close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
25.09.2020

Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Pederlerimiziň asylly dessurlaryna, milli jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerine we gadymy halk häkimiýetlilik däplerine esaslanýan umumymilli maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi. Olaryň oňyn çözgüdi ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi onuň taryhy ähmiýetini äşgär eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler demokratik ýörelgelere hil taýdan täze itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar.

Halk Maslahatynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary, edaralaryň we kärhanalaryň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Forumy geçirmek üçin milli Liderimiz paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldi. Şol ýerde mejlise gatnaşyjylaryň ählisi bilen göni wideoaragatnaşyk üçin ýörite uly monitorlar goýuldy. Hemmeler şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutladylar.

Ählihalk forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar zerarly Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýändigini belledi. Şeýlelikde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleri Ruhyýet köşklerinde jem boldular. Ahal welaýatynyň wekilleri “Ak öý” binasyna, Aşgabat şäheriniň wekilleri bolsa paýtagtymyzyň “Mekan” köşgüne ýygnandylar.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk edip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Milli Liderimiz umumymilli foruma gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň açylmagy hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-- Bitaraplygyň mekany” ýylynda geçirilýän Halk Maslahaty kuwwatly Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi hem-de Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi.

Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýokary gymmatlygy bolan adamlara hem-de olaryň bähbitlerine gulluk eder. Şeýle hem kanun çykaryjylyk guramanyň iki palataly düzümini döretmek, demokratik edaralaryň işini täze derejä çykarmak başlangyçlary öňe sürüldi.

Bu gezekki foruma gatnaşyjylaryň onuň gün tertibi bilen tanşandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler hem-de resminamalar boýunça haýsydyr bir teklipleriň ýa-da bellikleriň bardygy bilen gyzyklandy.

Ählihalk forumyna gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz uly maksatnamalaýyn çykyşyna başlady.

Umumymilli foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz ýene sanlyja günlerden milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baş baýramçylygyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Biz Garaşsyzlyk gününe baýramçylyklarymyzyň we dabaralarymyzyň esasy hökmünde aýratyn gadyr goýýarys. “Türkmenistan--Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda bu taryhy senäni şanly wakalar we uly üstünlikler bilen garşylaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter özgerdi.

Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Mähriban Watanymyz dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlaryň derejesine çykarmak baradaky baş maksat amala aşyryldy.

Döwletimiziň tebigy baýlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, ösen ulag-logistika düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklary hem-de senagat önümçilikleri döredildi. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi. Bu üstünlikler mähriban halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we ruhubelentligi netijesinde gazanyldy.

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, halkara syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara alyp, özüni Bitarap döwlet diýip yglan etdi we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Bütin dünýäde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bitarap ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarydyr beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.

Biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarynda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar diýip nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” baradaky kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenilýän ýylynda berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75­nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň ýokary abraýa eýe bolandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagynyň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňelmegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegi üpjün etjekdigini belledi. Şeýle hem geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda hem-de üstünlikli durmuşa geçirmekde bu derejäniň uly ähmiýeti bolar.

Biz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerimize daýanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýylyň dekabr aýynda örän möhüm senäniň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bellenip geçiljekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ýene-de biri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylda dünýäde örän ýiti koronawirus keseli giňden ýaýrady. Bu ýokanç ähli döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirdi.

Biz dünýäde dowam edýän bu çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini gazandyk, köp möçberdäki maliýe serişdelerimizi ätiýaçda saklamagy başardyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmegiň bäş ýyl üçin maksatnamasynyň geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda tassyklanandygyny belläp, häzirki kynçylykly şertlerde bu maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Esasy maliýe guralymyz bolan Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagyny üpjün etmelidiris. Sebäbi amala aşyrylýan ýaşaýyş-durmuş ugurly maýa goýumlarymyzyň aglabasy Döwlet býujetiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragyny durmuş maksatly ugra, şol sanda welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine gönükdirýäris. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris. Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy barada hemişe alada etmegiň wajypdygyny belläp, şu ýyl hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ýokarlandyrylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Döwlet býujetinden berilýän pul serişdeleriniň uly bölegi bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna, Pensiýa gaznasyna gönükdiriler.

Türkmenistan –gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de anyk mysal hökmünde birnäçe sanlary we maglumatlary getirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäklerinde, şeýle hem berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap täze obadyr şäherçeleriň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda 1 milliard 765 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şu döwürde 2 sany Saglyk öýi, orta mekdep, 216 kilometr inženerçilik ulgamlary we desgalary, 510 kilometre golaý aragatnaşyk ulgamlary, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimize gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 19,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljek 2021-nji ýylda ähli çeşmeleriň hasabyna maýa goýumlarynyň möçberi 37 milliard manada golaý bolar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly meýilnamalar barada aýdyp, düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünini öndürýän önümhanany, Daşoguz welaýatynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň, “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça “Aşgabat–Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamalary, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir möhüm meselä ünsi çekdi.

Milli Liderimiz gurluşyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, enjamlar we serişdeler bilen üpjün edýän senagaty ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda aýna önümlerini, dürli magdan däl gurluşyk materiallaryny, gury ýelim garyndylaryny we demirbeton önümlerini öndürýän täze önümçilikleri döretmäge köp mukdarda maýa goýumlarynyň goýlandygyny belledi. Netijede, gurluşyk materiallary senagatynyň önümçiligi birnäçe esse artdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan Bäherdende we Lebap welaýatynda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Geljekde gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri, birinjiden, özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan, ikinjiden bolsa, gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny we hilini, gurluşyk işleriniň hem-de toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň binýadyny pugtalandyrmak Garaşsyz döwletimizde senagat-innowasion ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Biz ýaňy-ýakynda hem oba hojalyk ýurdy bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde elektron tehnikalaryny, şol sanda kompýuterleri öndürýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen birlikde, şäherdir obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly möhüm wezipeler hem durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatlaryň häkimlikleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, şäherleşmäniň gerimini giňeltmek hem-de ilatly ýerleri toplumlaýyn durnukly meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak boýunça mundan beýläk-de degişli işleri geçirmelidigini nygtady.

Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsleşige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlary hem köpeldilýär. Şunuň bilen birlikde, biz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň, Merkezi Garagumda ýylda 2 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desganyň gurluşyk işlerini çaltlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz dokma senagatyny ösdürmek meselelerine geçip, önümçilik binýadynyň hem yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri çykarmak ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky täze dokma toplumlarynyň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň önümçilik kuwwaty has-da artar.

Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz ýakyn geljekde energetika senagatynyň kuwwatyny has-da artdyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz önümçilik we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada aýdyp, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalaryň, geçirijileriň, paýlaýjy beketleriň gurulýandygyny, Aşgabat şäheriniň, welaýat merkezleriniň, iri şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamynyň yzygiderli täzelenýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky meýilnamalar barada aýdyp, gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçilikleriniň hem göz öňünde tutulýandygyny nygtady. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan döwrebap oba we desgalar gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna energiýa bilen üpjün ediler. Ýurdumyzyň içinde energiýa halkasyny döretmek we “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan” elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri hem dowam ederis.

Çykyşyň dowamynda döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän logistika strategiýasynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny belledi. Türkmenistanyň çägi irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdiripdir. Bu ýagdaý Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi ýokary depginde ösýän, bäsleşige ukyply ulag makrodüzümini döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde deňiz, awtomobil, demir ýol, howa we turbageçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrylýar. «Özbegistan– Türkmenistan–Eýran–Oman» we «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgeleri hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy sebitleriň we yklymlaryň çäginde gatnaşyklary ösdürmäge ýakyn wagtda giň mümkinçilikleri döreder.

Hereket edýän “Türkmenistan–Hytaý» hem-de gurluşygy dowam edýän “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” halkara gaz geçirijileri hem turbageçiriji logistikasynyň düzüm halkasy bolup hyzmat eder.

Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda «Aşgabat–Garagum–Daşoguz», «Türkmenbaşy–Aşgabat–Farap» ýollary has-da ähmiýetlidir. Bu ýollar ýurdumyzyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ykdysady strategiýa barada durup geçip, bu ulgamda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe bolmagy öz önümçiligimizi ösdürmek, eksportuň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynda özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň bäsleşige ukybynyň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine ýardam edýär.

