close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.08.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda we 29-njy maýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlislerinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, medeniýet toplumynyň ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini seljermegiň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, milli Liderimize esasy maliýe-ykdysady görkezijileri gowulandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli önümçilik meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Medeniýet ministrligini we onuň edaralaryny dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de düzümini üýtgetmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin ähli şertler döredildi, şol sanda täze desgalar guruldy we ulanylmaga berildi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy.

Milli Liderimiz wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, Medeniýet ministrliginiň düzümine girýän edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hökümet Baştutanynyň orunbasary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bu ulgam ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. «Halkbank terminalynyň» ulanyşa girizilmegi bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ulanylýan töleg terminallarynyň ornuna degişli amallary sanly ulgamda amala aşyrmaga ukyply bolan programma üpjünçiligini ykjam telefonlara ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Täze ulgamyň girizilmegi karz edaralary tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň töleg terminal enjamy bilen üpjün etmek, onuň abatlaýyş işleri ýaly, şeýle hem döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalaryna, telekeçilere degişli terminalyň işjeňligi üçin zerur bolan goşmaça çykdajylaryny aradan aýyrmaga ýardam eder. Munuň özi töleg terminalynda häzirki günde hereket edýän ähli amal görnüşlerini sanly ulgamda amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamyny ösdürmegiň degişli maksatnamalarynyň çäklerinde görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, häzirki wagtda karz bermek, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň hyzmatlaryň adaty usulyna öwrülýändigini nygtady.

Soňky ýyllarda ulanyjylaryň «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlarynyň kömegi arkaly islendik hyzmat ýa-da haryt üçin tölegleri amala aşyryp bilmekleri üçin sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanlylar tarapyndan «Altyn asyr» bank kartlarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmekde täze tapgyry açdy.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň möhüm düzgünleriniň hatarynda internet üpjünçilik ulgamlaryny pugtalandyrmak baradaky düzgün bar. Munuň pudaklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nazara almak bilen, ilatyň, telekeçiligiň we döwletiň bu ulgama çekilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz «Halkbank terminal» täze mobil ulgamynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda işleri amala aşyrmaga işjeň girişmegi, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki banklary tarapyndan şeýle ulgamlaryň işlenip taýýarlanylmagy baradaky meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, çykarylýan we gaýtadan işlenilýän nebitiň hem-de gazyň mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer «Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibini» kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň, şol sanda olaryň daşary ykdysady işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzir möhüm wezipe bolup durýandygyny, şol işleriň döwrüň talabyna laýyk getirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz dünýäniň nebitgaz senagatynyň gyzyklanmalaryny, energetika bazarlarynyň ýagdaýyny öwrenip, ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň esasy görnüşlerine bolan islegi seljermelidigini hem-de şol esasda öz ösüş meýilnamalarymyzy düzmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berip, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň, şol sanda TOPH transmilli gaz geçirijisini gurmagyň möhletlerine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi işlerini geçirmek, ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Meýdanlary tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär.

Ekişde ulanyljak bugdaý ekijileri hem-de tehnikalary möwsüme taýýarlamak, ekiji tehnikalaryň we gurallaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli etraplarda sazlaýjylardan we abatlaýjy mehaniklerden ybarat ýörite toparlary döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine karz serişdelerini bermek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler, ýeralma bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2 müň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 2 müň tonna önüm saklar ýaly täze sowadyjy ammarlary gurmak hem-de häzir hereket edýän 4450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň, bu işleri bellenen möhletde geçirmegiň hem-de ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýy ýetişdirmegiň ylmy usullaryny ulanmagyň, bu ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňümizdäki ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmegiň durmuş syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtap, ýeralmanyň, beýleki gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda birinji tapgyrda 53 müň tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi we bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şöhratly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ulanylmaga tabşyryljak iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şu günler paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda desgalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şolaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak üçin ähli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň özboluşly nyşany bolan we şäherlerimizi hem-de obalarymyzy abadanlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň örän wajyp ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere alnyp barylýan gurluşyklara gözegçiligi güýçlendirmegiň, ýerine ýetirilýän işleriň hiline hem-de şolaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurulýan ähli binalar häzirki zaman dünýä binagärçiliginiň hem-de gadymdan gelýän milli gurluşyk däpleriniň iň gowy ugurlaryny özünde sazlaşykly jemleýän ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözelligi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Owganystanyň çäginde «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen giň gerimli uzakmöhletleýin işleri amala aşyrýar. Şunda anyk mysal hökmünde «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygy ýaly ulag ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini görkezmek bolar.

Döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 16 — 17-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Owganystanda boldy. Saparyň çäklerinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň demir ýol edarasynyň arasynda bu taslamany durmuşa geçirmek barada şertnama baglaşyldy.

Resminama laýyklykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystanyň «Venco Imtiaz Construction Company LLC» kompaniýasynyň arasynda ýer işleriniň kesgitlenen möçberini ýerine ýetirmek hem-de Owganystan Yslam Respublikasynda «Akina — Andhoý» demir ýol şahasynyň gurluşygyny serişdeler bilen üpjün etmek hakynda kömekçi potrat şertnamasy baglaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gadymdan gözbaş alýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak esasynda guralýandygyny belledi. Şeýle hem biziň ýurtlarymyz daşary syýasat ulgamynda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen däbe öwrülen gatnaşyklara uly üns berip, onuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen goňşy döwletde emele gelen ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz dostluk, parahatçylyk söýüjilik we özara goldaw bermek ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar. Bitarap Türkmenistan doganlyk owgan halkyna döredijilikli durmuşyň sütünlerini berkitmekde kömek goluny uzadýar.

Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahalar boýunça iberilmegi, durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim ugurly desgalaryň gurulmagy, ýaşlaryň bilimli bolmagyna ýardam berilmegi, ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly strategik ugurlarda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy Owganystanda syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginiň, goňşy ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu desga taslama gatnaşýan ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. TOPH gaz geçirijisini ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny döretmäge anyk goşant hökmünde görkezmek bolar.

Elektroenergetika pudagynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Biziň ýurdumyz Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň mukdaryny yzygiderli artdyrýar. Gurluşygy dowam edýän transmilli gaz geçirijiniň ugry boýunça TOP elektrik geçiriji ulgamyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilýändigini bellemek gerek. Olar öz niýetlenen maksadyndan başga-da, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini giňeltmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Owganystany giň gerimli ulag-üstaşyr düzümi, şol sanda demir ýol we ulagyň beýleki görnüşleriniň düzümini döretmek boýunça taslamalara çekmek möhüm wezipe bolup durýar diýip döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. «Lapis Lazuli» (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça özara gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Akina — Andhoý demir ýol şahasy goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň kiçi we orta telekeçiligini işjeňleşdirmek, owgan önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Owgan topragynda demir ýoluň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýandygyny hem-de biziň işçilerimiziň hem-de gurluşyk serişdelerimiziň ulanylýandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwrebap tehnikalar we enjamlar, işleriň sowatly hem-de dessin guralmagy bu işi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umuman, eltiji ýollar bilen birlikde, türkmen hünärmenleri polat ýollaryny çekmek bilen çäklenmän, eýsem, ugurdaş düzümiň edaralaryny hem gurýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen ähli işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen serhede çenli uzaldyp, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen goňşy ýurduň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň möhüm halkasyna öwrülmek mümkinçiligi döreýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz geljekde hem goňşy doganlyk Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris diýip, milli Liderimiz wise-premýere degişli taslamany amala aşyrmak hem-de ulag ulgamynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu maksat bilen hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawyna seljerme geçirildi, şolaryň hatarynda Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi bar.

