close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy
25.09.2020

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Hormatly adamlar!

Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günden milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýän baş baýramymyzy – Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris. Biz Garaşsyzlyk gününe toý-baýramlarymyzyň seresi hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem bu taryhy senäni şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen dabaraly garşy alýarys.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýigrimi dokuz ýylyň içinde özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter özgerdi.

Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Biz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmak baradaky baş maksadymyzy amala aşyrdyk.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, ösen ulag-logistika düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklary hem-de senagat önümçiliklerini döretdik. Amala aşyran işlerimiziň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi. Bu üstünlikler mähriban halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we ruhubelentligi netijesinde gazanyldy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, halkara syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara alyp, özüni Bitarap döwlet diýip yglan etdi we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Bütin dünýäde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.

Bitarap ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarydyr beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.

Biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarynda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75­nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň ýokary abraýa eýe bolandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagy bolsa, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňelmegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegi üpjün eder.

Şeýle hem, geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda hem-de üstünlikli durmuşa geçirmekde bu derejäniň uly ähmiýeti bolar. Biz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerimize daýanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürdik!

Şoňa görä-de, biz nesip bolsa, şu ýylyň dekabr aýynda örän möhüm senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris.

Hormatly adamlar!

2020-nji ýylda dünýäde örän ýiti koronawirus keseli giňden ýaýrady. Bu ýokanç ähli döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirdi. Biz dünýäde dowam edýän bu çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini gazandyk, köp möçberdäki maliýe serişdelerimizi ätiýaçda saklamagy başardyk.

Ýurdumyzy ösdürmegiň bäş ýyl üçin maksatnamasyny biz geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda tassykladyk. Şoňa görä-de, häzirki kynçylykly şertlerde bu maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmelidiris. Esasy maliýe guralymyz bolan Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagyny üpjün etmelidiris. Sebäbi, amala aşyrylýan ýaşaýyş-durmuş ugurly maýa goýumlarymyzyň aglabasy Döwlet býujetiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.

Biz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragyny durmuş maksatly ugra gönükdirýäris. Welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine köp maliýe serişdelerini harçlaýarys. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris.
Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmalydyrys. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris.

Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy barada biz hemişe alada edip gelýäris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl hem zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýokarlandyrdyk. Mundan başga-da, Döwlet býujetinden berilýän pul serişdeleriniň uly bölegini bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna, Pensiýa gaznasyna gönükdireris.

Hormatly adamlar!

Türkmenistan, gurýan-ýurt kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz watanymyz dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäklerinde, şeýle hem berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap täze obadyr şäherçeleriň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär.

Hormatly watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä ýurdumyzda 1 milliard 765 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şu döwürde 2 sany Saglyk öýi, orta mekdep, 216 kilometr inženerçilik ulgamlary we desgalary, 510 kilometre golaý aragatnaşyk ulgamlary, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimize gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 19,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljek 2021-nji ýylda ähli çeşmeleriň hasabyna maýa goýumlarynyň möçberi 37 milliard manada golaý bolar.

Düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünini öndürýän önümhanany, Daşoguz welaýatynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça «Aşgabat–Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamalary, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

Hormatly adamlar!

Şu ýerde men siziň ünsüňizi ýene-de bir möhüm meselä çekmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, gurluşyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, enjamlar we serişdeler bilen üpjün edýän senagaty ösdürmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, biz soňky ýyllarda ýurdumyzda aýna önümlerini, dürli magdan däl gurluşyk materiallaryny, gury ýelim garyndylaryny we demirbeton önümlerini öndürýän täze önümçilikleri döretmäge uly möçberde maýa goýumlaryny goýduk. Netijede, gurluşyk materiallary senagatynyň önümçiligi birnäçe esse artdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan Bäherdende we Lebap welaýatynda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Geljekde gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri, birinjiden, özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan ybaratdyr. Ikinjiden bolsa, gurluşyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny we hilini, gurluşyk işleriniň hem-de toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdyr.

Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaly. Ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň binýadyny pugtalandyrmak Garaşsyz döwletimizde senagat-innowasion ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar. Biz ýaňy-ýakynda hem oba hojalyk ýurdy bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde elektron tehnikalaryny, şol sanda kompýuterleri öndürýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris

Hormatly adamlar!

Häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen birlikde, şäherdir obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly möhüm wezipeler hem durýar.

Türkmenistanyň Mejlisi welaýatlaryň häkimlikleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, şäherleşmäniň gerimini giňeltmek hem-de ilatly ýerleri toplumlaýyn durnukly meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak boýunça mundan beýläk-de degişli işleri geçirmelidir

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsleşige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Bu ugurda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar.

Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlary hem köpeldilýär. Şunuň bilen birlikde, biz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň, Merkezi Garagumda ýylda 2 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desganyň gurluşyk işlerini çaltlandyrmalydyrys

Hormatly adamlar!

Biz dokma senagatynyň önümçilik binýadyny hem yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirýäris. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri çykarmak ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky täze dokma toplumlarynyň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň önümçilik kuwwaty has-da artar

Hormatly adamlar!

Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz ýakyn geljekde energetika senagatynyň kuwwatyny has-da artdyrarys.

Önümçilik we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin toplumlaýyn işleri amala aşyrarys. Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalarydyr geçirijileri, paýlaýjy beketler gurulýar. Aşgabat şäheriniň, welaýat merkezleriniň, iri şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary yzygiderli täzelenýär.

Biz gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutýarys. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan döwrebap oba we desgalar gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna energiýa bilen üpjün ediler. Ýurdumyzyň içinde energiýa halkasyny döretmek we «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri hem dowam ederis

Hormatly adamlar!

Biziň durmuşa geçirýän logistika strategiýamyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çägi irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdiripdir. Bu ýagdaý Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi ýokary depginde ösýän, bäsleşige ukyply ulag makrodüzümini döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde deňiz, awtomobil, demir ýol, howa we turbageçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrylýar.

«Özbegistan– Türkmenistan–Eýran–Oman» we «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgeleri hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy sebitler we yklymlar çäginde gatnaşyklary ösdürmäge ýakyn wagtda giň mümkinçilikleri döreder.

Hereket edýän «Türkmenistan–Hytaý» hem-de gurluşygy dowam edýän «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijileri hem turbageçiriji logistikasynyň düzüm halkasy bolup hyzmat eder. Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda «Aşgabat–Garagum–Daşoguz», «Türkmenbaşy–Aşgabat–Farap» ýollary has-da ähmiýetlidir. Bu ýollar ýurdumyzyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berer

Hormatly adamlar!

Biz daşary ykdysady strategiýamyzda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýäris. Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistan Bütindünýä Söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe boldy. Bu bolsa, öz önümçiligimizi ösdürmek, eksportuň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynda özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň bäsleşige ukybynyň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine ýardam edýär

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Oba hojalygynda hem dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp baryldy. Netijede, ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý tabşyrdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Berkarar Watanymyzda oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp baryldy we alnyp barylýar.

Biz oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamlaryň çözgütlerinden netijeli peýdalanmalydyrys. Oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy, umuman, pudakda geçirilýän özgertmeleri dowam etmelidiris.

Içerki bazarlary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmelidiris. Munuň üçin ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmelidiris. Et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmalydyrys. Biz tokaýlary hem-de öri meýdanlaryny dikeltmegiň hem-de haýwanat dünýäsiniň köp dürlüligini öwrenmegiň we gorap saklamagyň usullaryny işläp düzmelidiris. Howanyň üýtgeýän şertlerinde Hazar deňziniň biologik dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy-barlag işlerini çaltlandyrmalydyrys.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmelidir we önümçilige yzygiderli ornaşdyrmalydyr. Şeýle hem, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleri ýerleşdirmek, ösümlikleri we mallary goramagyň biotehnologik usullaryny işläp taýýarlamak ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ýola goýulmagyna täze itergi berjek möhüm işlerdir.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny yzygiderli seljerip, kämilleşdirip, bu işleri Ministrler Kabineti bilen bilelikde alyp barsa, maksadalaýyk bolar. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy täze iş orunlaryny döretmäge, häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berer. Biz Aral deňziniň meseleleriniň diňe bir ynsan saglygyna däl, eýsem, daşky gurşawa, haýwanat dünýäsine we oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilmegine ýaramaz täsirini azaltmak babatda degişli işleriň ylmy çemeleşmeler we halkara tagallalaryny birleşdirmek esasynda alnyp barylmagyna hem aýratyn ähmiýet berýäris.