Nygtalyşy ýaly, oba hojalygynda hem dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp baryldy. Netijede, ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý tabşyrdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp baryldy we alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz bu toplumyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamlaryň çözgütlerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy, umuman, pudakda geçirilýän özgertmeleri dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, tokaýlary hem-de öri meýdanlaryny dikeltmek hem-de haýwanat dünýäsiniň köp dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak usullaryny işläp düzmegiň, howanyň üýtgeýän şertlerinde Hazar deňziniň biologik dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy-barlag işlerini çaltlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmelidir we önümçilige yzygiderli ornaşdyrmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleri ýerleşdirmek, ösümlikleri we mallary goramagyň biotehnologik usullaryny işläp taýýarlamak, ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ýola goýulmagyna täze itergi berjek çäreleri görmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny yzygiderli seljerip, kämilleşdirip, bu işleri Ministrler Kabineti bilen bilelikde alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy täze iş orunlaryny döretmäge, häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berer.

“Biz Aral deňziniň meseleleriniň diňe bir ynsan saglygyna däl, eýsem, daşky gurşawa, haýwanat dünýäsine we oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilmegine ýaramaz täsirini azaltmak babatda degişli işleriň ylmy çemeleşmeler we halkara tagallalaryny birleşdirmek esasynda alnyp barylmagyna hem aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu aýdylanlaryň biziň mümkinçiliklerimiziň hemmesi däldigini nygtap, häzirki wagtda çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynyň esasy meseleleriniň biriniň hem senagat we durmuş galyndylary bilen baglydygyny belledi.

Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda galyndylary zyýansyzlandyrmak, gaýtadan işlemek we ikinji derejeli maddy serişde hökmünde peýdalanmak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, telekeçilerimiz alymlar bilen arkalaşykly işläp, bu meseläni çözmek ugrunda ähli tagallalary etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz hemmeler üçin örän möhüm bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet syýasatynda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejesinde döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, birnäçe maglumatlar getirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlandygy bellenildi. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar.

Ylym ulgamynda sazlaşykly geçirilýän düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarynda ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi.

Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri geçirýärler.

Kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary, innowasion işläp taýýarlamalar ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça gymmatly taslamalary amala aşyrýarlar we ylmy barlaglary geçirýärler. Bu bolsa, bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermegine giň ýol açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Men ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi hem-de bu ugurda degişli Maksatnamany taýýarlamagy tabşyrýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy we munuň diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýandygyny belledi. Döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleri barada aýtmanymyzda hem, biziň hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy giňeltmäge mümkinçilik berer. Döwlet serişdelerini ep-esli tygşytlamaga, bu serişdeleri ýurdumyzy ösdürmäge hem-de durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmäge şert döreder.

Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, biz berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirdik. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň esasy maksatlaryndan ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini hem mynasyp dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň ýurdumyzda ýokary depginler bilen yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigi nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz COVID-19 koronawirusyna garşy göreşmek meselesine degip geçdi. Häzirki wagtda bu kesel bilen tutuş dünýä ýüzbe-ýüz boldy.

Bellenilişi ýaly, ýokanjyň giň çäklere ýaýrap başlan ilkinji günlerinden ýurdumyzda adamyň immunitetini berkitmäge ýardam edýän esasy lukmançylyk serişdeleri bilen muzdsuz esasda yzygiderli üpjün etmek işi guraldy. Ilatyň ählumumy dispanserizasiýasy durmuşa geçirilýär. Adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça beýleki zerur çäreler amala aşyrylýar. Bu ýiti ýokanç koronawirus keseline garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň döwlet derejesinde meýilnamasy kabul edildi. Bu pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklandy.

Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we olaryň güýjüni bu ýokanja garşy göreşde netijeli peýdalanmak häzirki döwürde möhüm ugurlaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şundan ugur alyp, şu gün saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan karara gol çekiljekdigini aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara hem-de halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müňýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Bir hepdeläp dowam eden çäreler gadymy mirasymyzyň, çeper döredijiligiň hem-de milli medeniýetimiziň baýramy hökmünde buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Nesip bolsa, geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz keremli daglarymyzy, özboluşly sähralarymyzy, ajaýyp derýalarymyzydyr köllerimizi aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys. Köpetdagyň we Köýtendagyň, Sumbaryň gözel jülgelerinde, Bathyzyň goraghanaly ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgap hem-de Garagum derýalarynyň boýlarynda dynç alyş merkezlerini gurup, adamlaryň syýahat edip, oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmelidiris.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýyldaky mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmelere badalga berlendigini aýtdy.

Halkara tejribesi we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalaryň dabaralanmagydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribesine daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär.

Milli Parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa, Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we bu özgertmeleriň jemgyýetimizde uly gyzyklanma döredendigini hem-de doly goldawa eýe bolandygyny belledi.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamakda Konstitusion toparyň uly işleri edendigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn hasaba almak maksady bilen, halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly, Konstitusion kanunyň taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berildi.

Bu Kanunyň taslamasy boýunça köp sanly teklipler we bellikler gelip gowuşdy. Iş toparynyň yzygiderli geçirilen, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen göçme maslahatlarynda bu teklipler hemmetaraplaýyn seljerildi. Gelip gowşan ähli teklipleri düýpli seljermegiň netijesinde taýýarlanylan resminamanyň taslamasy şu ýylyň awgust aýynda geçirilen dördünji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylyp, onuň gutarnykly taslamasyny Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlemek karar edildi.

Konstitusion Kanunyň garamaga hödürlenen taslamasynda Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzdan 1 belgili 6-njy maddany aýyrmak hem-de döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalaryny bolsa, Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak teklip edilýär.

Taslamada Parlamentiň Palatalaryny döretmegiň, maslahatlaryny geçirmegiň, kanunlary kabul etmegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän kadalar beýan edilýär. Bu kadalaryň iki palatanyň sazlaşykly işlemegi üçin möhüm ähmiýeti bolar. Konstitusion kanunyň taslamasyna laýyklykda, Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak hem-de oňa 3 maddany goşmak, 27 madda bolsa, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Biz şu mejlisde Konstitusion kanunyň taslamasyny makullasak, Türkmenistanyň Mejlisi bolsa, bu Kanuny kabul edip, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizse, birinji çärýekde welaýatlaryň halk maslahatlary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň saýlawlary geçirilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip, milli Liderimiz nygtady we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan umumymilli wekilçilikli edara öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

“2020-nji ýyl Garaşsyz döwletimiz üçin aýratyn ähmiýetli ýyldyr. Depginli ösüşler we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama gadam basýan ýurdumyzda agzybirlikde we jebislikde biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris. Ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän ägirt uly maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňden görüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys. Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine eýerýän içeri we daşary syýasatymyzy mähriban halkymyzyň goldamagy, berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyna berk ynamy, maksada okgunly işlere ak ýürekden gatnaşmagy bize täze maksatnamalary durmuşa geçirmäge badalga berýär.

Alnyp barylýan giň gerimli bu işler berkarar döwletimiziň geljegini aýdyň kesgitleýär. Biziň baş maksadymyz bolsa, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Şu beýik maksatlar ugrunda biz geljekde hem durmuş syýasatymyzy dowam ederis. Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ykdysadyýetimiziň ösüşini has-da çaltlandyrmak üçin ähli çäreleri göreris. Geljekde hem biziň uzak möhletli we möhüm ähmiýetli esasy wezipelerimiz, içeri we daşary syýasat ugrumyz öňküliginde galar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu wezipeler demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermek arkaly yzygiderli we aýgytly öňe gitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp derejede biziň agzybirlikde çekýän zähmetimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna ähli ýolbaşçylar, ýurdumyzyň her bir raýaty düşünmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

“Ýaşasyn Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, ruhlandyryjy, döredijilik taýdan baý durmuşy! Ýaşasyn Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan!” Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar kabul edilen bu ruhubelent sözler bilen öz çykyşyny tamamlady.

