close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.09.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Milli Liderimiz ir bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlendigi barada hasabat berdi.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Milli goşunyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe we harby gulluga çagyryş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň bu ministrligiň işini kämilleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Şunda milli Liderimiz goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, gullukçylar bilen üpjün edilişini berkitmek maksady bilen, mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrina ýurdumyzda parahat we asuda ýaşaýşymyzyň ygtybarly kepilidir. Watanymyzyň araçäklerini sak goraýan harby gullukçylaryň hüşgärligi netijesinde, halkymyzyň döredijilikli işlemegi üçin hemme şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz watançylyk terbiýesini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky senesi mynasybetli harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra çykyş eden içeri işler ministri M.Çakyýew garalýan döwürde alnyp barlan işleriň netijeleri, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen biraýlygyň geçirilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şonuň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulag gatnawyny has oňaýly ýagdaýa getirmäge, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň kanunylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyny üpjün etmekden hem-de hukuk düzgün bozulmalary öňünden duýdurmakdan ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz jenaýatçylygyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almakda hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmekde has netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmak gerek, ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, bu ugurlarda geçirilýän işleri kämilleşdirmek zerur diýip, hormatly Prezidentimiz tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen biraýlyk çäreleriň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen çäreleriň geçirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda Permana gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň esgerleriniň we serkerdeleriniň üstüne biziň özbaşdak döwletimiziň serhetlerini goramak boýunça jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigini belledi. Döwletimiziň serhetleri goňşy ýurtlarymyzyň ählisi bilen hemişe dostluk serhedi bolup galmalydyr, şol ýurtlaryň halklary bilen bizi köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Milli Liderimiz öňde duran işlere ünsi çekip, onuň möhüm ugurlarynyň hatarynda serhet galalarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyny kesgitledi. Şol ýerlerde Watanymyzyň edermen goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi üçin hemme şertler döredilmelidir.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe söz berildi. Ol 2020-nji ýylyň 8 aýynda milli kazyýet ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barlan anyk işler hem-de hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli hereketiniň kazyýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendigini, onuň baş wezipesiniň türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew sekiz aýda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunyň hemme zatdan ýokarda bolmagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini goramak maksady bilen zerur çäreleri görmelidigini, her bir işe garalanda jogapkärli çemeleşilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz anyk görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew garalýan döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň parahatçylygy we asudalygy öňde goýlan döwlet ösüşiniň wezipelerini üstünlikli çözmekde aýrylmaz şert bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durnukly we jemgyýetçilik-syýasy abadançylyk ýagdaýyny üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň eýeleýän uly ornuny belläp, milli bähbitleriň goragynda duran edaranyň işgärleriniň hatarynda arassa düzgün-tertibiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, esasy talaplaryň biriniň ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalara yzygiderli gözegçilik etmekden hem-de döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze sepgitlerine tarap üstünlikli öňe ilerletmäge ýardam bermäge gönükdirilen kanunlary has-da kämilleşdirmekden ybaratdygyny belledi.

Milli Liderimiz halkara hukugynyň kadalaryny, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmagyň, güýje girýän kanunlary, şol sanda täze usullary ulanmak arkaly düşündirmegiň möhümdigini nygtap, ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilen yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, häzirki wagtdaky dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň gümrük nokatlaryndan geçirilýän ýükleri doly zyýansyzlandyrmak üçin geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategiki ornunyň barha ýokarlanýandygyny belledi hem-de işleriň geriminiň artmagy bilen baglylykda, gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhetleriniň üsti bilen geçmek düzgüniniň berjaý edilişine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady we degişli amallaryň halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýanwar-awgust aýlarynda migrasiýa syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreleriň toplumy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu edaranyň işgärleri alyp barýan işleri bilen Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrmaga ýardam bermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Migrasiýa gullugynyň işinde-de, beýleki ähli düzümlerde bolşy ýaly, innowasion usullary ornaşdyrmak meselelerine, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, oňyn daşary ýurt tejribesini peýdalanmaga ulgamlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýaragly düzümleriň şahsy düzüminiň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, gulluk düzgün-nyzamy berjaý etmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny, bu derejäniň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady.

Hünär derejeli serkerdeleriň hem-de möhletli gullugyň esgerleriniň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Olar häzirki zaman harby sungatynyň endiklerini kämil ele almalydyr.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş esgerleri watançylygyň hem-de mukaddes borja wepalylygyň iň oňat däplerinde terbiýelemegiň möhüm talap bolmagynda galýandygyny belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň öz üstlerine ýüklenen wezipeleri berjaý edişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde käbir beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň asudalygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmek boýunça jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary nyşana ok atmak üçin niýetlenen atyşhana meýdançasyna tarap ugradylar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ähli şahsy düzümleriň harby-söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Munuň özi ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dag etegindäki okuw-türgenleşik meýdançasyna gelip, atyşhana meýdançasynyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy, harby gullukçylaryň we serkerdeleriň harby tälimlerden netijeli baş alyp çykmagy hem-de yzygiderli kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary nyşana ok atyp, ýaraga erk etmek endigini görkezdiler.

Geçirilýän harby türgenleşikler we tälimler harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini artdyrmaga, şahsy düzümleriň arasynda guralýan sport ýaryşlary, yzygiderli bedenterbiýe maşklary bolsa ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de täze sepgitleri eýelemäge ýardam edýär.

Nyşana ok atmak tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atylan nyşanalary synlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ähli harby düzümleriň esgerleriniň we serkerdeleriniň ýaraglaryň dürli görnüşlerine endikleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, degişli edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda guralýan harby taýýarlyk okuwlary hem-de taktiki tälimler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, eziz Watanymyzy goramak boýunça mukaddes borjuň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her biriniň nyşana ok atyşlaryna degişli bahalary berip, olara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nyşana ok atyp, nyşananyň merkezine degmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Şeýle hem milli Liderimiz aýry-aýry duran üç sany nyşananyň hersine bir ok atdy hem-de nyşanalaryň her birini dürs urdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň nobatdaky gezek iň ýokary netijeleri görkezip, häzirki zaman ýaraglaryndan ussatlyk bilen ot açýandygynyň şaýady boldular.

Soňra milli Liderimiz ulag serişdesinde gurnalan häzirki zaman çalt ot açýan ýarag bilen ýörite nyşanadan atyp, ony dürs urdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi. Bu ugurda görülýän çäreler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.