Hormatly adamlar!

Bu aýdylanlar biziň mümkinçiliklerimiziň hemmesi däldir. Häzirki wagtda çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynyň esasy meseleleriniň biri hem senagat we durmuş galyndylary bilen baglydyr. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda galyndylary zyýansyzlandyrmak, gaýtadan işlemek we ikinji derejeli maddy serişde hökmünde peýdalanmak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, telekeçilerimiz alymlar bilen arkalaşykly işläp, bu meseläni çözmek ugrunda ähli tagallalary etmelidir.

Hormatly adamlar!

Men şu ýerde ählimiz üçin örän möhüm bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejesinde döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bilim ulgamyna ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar.

Ylym ulgamynda sazlaşykly geçirýän düýpli özgertmelerimiziň netijesinde ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarynda ylma we döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi.

Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri geçirýärler.

Kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary, innowasion işläp taýýarlamalar ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça gymmatly taslamalary amala aşyrýarlar we ylmy barlaglary geçirýärler. Bu bolsa, bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermegine giň ýol açýar.

Men ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi hem-de bu ugurda degişli Maksatnamany taýýarlamagy tabşyrýaryn.

Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris. Sebäbi, bu diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýar.

Döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleri barada aýtmanymyzda hem, biziň hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy giňeltmäge mümkinçilik berer. Döwlet serişdelerini ep-esli tygşytlamaga, bu serişdeleri ýurdumyzy ösdürmäge hem-de durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmäge şert döreder

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, biz berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirdik. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksatlaryndan ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek+ ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini hem mynasyp dowam edýäris. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň ýurdumyzda ýokary depginler bilen yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigini siz gowy bilýärsiňiz

Hormatly Maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde bütin dünýä örän ýiti COVID-19 koronawirusy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu keseli dörediji ýokanjyň giň çäklere ýaýrap başlan ilkinji günlerinden ýurdumyzda adamyň immunitetini berkitmäge ýardam edýän esasy lukmançylyk serişdeleri bilen muzdsuz esasda yzygiderli üpjün etmek işi guraldy. Ilatyň ählumumy dispanserizasiýasy durmuşa geçirilýär.

Adamlaryň immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça beýleki zerur çäreler amala aşyrylýar.Bu ýiti ýokanç koronawirus keseline garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň döwlet derejesinde meýilnamasy kabul edildi. Bu pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklandy.

Hormatly adamlar!

Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we olaryň güýjüni bu ýokanja garşy göreşde netijeli peýdalanmak häzirki döwürde möhüm ugurlaryň biridir. Şundan ugur alyp, men şu gün saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan karara gol çekjek.

Eziz watandaşlar!

Men, umuman, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamagy hem zerur hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, degişli ýolbaşçylardan we hünärmenlerden bu ugurda anyk tekliplere garaşýaryn

Hormatly adamlar!

Biz jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müň ýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Bir hepdeläp dowam eden çäreler gadymy mirasymyzyň, çeper döredijiligiň hem-de milli medeniýetimiziň baýramy hökmünde buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Nesip bolsa, geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçireris.