Soňra milli Liderimiz umumymilli forumyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip etdi we oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasyndan hormatly dynç alyşdaky Meretdurdy Orazmuhammedow çykyş edip, “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine üstünlik arzuw etdi. Bu gün kabul ediljek taryhy çözgütler her bir adamyň ýüreginde şatlyk we buýsanç duýgusyny döreder.

M.Orazmuhammedowyň belleýşi ýaly, ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynda öňe süren başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Biziň Garaşsyz Watanymyz taryhy taýdan gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletler hatarynda öz ornuny berkitdi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi jemgyýetimiziň ähli adamlarynyň bähbitlerini goramak üçin netijeli gural bolup hyzmat eder.

“Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen halk nakylyny getirip, hormatly ýaşuly döwlet Baştutanymyzyň paýhasly pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine çuňňur hormat goýýandygynyň, ýaşulularyň pikirlerine gulak asýandygynyň halkymyz üçin uly buýsançdygyny nygtady. Milli Liderimiziň başyny başlan işi bagtyýar halkymyzyň goldaw bermeginde amala aşýar we hormatly Prezidentimiziň mejlisde öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine kuwwatly itergi berer.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda döwrebap şäherler we nusgalyk obalar yzygiderli gurulýar. Sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi welaýatlaryň döwrebap keşbini kemala getirýär. Oba ýerlerinde häzirki zaman desgalar yzygiderli ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň öňe süren maksatnamalaryndan ruhlanyp, Ahal welaýatynda gurulýan binalar toplumynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar”, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeleriň durmuşa geçýändiginiň aýdyň alamatydyr.

Ýaşulular bagtyýar durmuş, mähriban halkymyz hakynda edilýän alada, ýaşlary ruhy-ahlak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işine gatnaşmak üçin döredilýän şertlere şatdyrlar we munuň üçin milli Liderimizden hoşaldyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp eserlerinde ýaş nesilleri terbiýelemek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda türkmen halkyna peşgeş berlen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eser halkymyz üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň edebi eserinde pederlerimiziň oňyn tejribelerini nesillere geçirmek, aýawly saklamak häzirki döwrüň borjy bolup durýar. Ol biziň her birimiziň baş wezipämizdir. “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň --çägi” diýen pähimi aýdyp, çykyş edýän täze kitabyň ýaşlary terbiýelemekde örän ähmiýetlidigini nygtady.

Her ýylda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watanymyzyň gülläp ösmegine, merdana halkymyzyň agzybirligine we bitewüligine mynasyp goşant goşýan adamlara Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde Konstitusiýa özgertmeler we goşmaçalar girizmek hakynda halkymyz üçin aýratyn wajyp bolan meseläniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtap, M.Orazmuhammedow ýurdumyzyň ýaşulularynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Ýaşuly hormatly Prezidentimizi we ähli maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýaşulularynyň adyndan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen gutlady hem-de milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýtdy. M.Orazmuhammedow öz çykyşyny Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk sözleri bilen jemledi.

Soňra “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasynyň uly ussasy Meretgylyç Aşyrowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde, “Türkmenistan-- Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylyň her bir gününiň şöhrata beslenýändigi hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň nurana geljegini nazarlaýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Bu çäk taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistik mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga oňyn şertleri üpjün edýär.

Milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygy bilen ulag düzümi kämilleşdirilýär. Täze howa menzilleri, müňlerçe kilometre uzaýan polat ýollar, awtobanlar we köprüler gurulýar. Şolar sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülýärler.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde geçirijilik ukyby ýylda 25-27 million tonna ýüke barabar bolan Halkara deňiz porty gurlup, ulanylmaga berildi. Gysga wagtyň içinde düzümine döwrebap tankerler, ýük daşaýan gämiler, paromlar girýän Milli deňiz söwda floty döredildi. Bu geçirilen işler gadymy Beýik ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini gaýtadan dikeltmekde nobatdaky ädimdir diýip, çykyş edýän belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energetika desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

TNGIZT-da düýbi tutulan täze desgalar ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030­njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda bina edilýär.

Bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrýar.

Hazar ykdysady forumynda oňyn başlangyçlary öňe sürüp, Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň we hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki işler, şeýle hem Hazar sebit logistika merkezini kemala getirmek üçin oňyn şertleriň üpjün edilmegini nazarlaýar.

