close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy
15.07.2020

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkidilmegine bolşy ýaly, onuň ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Daşky gurşawy goramak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, türkmen topragynyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda, türkmen sährasynyň ekologiýa derejesiniň gowulandyrylmagyna, milli tebigatyň asyl durkunyň saklanylmagyna, biologik dürlüligiň sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berilýär.

...Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenaryna geldi. Milli Liderimiz ulagdan düşüp, bu ýerleriniň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny, sähra gurşawynyň ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän gözel görnüşlerini synlady.

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny utgaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş syýasatynyň esasyny düzýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli suw howdanlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de suw gorlaryny degişli derejede saklamak we arassalamak çäreleri barha işjeňleşdirilýär. Şeýlelikde, täze suw howdanlaryny döretmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we balykçylygy ösdürmek wezipelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky geçirilýän işler hem azyk bolçulygynyň berkidilmeginde möhümdir.

Işjeň dynç almaga aýratyn üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezek ajaýyp kölde balyk tutmak bilen meşgullandy.

Diýarymyzyň suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi kölleriň we howdanlaryň suwunyň arassaçylyk hem-de balyklar üçin ýaramlylyk derejesiniň degişli kada laýyk gelýändigine güwä edýär.

Soňky ýyllarda amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň köpsanly suw howdanlarynda dürli guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn bellemeli.

Munuň özi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu ýerlerde seýrek duş gelýän toýnakly jandarlaryň köpelmegine oňyn täsiri bolan şertler bar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen dürli jandarlaryň bardygyny bellemeli. Şeýlelikde, sähranyň ekologiýa derejesiniň gowulandyrylmagy netijesinde, bu ýerleriniň haýwanat dünýäsiniň köp dürlüliginiň artmagy üçin zerur şertler üpjün edildi.

Şunuň bilen birlikde, kölüň suw gorlarynyň artmagy bu künjekde maldarçylygyň ösüşine, çölüň suwarymly ýerleriniň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna öri meýdanlaryň giňelmegine oňyn mümkinçilik döredi.

Häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz metbugat neşirleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi. Onda tebigatyň özboluşly aýratynlyklary, duş gelýän sözleriň, nakyllaryň mazmuny barada giňişleýin düşündiriş berilýär. Gadymy sözlükde beýan edilişine görä, balyk bilen baglanyşykly «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakyl adamyň käbir gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşykly manyny açyp görkezýär. Munuň özi türkmen diliniň gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw meselesi sebitde özgerişlikleri ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. MA-nyň döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň durmuş derejesi suw gorlaryna elýeterlilikden başlap, olaryň netijeli dolandyrylmagyna gös-göni baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli derejedäki forumlarda öňe süren netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebitleýin merkezi açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak hakyndaky teklipler bar.

Milli Liderimiz balyk tutýan pursatynda çeňňege düşýän balyklaryň has ulularynyň hem bardygyna göz ýetirdi. Munuň özi kölde ýaşaýan balyklaryň sazlaşykly köpelmegi we ulalmagy üçin suwda zerur ähli mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Ýaramly kölde ýaşaýan balyklaryň ulalmagy, olaryň agramynyň artmagy balyk awlamakda birnäçe çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, balyk tutulýan pursatlarda garaşylmadyk wakalar hem ýüze çykýar. Bu bolsa balyk tutmagyň özboluşly häsiýete eýediginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň suwly gabyna düşýän balyklaryň sany yzygiderli artdy.

Tebigatyň goýnunda gezelenç etmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek ýaly balyk tutmagyň hem bähbitli taraplarynyň bardygyny bellemeli. Balyk tutmak pikiriňi bir ýere jemlemek, dem alşyňy, gan basyşyňy kadalaşdyrmak ýaly peýdaly ugurlarynyň bardygyny lukmançylyk ylmy tassyklady. Şeýlelikde, dynç alşy saglyk we beýleki ugurlar üçin bähbitli çäreler bilen meşgullanmak milli Liderimiziň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Milli Liderimiziň howandarlygynda «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek hem-de ýaş türkmenistanlylaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary we kabul edýän ynsanperwer çözgütleri tutuş halkymyzyň, esasan-da ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär we olaryň milli Liderimize hoşallyklaryny alamatlandyrýar.

Çagalar sowgady şatlyk bilen kabul etdiler. Ýörite gapda getirilen balyklary synlap, «Döwletliler köşgüniň» okuwçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Bu pursatlar döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesili terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar täze tutulan balyklary uly ruhubelentlik we çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Mälim bolşy ýaly, balyk iň gymmatly azyk önümleriniň biridir, onuň düzüminde A, D, E witaminleri, kalsiý, ýod, demir, magniý we beýleki serişdeler bar.

Hususan-da, gaýnadylan we buglanan balyklaryň, balyk çorbasynyň ýokumlylyk derejesiniň has-da ýokarydygyny lukmançylyk ylmy tassyk etdi. «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler özleri üçin iberilen balyklaryndan taýýarlanan balyk çorbasyndan dadyp, yzygiderli edýän atalyk aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Munuň özi ýurdumyzyň ähli ilatynyň, aýratyn-da, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesiniň artmagy bilen baglanyşykly meseleleriň amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tututulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrýar.

«Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek, häzirki zaman bilimini özleşdirmek hem-de terbiýe bermek, döredijilik we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler netijeli peýdalanylýar.

Bagtyýar çagalar Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine, hünär eýesi bolup, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.