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny artdyryp, Diýarymyzda adamyň saglygyna näderejede uly ünsüň berilýändigini görkezýär.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetlidigini durmuş tejribesi görkezdi. Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap sport düzümi kemala gelýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip esaslandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň sport ulgamyny ösdürmekde we ekologiýa syýasatyny ýöretmekde gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň tassyknamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär, ol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi hem-de sportuň ekologiýa görnüşleriniň biri hasaplanylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly we peýdaly däbini ýola goýdy.

Mundan başga-da, Aşgabatda şol çärelere daşary ýurtly diplomatlar we işewürler gatnaşyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky ilçihanalary tarapyndan welosiped günleri guralýar, olara dünýäniň köp şäherleriniň ýaşaýjylary höwes bilen gatnaşýar. Şeýlelikde, Bütindünýä Welosiped güni – halkara baýramçylyk bolup, ol parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň uly mümkinçiliklerini açýar.

Häzirki döwürde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, onuň guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işjeňligini ýokarlandyrýar, beden taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işleri döwletiň we jemgyýetiň, milli Liderimiziň we agzybir türkmen halkynyň sazlaşygy hem-de tagallalarynyň birleşmegi bolup durýar. Olar sportuň saglyk üçin örän peýdaly bolup, öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde, iň gowy kömekçi bolup durýandygyna oňat düşünýärler.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýen ada mynasyp bolan Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere lukmançylyk ylmynda aýratyn ähmiýet berilýär. Pyýada gezelenç etmek bolsa, onuň işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak adamlarda şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi, oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Sport çäreleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan görelde almaga çalyşmak bilen, saýlap alan ugry boýunça ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Şeýlelikde, halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň hatary artýar. Munuň özi ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilýändiginiň, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek we halkara ähmiýetli ýaryşlary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, skandinaw ýörişi ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar, bu bolsa adamyň bogunlaryna duzuň ýygnanmagynyň öňüni alýar.

Skandinaw ýörişiniň barşynda arkanyň we eginleriň bogunlary işjeňleşýär. Bu ýagdaý adaty pyýada gezelençlerde bolup geçmeýär. Bu ýörişiň peýdasy uludyr, emma belli bir tehnikanyň berjaý edilen ýagdaýynda şeýledir. Mysal üçin, ölçegi boýunça taýaklary dogry seçip almaly, olara känbir agram salman, ýörelen mahaly degişli görnüşde ulanmaly.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagy üçin arassa daşky gurşawy goramakdan, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän milli Liderimiz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.

Milli Liderimiz atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Asyrlaryň dowamynda türkmen seçgiçileri, seýisleri we atşynaslary ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar. Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty şol işleriň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, at çapmak ýaly gadymy milli sungaty kämilleşdirmek häzirki döwrüň türkmen atçylygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ahalteke bedewleriniň tohumynyň hem-de türkmen atlarynyň özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilimelidigini belleýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň nýgtaýşy ýaly, bedewleriň tebigatynda ynsan durmuşyna ýakynlygy bolan özboluşly sazlaşyk bar.

Türkmen halky ahalteke bedewlerine aýratyn mähir bilen garap, olary ösdürip, kemala getirmek bilen, atlary seýislemegiň özboluşly ulgamyny işläp taýýarlady diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu bolsa bedewleriň ynsana bolan oňyn gatnaşygyny emele getiripdir. Şunlukda, türkmen atşynaslary at seýislemekde özboluşly ugur döredipdirler.

Asyrlar aşyp gelýän bu ýörelgeler häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, zamanabap derejede ösdürilýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerine diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde üns beriljekdiginiň ygtybarly kepili bolup durýar.

Hut şeýle ajaýyp häsiýetler, bedewleriň reňk aýratynlygy olaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny kesgitleýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler bedew atlaryny öz maşgala agzalarynyň biri hökmünde görüpdirler. Bu bolsa ahalteke bedewiniň ynsan bilen mizemez arabaglanyşygyny pugtalandyrypdyr.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň derejesi bedew badyna meňzedilýär.