Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak däbiniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň COVID-19-a garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň işini doly goldaýandygyny nygtap, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan bu howpuna garşy üstünlikli göreşmek üçin halkara derejede utgaşykly tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen “Lapis Lazuli” ylalaşygynyň çäklerinde döredilen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi.
Bu geçelgäniň ulanylmaga berilmegi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna, netijede bolsa, Ýewraziýa yklymynyň iri sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ädim boldy.
Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy ýaly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamyndaky giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýene-de birek-biregi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de asylly işlerinde üstünlikleri, türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.