Biz keremli daglarymyzy, özboluşly sähralarymyzy, ajaýyp derýalarymyzydyr köllerimizi aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys. Köpetdagyň we Köýtendagyň, Sumbaryň gözel jülgelerinde, Bathyzyň goraghanaly ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgap hem-de Garagum derýalarynyň boýlarynda dynç alyş merkezlerini gurup, adamlaryň syýahat edip, oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmelidiris

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýyldaky mejlisinde biz Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmelere badalga berdik. Halkara tejribesi we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalaryň dabaralanmagydyr.

Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi, dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribesine daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär.

Milli Parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa, Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.

Şoňa görä-de, bu özgertmeler jemgyýetimizde uly gyzyklanma döretdi we doly goldawa eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamakda Konstitusion topar uly işleri etdi.

Geçen döwrüň içinde Toparyň dört mejlisi geçirildi. Jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn hasaba almak maksady bilen, halkymyz ara alyp maslahatlaşar ýaly, Konstitusion kanunyň taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berildi.

Bu Kanunyň taslamasy boýunça köp sanly teklipler we bellikler gelip gowuşdy. Iş toparynyň yzygiderli geçirilen, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen göçme maslahatlarynda bu teklipler hemmetaraplaýyn seljerildi. Gelip gowşan ähli teklipleri düýpli seljermegiň netijesinde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taýýarlanan taslamasy Konstitusion toparyň şu ýylyň awgust aýynda geçirilen dördünji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylyp, onuň gutarnykly taslamasyny Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlemek karar edildi

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Konstitusion kanunyň siziň garamagyňyza hödürlenen taslamasynda Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulýar. Şu sebäpli, Esasy Kanunymyzdan 1 belgili 6-njy maddany aýyrmak hem-de döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalaryny bolsa, Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak teklip edilýär.

Şonuň ýaly-da, taslamada Parlamentiň Palatalaryny döretmegiň, maslahatlaryny geçirmegiň, kanunlary kabul etmegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän kadalar beýan edilýär. Bu kadalaryň iki palatanyň sazlaşykly işlemegi üçin möhüm ähmiýeti bolar. Konstitusion kanunyň taslamasyna laýyklykda, Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak hem-de oňa 3 maddany goşmak, 27 madda bolsa, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz şu mejlisde Konstitusion kanunyň taslamasyny makullasak, Türkmenistanyň Mejlisi bolsa, bu Kanuny kabul edip, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizse, birinji çärýekde welaýatlaryň halk maslahatlary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň saýlawlary geçirilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.

Hormatly adamlar!

Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak!!! ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip hasaplaýarys. Men Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan umumymilli wekilçilikli edara öwrüljekdigine berk ynanýaryn!

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!

2020-nji ýyl Garaşsyz döwletimiz üçin aýratyn ähmiýetli ýyldyr. Depginli ösüşler we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama gadam basýan ýurdumyzda agzybirlikde we jebislikde biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris. Ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän ägirt uly maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys.

Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňden görüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys.

Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine eýerýän içeri we daşary syýasatymyzy mähriban halkymyzyň goldamagy, berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyna berk ynamy, maksada okgunly işlere ak ýürekden gatnaşmagy bize täze maksatnamalary durmuşa geçirmäge badalga berýär.

Alnyp barylýan giň gerimli bu işler berkarar döwletimiziň geljegini aýdyň kesgitleýär. Biziň baş maksadymyz bolsa, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Şu beýik maksatlar ugrunda biz geljekde hem durmuş syýasatymyzy dowam ederis. Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis. Ykdysadyýetimiziň ösüşini has-da çaltlandyrmak üçin ähli çäreleri göreris. Geljekde hem biziň uzak möhletli we möhüm ähmiýetli esasy wezipelerimiz, içeri we daşary syýasat ugrumyz öňküliginde galar.

Bu wezipeler demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermek arkaly yzygiderli we aýgytly öňe gitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp derejede biziň agzybirlikde çekýän zähmetimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna ähli ýolbaşçylar, ýurdumyzyň her bir raýaty düşünmelidir.

Eziz watandaşlar!

Ýaşasyn, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, ruhlandyryjy, döredijilik taýdan baý durmuşy!

Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

(Aşgabat, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry)