close-icon
Habarlar
photo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09.2020

Hormatly bilim işgärleri!
Eziz ýaşlar!

Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan we uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ajaýyp bilimler baýramyna bagyşlanan dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgimiziň aýdyň beýany boljakdygyna berk ynanýaryn!

Mähriban okuwçylar!

Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir. Şoňa görä-de, ylym we bilim babatda ata-babalarymyz «Bal süýji, baldan bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» ýaly terbiýeçilik ähmiýetli dürdäne sözleri döredipdirler. Sebäbi ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi, döwrebap ylym-bilim, edep-terbiýe almagy, watançy nesiller bolup kemala gelmegi biziň baş maksadymyz bolup durýar.

Perzent her bir maşgalanyň, jemgyýetimiziň guwanjydyr. Şonuň üçin hem, mähriban okuwçylar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp okuw mekdeplerine — bilimler we ylymlar dünýäsine ruhubelentlik bilen gadam basyp, yhlasly okamak, tutanýerli öwrenmek arkaly giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmelisiňiz, beden we ruhy taýdan taplanmalysyňyz, watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde, arassa ahlaklylykda, ylym-bilimde we tehnologiýada täze belentliklere ýetmelisiňiz!

Eziz talyplar!

Bagtyýar halkymyzyň gujur-gaýratyny, döredijilik güýjüni birleşdirip, gurmagyň we döretmegiň ýolunda berkarar döwletimiz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Biz Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli berkitmäge, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Biziň dünýä bileleşigi tarapyndan doly makullanýan we goldaw tapýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatymyz dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýollary açýar.

Biz Bitarap Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça kabul eden uzak möhletleýin maksatnamalarymyzyň hem-de beýik geljegimiziň berk binýady hökmünde bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap ylym we bilim almagyna, sagdyn ösmegine, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Ýurdumyz depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere ýetdigiçe bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi çaltlandyrmagy dowam etdireris. Şoňa görä-de, bilim almak, hünär öwrenmek, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýän ýurdumyzda okamak, öwrenmek, döretmek, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmak bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny hem-de mertebesini has-da belende götermek ýaşlaryň mukaddes borjy bolmalydyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn hem, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giň gerim bilen gurmagymyzy hem dowam edýäris.

Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň, okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, täze bilim toplumlarynyň döredilmegi ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, tebigy zehinlerini açmaga, ösdürmäge hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Biziň alyp barýan syýasatymyz mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň döredijilik gözleglerini we hünär kämilligini talap edýär. Häzirki zaman usullaryny oýlap tapmak, okatmagyň täze tärlerini işläp düzmek, halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alan Watan, maşgala, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlary, agzybirlik we jebislik, bilim hem-de ylym ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak her bir mugallymyň we bilim işgäriniň baş wezipesi bolmalydyr. Şoňa görä-de, asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýelemek, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny kämilleşdirmek bilen birlikde, geçmişimiziň nusgalyk tejribesini beýik geljegimiz üçin dowam etdirmek babatda hem mynasyp işleri alyp barmalydyr.

Hormatly bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda we işde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW