close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.10.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň köçeleriniň ugrunda, seýilgählerde we meýdançalarda baýramçylyk mynasybetli ýerine ýetirilýän bezeg işleriniň barşy, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olarda häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak we gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabatda alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyna ünsi çekip, şäherde arassaçylyk işlerini dowamly alyp barmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hem innowasiýa we öňdengörüjilikli çemeleşmeleriň esasynda, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp düzmeleri, iň gowy dünýä tejribesini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabaty diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim welaýatyň çäklerinde sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz ulanmak, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly harmanhanalara daşamak boýunça ýerine ýetirilýän sazlaşykly işler barada milli Liderimize hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, pagtaçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.

Güýzlük bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, häkim bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň we enjamlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler, ekiş wagtynda guralýan tehniki hyzmat we gögeriş gazanylan ýerlerde geçirilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük soganyň ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamak, şeýle hem beýleki gök ekinleriň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, şol bir wagtyň özünde alnyp barylýan işleriň agrotehniki kada laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Şonuň bilen birlikde, welaýatyň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky, hususan-da, ulanylmaga tabşyrylmagy Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna meýilleşdirilen binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigine, şeýlelikde, ýygymyň depginleriniň güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hil derejesinde gaýtadan işlenilmelidir. Mundan başga-da, welaýatda güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere we häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň mynasyp derejede garşylanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “ak altyn” hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, pagtanyň kombaýnlar bilen ýygnalýan möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýygym möwsüminiň depginlerini güýçlendirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Ýygnalan hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de harmanhanalaryň bökdençsiz işi ýola goýulýar.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, ony agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şeýle hem ýeralma, gant şugundyry, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasy baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr.

Güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gögeriş gazanylan ýerlerde degişli agrotehniki çäreleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem beýleki ekinlerden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz welaýatda desgalaryň, şol sanda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyklarynyň barşy bilen gyzyklanyp, şolaryň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletinde tabşyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabatyny welaýatyň pagtaçylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler baradaky maglumatdan başlady. Bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny doly we ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işleýän kärhanalaryň bökdençsiz işini ýola goýmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Şol bir wagtyň özünde welaýatda güýzlük bugdaý ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek, şunlukda, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we beýleki enjamlaryň işini bökdençsiz ýola goýmak ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şaly, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda ýerine ýetirilýän sazlaşykly işler barada hasabat berdi.

Şol bir wagtyň özünde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi üçin hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýakynlaşyp gelýän şanly 25 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz obasenagat pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda aýratyn möhümdigini belledi we häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymynyň güýçli depginlerde alnyp barylmalydygyny, ýygym möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde soganyň we beýleki güýzlük ekinleriň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, wise-premýere we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, sebitiň etraplarynda we şäherlerinde baýramçylyk mynasybetli degişli bezeg işlerini ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Ol sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgininiň güýçlendirilişi, şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli guramaçylykly işler alnyp barylýar. Şunda, pagta ýygýan kombaýnlaryň netijeli işini, ýygnalan hasylyň pagta kabul edýän bölümlere we pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşalmagyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Häkim welaýatda güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, gallaçy kärendeçileriň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýerlerden alynýan hasylyň möçberini artdyrmak, hususan-da, şalydan, ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde welaýatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde, agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýetişdirilen gowaça hasylyny aýny möhletlerde we doly ýygnap almak, ýygym möwsüminde zerur bolan ýokary derejeli mümkinçilikleri döretmek we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişi bilen bir hatarda giçki ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny öndürmek ugrunda zerur bolan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda berjaý edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli degişli bezeg işleri ýerine ýetirilmelidir.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek, güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, şol sanda olara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça hemmetaraplaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ähli ýerlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp garşylamak, şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çärelere ünsi çekdi hem-de pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemek we bu möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň beýlleýşi ýaly, welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol birwagtyň özünde gant şugundyrynyň, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigi aýdylyp, wise-premýere we häkime anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş meselelerini çözmäge hem-de Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ähli desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmäge gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylarynyň, oba zähmetkeşleriniň netijeli işini üpjün etmek, olara yzygiderli goldaw bermek, önüm öndürijileri höweslendirmek meselelerine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu barada ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew şu günler obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, bu işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek, şeýle hem möwsüme degişli ähli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli pugtalanmagynda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ulgama häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň hem-de ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ykdysadyýetimiziň birnäçe pudaklary, şol sanda dokma senagaty üçin zerur çig mal bolup durýan gowaçanyň hasyllylygyny artdyrmak, halkymyzyň milli baýlygy hasaplanýan “ak altyny” gaýtadan işlemek meselelerine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagtaçylykda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi, hasyllylygy ýokarlandyrmak ugrunda täzeçil usullaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde beýleki ekinlerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, pudaga telekeçileri işjeň çekmek, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynda tohumçylyk-seçgi işlerini ýokary derejede geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak wezipeleri möhüm bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.