close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
20.10.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

N.Amannepesow bu ugurda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berip, döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işiniň ýola goýlandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkezi we Türkmenabat şäherinde Ýerli Dolandyryş merkezi döredildi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň yzygiderli işi ýola goýuldy. Şu wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 71-si geçirildi. Mejlislerde ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýiti ýokanç keseliň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça zerur çäreler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, möhüm kararlar kabul edildi hem-de çözgütler çykaryldy. Milli kanunçylygymyza degişli üýtgetmeler girizildi we dünýä tejribesine laýyklykda, wagtlaýyn Tertipnamalar hem-de Düzgünnamalar kabul edildi.

Ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamy döredildi. Serhetýaka çäklerdäki etraplaryň arasynda gözegçilik nokatlary döredilip, ilatyň hereketine we saglyk ýagdaýyna gözegçilik işleri amala aşyryldy, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň ählisi tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan serişdeler hem-de dikuçarlar bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Döwlet serhediniň 9 sany, şol sanda Balkan welaýatynda — Garabogaz, Serhetýaka, Türkmenbaşy we Etrek, Ahal welaýatynda — Kaka, Sarahs, Mary welaýatynda Serhetabat, Lebap welaýatynda — Ymamnazar we Farap gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy.

Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy. Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtlarda bolup gelen raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallarynyň işi guraldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ýokanç keseliň dünýäde ýüze çykan ilkinji günleri şol döwletde okaýan talyplarymyz, şeýle hem epidemiologik ýagdaýy çylşyrymly bolan beýleki döwletlerde okaýan talyplarymyz we raýatlarymyz ýörite uçar arkaly ýurdumyza getirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.

Ýurdumyza bu keseliň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, hassahanalarymyz ýokary taýýarlykly iş düzgünine geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýörite taýýarlyk okuw-sapaklary geçirildi.

Ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda 19 sany barlaghana hereket edýär. Bu barlaghanalar Günorta Koreýa, Şweýsariýa, Germaniýa we Türkiýe döwletlerinden getirilen anyklaýyş serişdeleri bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri bilen ulgamlaýyn üpjün etmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.

Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.

Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjynyň täze tapgyrlarynyň möwç alýan mahalynda bu kesele garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ilatyň şahsy gigiýenanyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we araçägi saklamagyň düzgünlerini pugta berjaý etmekleri üçin düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.

Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin giň gerimli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmanlaryň ýan kitabyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda beýan edilen üzärlik, şeýle hem ýandakdan, arçadan, itburundan, ajy burçdan we beýleki dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan dürli melhemlik çaýlar, gaýnatmalar we içgiler keselleriň öňüni almakda we adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.

Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak üçin Saglyk öýlerimiziň lukmanlary tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, edara-kärhanalarda işleýän adamlaryň we raýatlaryň arasynda dispanserizasiýa işleri geçirildi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan dostlukly we ynsanperwer syýasaty netijesinde, Owganystan we Eýran Yslam Respublikalaryna, Russiýa Federasiýasyna ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli dörän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýlar döwründe derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy.

Öz nobatynda, Günorta Koreýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Bahreýn Patyşalygyndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan dostlukly kömegiň nyşany hökmünde ýurdumyza iberilen derman we lukmançylyk hajatly önümler ýurdumyza gelip gowuşdy. Bu saglygy goraýyş maksatly serişdeler keseliň öňüni almak üçin ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky Karary bilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumy kesgitlenilip, ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.

Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory jenap Tedros Adhanom Gebreýesus bilen birnäçe gezek teleköpri arkaly maslahatlar geçirildi we ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gazanylan oňyn tejribeler barada pikir alşyldy.

Şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş hem-de daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralaryň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri bilen onlaýn düzgüninde şunuň ýaly maslahatlar, duşuşyklar we brifingler geçirildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary we işgärleri tarapyndan ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik işleri amala aşyrylýar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, keselleri anyklamak, olaryň öňüni almak bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.

N.Amannepesow milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada edýän hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen lukmanlarynyň ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Ministr şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga taýýar edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasynyň we Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesindäki şypahananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwletimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny we özüne wezipeleriň tutuş toplumyny birleşdirýändigini nygtady.

Şol wezipeleriň ählisi yzygiderli çözülýär, şol sanda lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ynjalyksyzlyk döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we hökümetiň bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýandygyny hem-de zerur bolan çäreleri görýändigini nygtady.

Giň gerimli hem-de maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde howply ýokanç keselleriň öňüne ygtybarly böwet goýuldy, olaryň öňüni almak babatda görülýän netijeli çäreler bolsa keseliň aralaşmak howpuny ep-esli azaldýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek hem-de ýokanç keselleriň epidemiologik gözegçiliginiň monitoringini dowam etmek, şeýle hem dünýä ýurtlarynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaýlary içgin öwrenmek we bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Döwletimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ägirt köp mukdarda serişdeleri gönükdirýär, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze lukmançylyk merkezlerini ulanmaga berýär, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň iri ylmy-barlag merkezlerinde okamagy hem-de tejribe alyşmagy üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmen lukmanlary sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri hem-de daşary ýurtly kärdeşleri bilen gatnaşyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda bu möhüm ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam etmäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyk edip, lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda – lukmanlaryň gatnaşyklaryny ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ulgamynda maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan ýurtlaryň jebisligi, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howplara garşy göreşmekde olaryň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Biz täze ählumumy wehimiň örän howpludygyna düşünmek bilen, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde özara ylalaşykly çözgütleri taýýarlamakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dünýäde ýokanç keseliň ýaýramagy bilen bagly görülýän çäreleriň hatarynda zerur bolan derman hem-de gorag serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek çäreleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän «2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasynyň» ähmiýetini belledi.

Döwletiň çägine gelmegi, ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirýän öňüni alyş çäreleri, örtügiň dakynylmagy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edaralarynyň wagtlaýyn ýapylmagy, awiasiýanyň kömegi bilen uly çäkleriň zyýansyzlandyryş erginleri bilen işlenilmegi, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýörite niýetlenen ýerleriň döredilmegi hem-de beýleki möhüm çäreler oňyn netijesini berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýanyň ilkinji günlerinden ýokanjyň diňe bir howa-damja ýoly arkaly däl, eýsem, howa-meýdan arkaly hem ýaýraýandygy baradaky çaklama aýdyldy we ol tassyklanyldy. Munuň özi ýokanjyň çägini ep-esli giňeldýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, ilkinji nobatda, degişli jemgyýetçilik pikirini döretmäge baglydygyny nygtady. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmagyň häzirki zaman strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz etmek hem-de düşündiriş işleri öňdäki hatara çykýar.

Döwlet Baştutanymyz arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmagy, howpsuz aralygy saklamagy, elleri zyýansyzlandyrmagy, beden gyzgynyna gözegçilik etmegi, üzärlik tütetmegi, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçysyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guramagy hem-de düşündiriş, wagyz ediş çärelerini geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmek saglygy goraýyş edaralarynyň, öňüni alyş çärelerine gatnaşýan ähli düzümleriň we ilatyň bilelikdäki işi durnukly ýagdaýy saklamaga, ýurdumyzda howply ýokanjyň peýda bolmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäklerini mundan beýläk hem ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan asuda saklamak üçin öňüni alyş çäreler toplumyny durmuşa geçirmegi dowam etmegi, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň maslahatlaryny we ýokanç keselleriň epidemiologik gözegçiligini yzygiderli geçirmegi, dünýä ýurtlarynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaýlary yzygiderli öwrenmegi we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen ýurdumyzy meýilnamalaýyn üpjün etmegi dowam etmegi hem-de olaryň ätiýaçlyk gorunyň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň häzirki döwürde dünýä döwletlerinde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen täze iň ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek, ýurdumyzda agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmegi dowam etmek hem-de ätiýaçlyk goruny döredip, olaryň üstüni dolduryp durmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we dispanserizasiýa işlerini dowam etmek, ilatyň arasynda möwsümleýin dümew keseliniň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi dowam etmek we bu serişdeleriň zerur bolan möçberlerini satyn almak möhüm çäreleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hususan-da, ýöriteleşdirilen merkezleri döretmek bilen bagly meselä ünsi çekdi. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň hatarynda täze Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana hem bar. Bu hassahana ýurdumyz boýunça Arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Bu merkezde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, Aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini öwrenmek boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işleri alnyp barlar.

Şeýle hem milli Liderimiz täze guruljak Dikeldiş merkezinde häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Bu merkezde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, peşew bölüp çykaryş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerini geçiren näsaglary, operasiýa geçiren näsaglary, ýokanç kesellerden soňra dörän gaýra üzülmeleri dikeltmek işleri amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bina ediljek saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda alnyp barylýan saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyk işlerini welaýat häkimlikleri tarapyndan gözegçilikde saklamak boýunça degişli işleri alyp barmak, paýtagtymyzda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagy mundan beýläk hem dowam etmegiň hem-de pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milletiň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler biziň durmuşa geçirýän syýasatymyzyň strategik ugrudyr. Bu syýasatyň many-mazmuny we ähmiýeti «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, türkmen lukmanlaryna hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy ugrunda göreşýän adamlaryň hemmesine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.