close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
03.07.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi, Prezident maksatnamalaryny we beýleki meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşy ara alyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewany başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, medeniýet ulgamynda öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamyň edaralarynyň oňat maddy-enjamlaryň binýady döredildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de sanly telewideniýäniň, emeli hemranyň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň döwrebap binalarynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, taryhyny beýan etmekde şol mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny berkitmäge gönükdirilen örän möhüm strategik maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň many-mazmuny anyk mysallar arkaly görkezilmelidir.

Hususan-da, azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, olary öňdebaryjy tehnika we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, döwrebap kärhanalary döretmek boýunça gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz bilen sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, olary dünýä jemgyýetçiligine tanatmak boýunça işleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini hem-de döredijilik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli tele hem-de radioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri we aýdym-sazly çykyşlary taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň teatrlarynda edermen halkymyzy wasp edýän täze oýunlaryň goýulmagynyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanynyň täze bellenen orunbasaryna işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz A.Atabaýewany Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony bilim ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, N.Garlyýewi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Aşyrowy belledi hem-de ony Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz oňa täze jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň birinji ýarymynda makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edildi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişini seljermegiň jemlerine laýyklykda, alty aýda jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň öndürilişi 4,4 göterim köpeldi.

Ýanwar-iýun aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölekleýin haryt dolanyşygynyň möçberi 13,8 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlar hasaba alnyp işlenip taýýarlanylan 2020-nji ýylyň Döwlet býujetiniň we býujet çykdajylarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylan taslamalaryny hödürlendi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň şu ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynda göz öňünde tutulan girdeji bölegini artdyrmak we çykdajylary peseltmek hem-de maliýe serişdelerini maksatlaýyn peýdalanmak boýunça teklipler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, E.Annamuhammedowy başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyp, ony Ministrler Kabinetiniň Bank we halkara maliýe guramalary bölüminiň müdiri wezipesine bellemek barada karara gelendigini yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine M.Serdarowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze bellenen ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.

Dünýä ykdysadyýetindeki ýagdaýlar bilen bagly 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de býujetiň girdejili çeşmeleriniň esaslandyrylan we kanunalaýyk bolmalydygyny, çykdajy ugurlaryny netijeli we maksadalaýyk maliýeleşdirmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow salgyt düzgünlerini kämilleşdirip, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmalydygyny nygtap, bu ugurda halkara tejribesinden ugur almagy tabşyrdy.

Döwlet emlägini aýrybaşgalamagy we hususylaşdyrmagy, döwletiň paýy bolan edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramagy çaltlandyrmaly diýlip, işleriň alnyp barylmagy ugurlarynyň ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenildi. Milli Liderimiz zyýan çekip ýa-da pes netije gazanyp işleýän döwlet kärhanalarynyň bolsa aýratynlykda seljerilmelidigine ünsi çekdi.

Kärhanalaryň önümçilik kuwwatlygyny doly ulanyp, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmaly, ýokary hilli önümleri öndürip, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň üstünde yzygiderli işlemeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de ýer böleklerini bermek işini ýönekeýleşdirip, karz, gümrük we söwda taýdan resmileşdirmegi ýeňilleşdirmelidigini tabşyrdy.

Eksport höweslendirmeleri arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi çaltlandyrmak, şeýle hem wiza, bellige almak, ýer böleklerini resmileşdirmek, karz we hasaplaşyk ýeňilliklerini girizmek mümkinçiliklerini öwrenmek hem esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ministrligiň ýolbaşçysy M.Serdarowa ministriň orunbasary wezipesine bellemek üçin ýakyn wagtda mynasyp adamy hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oňa täze jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Statistika baradaky Döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2020-nji ýylyň alty aýynda gazanan ykdysady netijeleri barada hasabat berdi. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşiniň öndürilişi artdy.

