close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
29.07.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de doganlyk we jebislik, haýyr we sogap işleri amala aşyrmaga bolan meýiller ýaly umumadamzat, ynsanperwer gymmatlyklary özünde jemleýän bu nurana baýramyň tutuş musulman ymmatynda we bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz we Kataryň Emiri iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklary täze ugurlara çykarmak üçin uly geljegiň bardygyny aýtdylar. Munuň üçin bolsa iki ýurduň hem köp ugurly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändigi hem-de onuň işjeňleşmegine şahsy goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň däp bolan döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny we ony mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň möhüm we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, dünýäniň geosyýasy
hem-de ykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen meýillere gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan we dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy meselesine deglip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde halkara bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny belläp, bu ugurda anyk netijeleri gazanmak üçin dünýäniň ähli döwletleriniň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad
Al-Tani birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlarynda üstünlik, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.