close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
16.09.2020

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady.

“Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz has giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Suga Ýosihide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly Ýaponiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.