Wise-premýer Marynyň gön zawodynda dowarlaryň we iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işleýän enjamlaryň könelmegi bilen baglylykda onuň kuwwatynyň 30 göterim derejesinde ulanylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, kärhananyň durkuny täzelemek, jübüt aýakgap öndürýän bölümi işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Röwşen» hususy kärhanasynyň we Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky gön zawodynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer Bäherdeniň tikin fabriginiň çykarýan önümlerini döwrebaplaşdyrmak we sanawyny giňeltmek maksady bilen, ony Dokma senagaty ministrliginiň we hususy pudagyň paý gatnaşygynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy düzümleriniň biri bolan dokma pudagynyň öňünde önüm öndürilişini artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary döretmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy senagatlaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we ýurdumyzda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenilip çykarylýan harytlaryň önümçiligi, täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamalaryň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň hil we ekologiýa ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady. Milli Liderimiz munuň üçin dokma kärhanalaryny öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijeleri ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky ilkinji nobatda öňde durýan wezipeleri doly ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda ýol berlen kemçiliklere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri, özleriniň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandyklary üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi olara soňky gezek duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän ýylda guralmagy meýilleşdirilen medeni çäreler, şol sanda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzda her ýyl geçirilýän höwesjeň aýdymçylaryň döredijilik bäsleşigine şu ýyl ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdy. Ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň deslapky tapgyrlary il içinden höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ençemesini ýüze çykardy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlary milli medeniýetimiziň genji-hazynasyna çekmek maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dowamynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny ýokary derejede guramak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda geçirilýän beýleki çäreler ýaly, şeýle bäsleşikleriň hem biziň baý mirasymyzy we döredijilik däplerimizi giňden wagyz etmäge, olary aýawly saklamaga, jemgyýetiň ruhy-ahlak kuwwatyny, onuň gymmatlyklaryny kemala getirmäge ýardam etmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sungatyň we medeniýetiň milli aň-düşünje üçin, mynasyp, sazlaşykly ösen nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, wise-premýere bu ulgamyň ösdürilmegine ünsi güýçlendirmegi hem-de bu ugurda işleri kämilleşdirmek üçin täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde abatlaýyş işleri geçirilip, olar zerur enjamlar we esbaplar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi hem-de sanly bilimiň ösmegi bilen baglylykda, okuw meýilnamalary hem-de maksatnamalary kämilleşdirildi.

Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artýar, bilim edaralarynyň döwrebap binalary gurulýar. Bu bolsa milli Liderimiziň bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijelidigine, onuň mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda häzir ýurdumyzda ýaşlaryň oňat bilim we terbiýe almagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriniň beýik işlerini dowam edýän mynasyp nesil bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz täze okuw ýylyna hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününe oňat taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, ýaşlaryň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirip, intellektual kuwwaty artdyryp, öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede amala aşyryp bilmegi üçin bilim hem-de terbiýeçilik işini has-da kämilleşdirmek, ähli şertleri döretmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde açyljak 75-nji ýubileý mejlisinde beýan ediljek ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş pikirleriniň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe möhüm ugurlary özünde birleşdirýär.

Şol ugurlaryň biri häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan ählumumy wehime — täze görnüşdäki ýokanja garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagynyň netijesinde, durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmekde halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny berkitmek ugry bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen köptaraplaýyn ýokary derejedäki maslahatlaryň çäklerinde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen geçiren gepleşiklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetirildi.

Olaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de bu babatda alym-lukmanlaryň we degişli bilermenleriň yzygiderli pikir alyşmagy üçin zerur gurallary döretmek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamany, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny döretmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek bilen bagly teklipler bar.

Häzirki şertlerde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden kararnamalary bilen ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi bolup durýar.

Bu babatda bitaraplygyň syýasy-hukuk nukdaýnazardan berýän mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň halkara binýadyny giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti» atly kararnamasynyň taslamasynyň üstünde işlemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmek, ynsanperwer ugrundaky meseleleri çözmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak üçin häzirki wagtda Bitaraplygyň Dostlarynyň toparyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde agzalan Toparyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, halkara meseleleri düzgünleşdirmek üçin bitaraplyk ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçiriler.

Türkmenistan tarapyndan ählumumy we sebit howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işini mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu merkeziň işine bagyşlanan ýörite Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli başlangyjyny öňe sürmek we 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda kabul edilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekki ýylda şol meselä bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etmek teklip edilýär.