Häzirki döwürde Hazar sebiti uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, bu gün Türkmenistan umumyhazar ösüşiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini nazarlaýar. Bu geçirilýän işler amatly hem-de howpsuz halkara geçelgelerini döretmäge, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmäge, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Diýarymyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa Hazarýaka ýurtlarynyň abadançylygyny, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

M.Aşyrow ulag ulgamynyň işgärleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň halkara ulag hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň goşulyşmagy, üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy we utgaşykly multimodal üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi boýunça başlangyçlaryny giňden goldaýandygyny nygtap, milli Liderimize pudagyň ösüşi ugrunda edýän köptaraply aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Çykyş edýän Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary boýunça öňe sürlen teklipleri hem-de halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegini goldaýandygyny nygtady.

M.Aşyrow bu kanunyň geljek nesilleriň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirip, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ol milli Liderimize goşgy setirlerini bagyşlady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Soltan Nyýazow çykyş edip, Arkadag Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýtdy. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, oba hojalygyny düýpli özgertmekde hem-de toplumlaýyn ösdürmekde uly işleriň alnyp barylmagy netijesinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar.

Bellenilişi ýaly, daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, toprak-howa şertlerimize görä, daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy, Türkmenistana pagta ýygymynyň öň ýanynda pagta ýygýan kombaýnlaryň ýüzlerçesiniň gelip gowuşmagy Diýarymyzda ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň berekedine bereket goşýar.

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu ýylyň galla oragy wagtynda welaýatlarda iş saparynda bolup, hormatly Prezidentimiz oba hojalygy bilen meşgullanýan daýhanlar, telekeçiler bilen duşuşyp, olaryň edýän işlerine ýokary baha berdi hem-de täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şu ýyl edermen gallaçylarymyz Watan harmanyna bir million dört ýüz müň tonnadan aşyryp guşgursak bugdaý tabşyrdylar. S.Nyýazow bu ýetilen sepgitleriň, ösüşleriň döwlet Baştutanymyzyň bimöçber yhlasy, taýsyz aladalary netijesinde hasyl bolýandygyny aýtdy.

Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek baradaky syýasaty oba hojalyk ulgamynda hem durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi tehnikalary netijeli peýdalanmakda, olaryň has-da öndürijilikli ulanylmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Soňra çykyş edýän ýer bölegini kärendesine alandygyny we onda gowaça hem-de bugdaý ösdürip ýetişdirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kärendeçi “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda Watan harmanyna “ak altynyň” bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy.

S.Nyýazow milli Liderimiziň şu günki Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda beýan edilen teklipleri we wezipeleri goldap, türkmen daýhanlarynyň mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdigini, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirjekdigini aýtdy.

Kärendeçi çykyşynyň dowamynda Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän umumymilli forumda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädimleriň bellenendigini nygtady. Daşoguz welaýatynyň ilaty ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglanyşykly ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilýän üýtgetmeleri we goşmaçalary hem-de degişli meseleleri netijeli çözmäge gönükdirilen dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada öňe sürlen teklipleri doly goldaýar.

Kärendeçi demirgazyk sebitiň ekerançylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de öz çykyşyny ruhubelentlikli goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Leýla Ömirowa söz berildi. Ol bilim ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimizi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän baýram—eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň adyna ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde hem-de tutuş adamzadyň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde üstünlikler arzuw edildi.

Çykyş edýän Arkadag Prezidentimiziň bilimli, ruhy we beden taýdan baý ýaşlary—hakyky watançylary terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli işiniň öz wekilçilik edýän ulgamynyň işgärlerini ruhlandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak üçin köp işleri amala aşyrýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulýandygy we ulanmaga berilýändigi nygtaldy. Şolar ýaş nesle ylym we bilim dünýäsine giň ýol açýar. Ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hünärleriň sanawyny giňeltmek we bu ulgamy özgertmek hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylmagy ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan başlap ösdürmek üçin şert döreder hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny has-da berkitmäge ýardam eder.

L.Ömürowanyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň işgärleri Hemişelik Berkarar Türkmen döwletinde ýaşaýandygyna, ata Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe berýändigine, biziň zähmetimiziň Watanymyzyň geljegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna goşant bolýandygyna, döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli mukaddes tutumlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna buýsanýarlar. Çykyş edýän kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize döredijilikli işlemek üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp eserleri, şol sanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy we genji-hazynadygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz çekýän zähmeti, Watan, halk, il-gün üçin bitirýän ägirt uly işleri, ata-enäni keramata deňäp, mukaddeslik derejesinde hormatlaýşy, ýedi arkasyndan gelýän döwletli maşgala ojagyna goýýan sarpasy, maksadyna okgunly edermenligi, sahawatly, ynsanperwer, belent adamkärçiligi nesiller üçin nusgadyr.

Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň şu taryhy mejlisinde çuň manyly, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler diýip, L.Ömürowa belledi. Ýurdumyzyň halky döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatyny, jemgyýetimiziň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunynyň taslamasyny biragyzdan makullaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler hakyky taryhy ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, bilim ulgamynyň işgärleri döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn aladasyna jogap edip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmek üçin mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekerler. Çykyşynyň ahyrynda L.Ömürowa Watanymyza, täze taryhy eýýama we Arkadag Prezidentimize bagyşlanan dört setirli goşgusyny okady.

Soňra «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşsysy Toýly Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda “Türkmenistan -- Bitaraplygyň mekany” ýylynyň biziň taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady. Çünki bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny uly dabara bilen belläp geçýäris.

Hemişelik Bitaraplyk bu biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk bu biziň dostlugy, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi we ösüşi dabaralandyrýan beýik taglymatymyzdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk toýunyň bellenilýän ýylynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy we taryhy wakadyr.

T.Çaryýewiň nygtaýşy ýaly, ählihalk forumyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün taryhy Maslahatda eden çuň manyly çykyşyny uly buýsanç bilen diňlediler. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şu döwletli Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýdanlaryny, agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny tüýs ýürekden goldaýarlar. Bu kanunyň kabul edilmegi öz ösüşiniň täze belentliklerine galýan ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň berk hukuk binýadyny döreder.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen telekeçilerini bu gün ýurdumyz boýunça jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-energetika toplumyny hasaba alanyňda, hususy işewürligiň paýynyň 70 göterime golaý bolmagy-da aýdyň subutnamadyr diýip, T.Çaryýew belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Arkadag Prezidentimize kabul eden çözgüdi esasynda ýer bölekleriniň 99 ýyla çenli peýdalanmaga berilmegi, uzak möhletleýin ýeňillikli karzlaryň göz öňünde tutulmagy, oba hojalyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň salgytlardan boşadylmagy ýaly goldaw-hemaýaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen telekeçileri döwlet Baştutanymyzyň edýän goldaw-hemaýatlaryna jogap edip, önümçilik işlerine berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige giňden ornaşdyrýarlar. Damjasy altyna deňelýän suwy yrýa etmän damjalaýyn usul bilen ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýärler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.

T.Çaryýew çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleriniň obasenagat toplumynda hem üstünlikli zähmet çekip, ýüzlerçe gektar meýdanda miwe we gök önümleri ýetişdirýändiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde “Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär” diýip nygtaýar. Bu altyna barabar dürdäne jümleleri türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň şamçyragydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň galla oragy döwründe iş sapary bilen Mary welaýatyna baryp, oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşandygy we daýhanlaryň zähmetine ýokary baha berendigi bellenildi. Munuň özi ekerançylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň we öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dünýäniň ýakyn-alys ülkeleriniň birnäçesine eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna zerur şertleri döredýär.

Hususy ulgamyň wekili türkmen telekeçileriniň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagynda mundan beýläk-de özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyza giň möçberli döwlet işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw edip, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy çykyşyny goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Aşgabat şäher 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa söz berildi. Pursatdan peýdalanyp, umumymilli foruma gatnaşyjy zenan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny mukaddes Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça bimöçber işleri amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriñ aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Çykyşda milli Liderimiziň ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak baradaky aladalary netijesinde, milli saglygy goraýyş pudagynyň sanly ulgamy döredilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edil