close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
23.10.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Giňişleýin mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň inženerçilik-tehniki düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, birnäçe ugurdaş desgalary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede abatlamak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny köpugurly we innowasion esasda işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu maksat bilen bar bolan kuwwatlyklary hem-de serişdeleri netijeli peýdalanmak, önümçilige sanly tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň senagat kärhanalarynyň öňünde täze wajyp wezipeler goýuldy. Şolaryň hatarynda önümçilik düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, pudagyň tehnologik desgalarynyň ýokary önümçilik ulgamyny üpjün etmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak meseleleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de obasenagat toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 22-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, maldarçylygy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde zerur işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berip, güýzki bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Gögeriş gazanylan meýdanlarda zerur işler agrotehniki kada laýyk derejede ýerine ýetirilýär.

Şu günler pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli ulanmak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça obasenagat toplumynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli welaýatlarda güýzki ekinlere ideg işleri degişli derejede dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, maldarçylyk hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine, tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny durnukly artdyrmaga gönükdirilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz pagta ýygymyny bellenilen möhletde tamamlamagyň möhümdigini belläp, şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Geljek ýylda bol hasyl almak ugrunda güýzlük bugdaýa degişli ideg işleriniň sazlaşygy üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň pudaga ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak maksady bilen, giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdiler. Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda ýaýbaňlandyrylan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidigini, gögeriş suwuny tutmak we ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen gurplandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk ähmiýetli ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şol birwagtyň özünde gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, maldarçylyk hojalyklarynyň ot-iým binýadyny berkitmek üçin zerur agrotehniki hem-de ykdysady şertleri döretmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer ýakyn wagtda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäräniň meýilleşdirilendigi, bag ekiljek ýerleri we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine ekologiýa nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem bu möwsüm ýaş nesilleriň halal zähmet ruhunda terbiýelenilmeginde möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň bu asylly işe halkymyzda mukaddeslik hökmünde hormat goýulýandygyny alamatlandyrýandygyny we onuň ýagşy dessura öwrülendigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, bag ekmek möwsümine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän senagat we gurluşyk, energetika, himiýa ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, paýtagtymyzyň şäher düzümini ösdürmek, ýaşaýyş toplumlaryny, köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek hem-de berkarar Türkmen döwletiniň kuwwatynyň we rowaçlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz täze desgalaryň döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belläp, wise-premýere alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline we olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “Aşgabat–Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentligi üçin Türkmenistanda radiogepleşikleriň ulgamyny giňeltmek üçin zerur bolan FM radioýaýradyjy enjamlaryny satyn almagy, gurnamagy we işe girizmegi hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken “Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda gurluşyk işleriniň doly tamamlanandygyny aýtdy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň edara-kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze gurulýan döwrebap kärhanalar toplumynyň binasynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtoulaglary mekdebini hem-de “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini ýerleşdirmek göz öňünde tutuldy.

Bu awtoulag kärhanalar toplumynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan taraplaryň paýly gatnaşmagynda paýly “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Täze Awtoulaglary mekdebi zerur desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň işine ünsi çekdi we bu ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere desganyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer milli Liderimiziň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri çözmek babatda yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy enjamlary hem-de täzeçillikleri ulanmagyň netijesinde, ýurdumyzda aragatnaşygyň, sanly tele we radioýaýlymlaryň köp şahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär. Elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanlylaşdyrmagy ilerletmek hem-de intellektual ulgamlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýändigini nygtady. Milli Liderimiz mundan beýläk hem özümiziň ylmy-tehnologik kuwwatymyza esaslanýan sanly nusganyň kemala getirilmeginden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bellenen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çykyş edip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň döwrebap enjamlary satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak teklip edilýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýerli çig maly rejeli ulanmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydygyny nygtady.

Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna eýedir. Hormatly Prezidentimiz öňde köpsanly taslamalaryň durandygyny belledi. Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, Tatarystan özüniň serişde – senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary bilen baglylykda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň esasy ulgamlarynyň biri bolan dokma pudagynyň öňünde önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig maly netijeli ulanmagyň esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary öndürýän we gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamalaryň wajypdygyny aýdyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli ölçeglere doly laýyk gelmelidigini nygtady. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleriň guralýandygy bellenildi. Şol çäreler milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat bilen başlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýylynyň many-mazmunyny, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini dünýä ýaýmak maksady bilen, şu günler metbugatda, internet-saýtlarynda, döwürleýin neşirlerde we elektron gazetlerinde köpsanly täze rubrikalar döredildi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary boýunça türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat berýän kitapçalar neşir edildi. Köpçülikleýin internet-saýtlarda hem-de Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hyzmatdaşlary bolan iri halkara agentlikleriniň sahypalarynda ýurdumyza dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara hukuk derejesiniň berlendigini beýan edýän habarlar hem-de makalalar ýerleşdirildi.

Bulardan başga-da, noýabr aýynda şanly sene mynasybetli türki dilli döwletleriň kompozitorlarynyň hem-de sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredijilik duşuşygyny, UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen “küştdepdi” türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyryş çäresini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ählisine döredijilik taýdan baha bermegiň, Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerinde Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary saklamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanda sportuň meşhur görnüşlerini, şol sanda dünýäde giňden ýaýran we Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça anyk işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebit hem-de ählumumy derejede sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde ykrar edilen welosiped sportuny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan giň möçberli işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy.

Bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri halkara ýaryşlaryny guramakda toplanan tejribä esaslanyp hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýan häzirki döwründe welosiped sportunyň ähli halkymyz üçin sportuň söýgüli görnüşleriniň birine öwrülmelidigi bellenildi.

Halkymyzyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şu maksat bilen köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary we açyk sport meýdançalary guruldy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak üçin döredilen şertlerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna welaýatlaryň häkimleriniň hem ünsüni çekli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmelidigini, sporta höwesek harby gullukçylaryň, esgerleriň hem-de beýleki işgärleriň Diýarymyzda guralýan we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesini pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň arasynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de wagyz etmek işleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara olimpaiýa komitetiniň, Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanda soňky ýyllarda birnäçe iri halkara ýaryşlarynyň, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belledi. Munuň özi türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa we özüne çekiji, Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şu maksat bilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde dünýä ölçeglerine doly kybap gelýän welotrek guruldy. Şol ýerde 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä derejeli abraýly ýaryşa taýýarlyk işlerine girişmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, dürli ýurtlaryň daşary syýasat edaralary hem-de ýöriteleşdirilen ugurdaş düzümleri bilen degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şonuň netijesinde, habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk teklipler taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem goňşy ýurtlaryň we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen halkara düzümleri we daşary ýurtlar bilen bilelikde onlaýn görnüşinde mediaforumlary, metbugat maslahatlaryny hem-de beýleki çäreleri sanly tehnologiýalar arkaly guramak maglumat-täzelikler işiniň möhüm ugry bolup durýar.

Milli, sebit we dünýä derejesinde habar beriş ulgamynda möhüm ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmek maksady bilen, Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasyny (“Ýol kartasyny”) taýýarlamak teklip edilýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň çägini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda döwrebap sanly tehnologiýalary we Internet-serişdelerini ulanmagyň esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň elektron kitaphanasynyň, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergisiniň hem-de “Halkara habarlar” atly Internet-gazetiniň döredilendigi bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýtyny açmak baradaky teklibi hem beýan etdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryny, Milli maksatnamalary, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we beýleki ähmiýetli maglumatlary hemmetaraplaýyn beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri geçirmegiň meýilnamasy, bu şanly waka gabatlanylyp geçiriljek bedenterbiýe-sport çäreleriniň meýilnamasy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maglumat giňişligine yzygiderli goşulyşmagy, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de iň täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly tejribäniň alşylmagyna ýardam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmaga, ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalary giňden beýan etmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Bitarap Watanymyzyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtap, beýan edilen teklipleri, umuman, makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellemek meselesine degip geçip, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň we çäreleriň hem-de şolara gabatlanylan bedenterbiýe-sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreler we dabaralar paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap almalydyr.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu meselelere parlamentiň nobatdaky mejlisinde garalar.

Täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegini hem-de milli Liderimiziň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen döwlet syýasatynyň illeri tutulýan ugurlarynyň esasynda alnyp barylýar.

Konstitusion özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Mejlisiň nobatdaky 12-nji maslahatynyň gün tertibine “Türkmenistanyň Milli Geňeşi”, “Konsullyk gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny, şeýle hem “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalaryny ozal hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi barada aýdyp, Mejlisiň deputatlarynyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanalary bilen guralýan çärelere gatnaşýandyklaryny habar berdi.

Mejlisiň agzalary iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde özleriniň saýlaw okruglarynda kabul edilýän kanunçylyk namalary, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça öňde durýan wezipeleri, umumy ykrar edilen kadalary we hukuk tejribesinde bar bolan halkara ölçegleri nazara alnyp, döwletimiziň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň öňde boljak maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere ünsi çekip, döwletimiziň ähli ugurlarynyň, ilkinji nobatda bolsa, durmuş ulgamynyň özgerdilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde, jemgyýetimizde agzybirligi we bitewüligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny nygtaldy.

Şeýle hem mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goranyş kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak we düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar berildi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, özüniň bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolan döwletimiz mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan harby güýçleriň goranyş ukybynyň berkidilmegi ugrunda yzygiderli alada eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olaryň ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin bu düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow milli Liderimiziň Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Bu resminamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarada durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeler nazara alnyp taýýarlanyldy. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynda emele gelen ählumumy ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan käbir ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.

Wise-premýer ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň esasy görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümiň hereket edýän nyrhlardaky we ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarynda göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan maglumatlara geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň jemlenen girdejileriniň we çykdajylarynyň umumy möçberleri tassyklanyldy.

Serişdeleriň köp bölegini durmuş ulgamynyň, şol sanda bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlaryna, umumy görnüşdäki döwlet hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.

Maýa goýumlarynyň kesgitlenen möçberleri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. 2021-nji ýylda maýa goýum serişdelerini esasan ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, täzeçil usuldaky önümçiligiň ýola goýulmagyna, düzüminde goşulan gymmatyň paýy ýokary bolan pudaklara, durmuş-medeni ulgamlara hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirmek meýilleşdirildi.

Şeýle hem wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp gurluşyklara, welaýatlarda gurulýan täze şäherçelere we obalara gönükdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşýanlara ýüzlenip, döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de ýakyn geljek üçin öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

“Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz geljek ýylda depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda durmuş maksatly ykdysady syýasaty amala aşyrmagyň dowam etdirilmelidigini nygtady. Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly depgin bilen ösmeginiň hasabyna üpjün edilmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de ykdysadyýetiň kadaly ösüşini dowam etmek boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetiň ösüşine we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etmek üçin, ýeterlik maliýe serişdeleri göz öňünde tutulmalydyr.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.

Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.

Halk hojalygynda zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir.

Milli Liderimiz 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ilatymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu işleriň ilatymyzyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegini hem öz içine almalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny seretmek üçin Mejlisiň garamagyna ibermek baradaky resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly G.Mämmedowa geçirdi hem-de ýakyn wagtda milli parlamentiň maslahatynda ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyna garamagy teklip etdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.