Ählumumy howpsuzlygy berkitmek ugrunda Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan meseleleri hökmünde terrorçylyga, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, bikanun ýarag söwdasyna we adam söwdasyna garşy göreşmegi kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Bu babatda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy Strategiýasyny sebit derejesinde durmuşa geçirmekde gazanylan tejribelerine esaslanyp, bu Strategiýany durmuşa geçirmek boýunça Sebitara syýasy gepleşikleri guramak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde BMG-niň howandarlygynda yzygiderli esasda Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça Ählumumy forumy guramak başlangyjyny öňe sürmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Halkara we sebit derejelerde durnukly ösüşi gazanmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça BMG-niň ýokary derejeli maslahatyny 2022-nji ýylda geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

Türkmenistan tarapyndan dünýä ykdysady ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde energetika, senagat, ulag we söwda ugurlary kesgitlemek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika ugrunda halkara energiýa howpsuzlygy boýunça başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini dowam etmek bilen, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň durnuklylygy we ygtybarlylygy boýunça halkara hukuk guralyny döretmek üçin açyk görnüşli Halkara bilermenler toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edilýär hem-de bu babatda Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Durnukly ulag ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin häzirki döwürde ulag ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de çylşyrymly halkara şertlerinde kadaly we howpsuz işlemeginiň hukuk binýadyny ösdürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda taýýarlanylan ygtybarly halkara, yklym we sebitara ulag daşamalary üpjün etmek boýunça ýörite Kararnamanyň taslamasyna seretmek meýilleşdirilýär.

Bu babatda Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň halkara maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak we kabul ediljek resminamalar ýokarda agzalan meseleler boýunça anyk netijeleri gazanmaga ýardam berer.

BMG-niň we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda ýaramaz ekzogen (tebigy) ýagdaýlarynyň täsiri astynda ýaşaýan we daşky gurşaw töwekgelçiligine sezewar bolan sebitlerde ýokanç keseliň pandemiýasynyň howplary döredýändigini bellemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrýar.

Hususan-da, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde öňe süren Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmegi dowam etdirer.

Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçirjek nobatdaky mejlisinde bellenip geçilen Ýörite maksatnamanyň Konsepsiýasynyň we gurluşynyň taslamasyny hödürlemek meýilleşdirilýär.

Ekologiýa ugurda amala aşyrylýan halkara işleriň çäklerinde häzirki wagtda Hazar deňzinde biodürlüligi saklamaga gönükdirilen täze Hazar ekologiýa maksatnamanyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda BMG-niň resminamalarynyň esasynda kabul edilen milli, sebit hem-de global strategiýalary, maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen anyk çäreleriň geçirilmegi teklip edilýär.

Hususan-da, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň sebit edarasynyň Aşgabatdaky ýörite wekiliniň işine başlanmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny taýýarlamagy we bu resminamada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň milli institutynyň ösmegine hem-de onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňelmegine aýratyn orun berilmegi meýilleşdirilýär.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň ýokarda bellenip geçilen teklipleri makullan ýagdaýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary BMG-niň Sekretariatyna iberiler, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda beýan ediler we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlar ýerleşdiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Milli Liderimiz halkara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň muňa ýardam etmelidigini nygtady. Şol başlangyçlarda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji, ýubileý mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar.

Şu ýyl Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygy bellenilip geçilýär. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi hem-de degişli kararnamalarda berkidildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň bu halkara-hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzakmöhletli maksatlaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz giň köpçülige ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny ýetirmek hem-de halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki mejlisiniň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň 22-nji awgustda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Onda hukuk düzgün bozmalarynyň öňüni almak, bedenterbiýe we sport, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda meseleler deputatlaryň garamagyna berler. Şeýle hem Mejlis hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça birnäçe kararlary kabul eder.

Häzirki wagtda Halk Maslahatyna taýýarlyk boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Maslahatyň gün tertibine girizilýän meseleler boýunça halkymyzdan gelip gowuşýan teklipleri umumylaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Mejlis işjeň halkara işini hem alyp barýar. Parlamentiň agzalary wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirdiler, şeýle hem Mejlisiň Başlygy parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine hem-de Parlament ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Gürrüň ýerlerde, welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde Konstitusion kanunyň taslamasyny Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumyň gün tertibine giriziljek meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny belledi. Şol mejlisde taryhy çözgütler kabul ediler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda toplumlaýyn harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gözegçilik edýän edaralarynyň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek barada berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplygyň ýörelgelerine eýermek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Biziň ýurdumyz diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda Ýaragly Güýçleri häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün etmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen özgertmeleri amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy düzümleriň işlerini kämilleşdirmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, öňde uly işleriň durýandygyny belledi we oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.