Döwlete dahylsyz ulgamda hem oňyn netijeler gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ykdysadyýetde maliýe durnuklylygyny gazanmak we pudaklary maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak üçin degerli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kärhanalaryň bank karzlaryny we algy-bergilerini tertipleşdirmek üçin teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmelidigini, pudaklary pul serişdeleriniň zerur möçberi bilen üpjün edip, hümmetsizligi meýilleşdirilýän derejede saklamalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz dürli pudaklara berilýän karzlaryň ykdysady taýdan bähbidine we netijesine yzygiderli seljerme geçirmek barada görkezme berip, berilýän karz serişdeleriniň bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmagy çaltlandyryp, bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini artdyrmalydygyny belledi hem-de bank edaralaryna fiziki we ýuridik taraplaryň pul serişdelerini çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde köpräk işlemegiň möhüm ugurlaryň biridigini belledi hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, olaryň ykdysadyýetimiziň ösüşine berýän synlarynyň we seljerme işleriniň netijelerini ýerlikli peýdalanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli işleri üstünlikli tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary durmuşa geçirmek, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze, 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga we tassyklamaga hem ünsli seretmek barada görkezme berip, her ministrligiň we pudak edarasynyň öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de wezipelerini anyk bilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu işi tamamlap, onuň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegiň möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz bu tabşyrygy birnäçe gezek gaýtalap aýdýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere ýüzlenip, olaryň gözegçilik edýän ministrliklerini we pudak edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleri babatda olaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda täze iş orunlaryny döretmek boýunça tassyklanan maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigine, şu ýyl tamamlanan soň, bu meselelere aýratyn serediljekdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Hökümet başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklaryň täsirini yzygiderli seljerip, ony azaltmak üçin çäreleri işläp taýýarlamalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaý bilen bagly ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we makroykdysady durnuklylygy gazanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegiň depgininiň güýçlendirilmegi möhüm wezipeleriň hataryna kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetde zähmet bazary bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, zähmet gorlarynyň emele gelmegini we ýerlikli dolandyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitläp, hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de umumylaşdyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hasabatlylygyň zerur bolmadyk we döwri geçen görnüşlerini aýyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmagy, halkara tejribesinden ýerlikli peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisine ibermek üçin 2020-nji ýylyň rejelenen Döwlet býujetiniň taslamasyna seretmek baradaky hata gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow alty aýda gözegçilik edýän ulgamlarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebit we gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasynyň 107,6 göterim, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnamanyň 102,6 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 105,1 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Suwuklandyrylan gaz öndürmegiň ösüşi 112,2 göterime, özleşdirilen maýa goýumlaryň ösüşi 113,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady.

Milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, M.Arçaýewi döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine B.Amanowy belläp, ony Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşatdy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu kärhananyň baş inženeriniň üstüne ýüklenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz H.Geldiýewi başga işe geçmegi sebäpli, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine M.Rozyýewi belläp, ony şol korporasiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we ýakyn wagtda korporasiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek üçin mynasyp adamy hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä täze bellenen ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekli.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geçen alty aýyň jemleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy önümçilik görkezijileriniň bellenen meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigine garamazdan, käbir görkezijileriň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde pes bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly emele gelen ýagdaýa görä kämilleşdirmeli. Toplumyň kärhanalarynda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin degişli işleri geçirmeli.

Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň depginini artdyrmaly.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewe nebit we kondensat çykaryp almagyň ösüş depginini hem-de önümi paýlaşmak baradaky bar bolan şertnamalar boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýyllyk borçnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, şeýle hem Günbatar Türkmenistanyň hazarýaka zolagynda açylan täze nebit känleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmak maksady bilen geçirilýän işlere daşary ýurtlaryň hyzmat ediş kompaniýalaryny çekmegi işjeňleşdirmek barada görkezme berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm düzüm bölegidir.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýlaşdyrmak hem-de täze sarp edijileri tapmak boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Täze gazhimiýa kärhanalaryny gurmak üçin maýa goýumlary serişdeleriň gaýtarylmagyny öndürilen önümiň hasabyna amala aşyrmagyň şertlerinde çekmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we daşarky bazarlara eksport edilmeginiň mukdaryny artdyrmak, daşary ýurt walýutasynyň gelip gowuşýan möçberlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewe nebitiň, kondensatyň we tebigy gazyň täze gorlaryny gözläp tapmak, pudagyň ygtybarly çig mal binýadyny döretmek üçin uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň artdyrylmagyny üpjün etmek boýunça işleriň öz wagtynda hem-de doly berjaý edilmegi babatda degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu pudagyň kärhanalary tarapyndan meýilnamanyň 100,4 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 100,2 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 120,5 göterim ösüş gazanyldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýerine ýetirilen işler 61 göterime deň boldy, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleri babatda 122,4 göterim ösüş gazanyldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi boýunça meýilnama 99,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe meýilnama 101,5 göterim berjaý edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek boýunça işleriň başlanandygyny aýtdy. Ýöne bu işler, ozaly bilen, zerur hünärmenleriň ýokdugy sebäpli, ýeterlik derejede alnyp barylmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Öwezowa hem-de P.Agamyradowa bilelikde elektron senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek üçin zerur bolan ugurlarda işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny işläp düzmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda dünýädäki koronawirus epidemiýasy we mejbury çäklendirmeler zerarly kynçylyk çekýän ulag kärhanalarynyň işini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şol döwürde olaryň bökdençsiz işlemegini we durnukly maliýe ýagdaýyny saklamagy üpjün etmek zerurdyr. Ulag kärhanalaryna olaryň işgärlerine zähmet haklaryny tölemegi hem-de maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin goldaw bermek gerek diýip, milli Liderimiz demir ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika pudaklarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde, paýtagtymyzyň edara ediş düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, ýanwar — iýun aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 112,8 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 118,9 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,7 göterim artyp, meýilnama 107,4 göterim berjaý edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri alyp barmagyň meýilnamasy 105,5 göterim berjaý edildi. Ösüş bolsa 109,2 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, degişli işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 113,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu düzümiň görkezijileriniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,5 göterime deň boldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde önüm öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 148,1 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,2 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 100,3 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyna seljerme geçirmek we 2021-nji ýyl üçin täze gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeler berildi.

Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen girişdik we emele gelen ýagdaýa garamazdan, bu işleri dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň zerur serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, metal gurnamalary we bezeg serişdelerini öndürýän kuwwatly senagaty döretmek işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Bar bolan baý çig mal serişdelerini nazara alyp, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça täze kärhanalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler işlenip taýýarlanylmalydyr. Munuň özi ekerançylyk meýdanlaryny agrotehniki kadalara laýyklykda, mineral dökünler bilen üpjün etmäge we oba hojalyk ekinlerinde alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektrik energiýanyň önümçiligini we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Milli Liderimiz Ş.Durdylyýewe wise-premýer Ç.Gylyjow bilen bilelikde gysga wagtda bu işlere ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny çekmegiň mümkinçiliklerini seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylyň geçen ýarym ýylynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň möçberi 24,6 göterim artdy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginde hasabat döwründe önümçiligiň möçberi 19,9 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 126-sy geçirilip, harytlaryň eksporty we importy bilen bagly 13 müň 188 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi manat dolanyşygynda 50,3 göterim, peýdanyň möçberi 23 göterim ýokarlandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 18,9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi bolsa 28,7 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, sarp edilýän harytlaryň, aýratyn-da, oba hojalyk toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-tehniki kömegi bermek boýunça anyk çäreler geçirilmeýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ç.Gylyjowa degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň meselelerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy çaltlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormaty Prezidentimiz daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini hökman öwrenmegi, halkara söwdasynyň oňyn tejribelerini we harytlary ýerlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmek işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Biz mundan beýläk-de bu meseleler babatda telekeçilige giň goldaw bermek syýasatyny dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow şu ýylyň alty aýynda gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny, giriş synaglaryny guramak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2020-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda hem hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň mynasyp derejede bilim almagy hem-de hünär başarnyklaryny artdyrmak, ýokary derejeli bilimli, beden taýdan sagdyn, ýokary watançylyk ruhundaky giň dünýä garaýyşly şahsyýetleri terbiýelemek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sanly bilimiň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn usulynda geçirildi, türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň ylmy mümkinçiliklerini toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýanwar-iýun aýlarynda köpsanly ylmy-barlag işleri geçirildi, ylmy gözlegler hem-de olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy.

«Saglyk» döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda, şu ýylyň birinji ýarymynda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyryldy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylda medeni-jemgyýetçilik, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar we beýleki çäreler guraldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen M.Geldinyýazow bilim ministri wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bilim we jemgyýetçilik bölüminiň müdiri wezipesine bellenildi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory wezipesinde işlän O.Gurbanow bilim ministri wezipesine bellenildi.

Şol institutyň rektory wezipesine G.Muhammedow bellenilip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory wezipesinden boşadyldy.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine häzirki wagta çenli bu düzümiň ministriniň orunbasary wezipesinde işlän G.Agamyradow bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze ministre öz orunbasary wezipesine mynasyp adam hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz wise-premýere we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa ýüzlenip, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna hem, täze okuw ýylyna hem düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, okuw ýyly başlamazdan ozal ýurdumyzyň mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil we düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigini belledi.

Şeýle hem sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talaba laýyk derejede guramak hem-de bilim işgärleri bilen geçiriljek hökümet maslahatyna taýýarlyk görmek tabşyryldy, maslahatda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere garalar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegi hem-de ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçmäge taýýarlyk görmegi talap etdi. Şunda Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişli bolmalydyr.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, wise-premýere bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygyny pugtalandyrmak, täze hünärleri girizmek hem-de ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek boýunça işleri dowam etmek tabşyryldy. Munuň üçin iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmek hem-de daşary ýurt bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmek, innowasiýa önümçiliklerini öwrenmek üçin ýurdumyzyň hünärmenlerini daşary ýurtlara ibermek we beýleki döwletlerden hünärmenleri çagyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenilen bilim ministri O.Gurbanowyň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze hünär ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns bermek, Ylymlar akademiýasynyň alymlary we degişli pudaklaryň hünärmenleri bilen bilelikde döwrebap okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamak tabşyryldy. Bu işler hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydyr hem-de toplanylan milli tejribe we bilim ulgamynda dünýä ylmynyň gazananlary göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, bildirilýän talaplar hasaba alnyp, täze girizilýän hünärler boýunça degişli pudaklar bilen bilelikde okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi dowam etmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilmelidir.

Innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny hasaba alyp hem-de ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna zerur bolan hünärleri öňünden kesgitlemek hem-de edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerine bildirilýän esasy talaplary kesgitlemek boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýä derejesinde eýeleýän ornunyň berkeýändigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyny aýratyn belledi.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşen Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habary agzap bolar. 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ähmiýetli waka bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly guramanyň çäklerinde milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika we ulag, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda öňe süren teklipleri häzirki wagtda iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň üsti bilen durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we milli Liderimiziň dünýäde uly abraýyny nazara alyp, halkara bileleşigi ýurdumyzy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlady. Munuň özi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şu ýyl şanly 25 ýyllygynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň dabaraly bellenilýändigi bilen baglylykda örän uly ähmiýete eýedir.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy nobatdaky uly daşary syýasy ýeňşi bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, milli Liderimize Watanymyzy gülledip ösdürmegiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna altynjy gezek saýlanýandygyny (58, 62, 64, 68, 71 we 75-nji sessiýalar) nygtady.

Bu wakanyň mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenýän «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda bolmagy aýratyn guwandyryjydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi biziň ýurdumyzyň ýokary halkara at-abraýynyň, Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň täze aýdyň şaýatnamasydyr.

Biziň ýurdumyzyň alyp barýan döredijilikli syýasaty ýaly, bu garaýşy hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biragyzdan makullanyldy we goldanyldy. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Bitarap döwletimiz bu ägirt uly halkara Guramasynyň abraýly edaralarynyň we ykdysady institutlarynyň düzümine köp gezek saýlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýär. Bu gatnaşyklaryň uzak möhletli geljegi nazarlaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan döwletleriň ählisi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesi bolan Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu Gurama bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we bütindünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli iri taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň bilelikde amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Hyzmatdaşlyk edýän ýyllarymyzda biziň ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, halkara durnuklylygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Döwrüň möhüm meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Türkmenistan ylalaşdyryjy we döredijilik kuwwatynyň bütin adamzada hyzmat etmegini maksat edinip, bu ugurda anyk işleri geçirýär. Bu bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň belent maksatlaryna laýyk gelýär. Bu Gurama bilen uzak möhletiň dowamynda giň gerimli, maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy alyp barmak Türkmenistanyň saýlap alan strategik ýoludyr. Biz mundan beýläk hem, döwrüň esasy meselelerini çözmek üçin hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly täze pikirleri we gatnaşyklaryň nusgalaryny taýýarlamakda we amala aşyrmakda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen biziň alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy we ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna barha pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmaga ygrarly bolup durýandygyny, ähli mümkinçiligini parahatçylygyň, döredijiligiň we durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirmäge taýýardygyny tassyklap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we mejlise gatnaşyjylary hem-de ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen ýene bir gezek gutlady.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de öňde goýan wezipeleriniň çözülişi bilen baglylykda, birinji ýarym ýylda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-iýun aýlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara we sebit guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi.

Garalýan döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, şeýle hem onlaýn görnüşinde geçirilen Türki dilli döwletleriň geňeşiniň duşuşygyna hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş sekretary we birnäçe döwletleriň Baştutanlary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirilip, şolaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda hökümetara toparlarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň işlerine ähmiýetli orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwletara derejesinde dostlukly gatnaşyklary hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltjekdigini, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini nygtap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda başga işe geçmegi sebäpli, B.Zahyrowy Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine J.Gurbangeldiýewi belläp, ony şol institutyň prorektory wezipesinden boşatdy hem-de oňa özüne ynanylan wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlaryň özleşdirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ýurdumyzyň şanly Bitaraplyk baýramy mynasybetli dürli maksatly binalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalarda we desgalarda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda bellenen tertipde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hil derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Günbatar welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar.

Hökümetiň giňişleýin mejlisi Daşogaz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki döwürde tassyklanylan meýilnama boýunça medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin meýdan işleri geçirilýär.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçen ýarym ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmagy berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Welaýatda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek, gowaçalara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ideg işlerini guramak boýunça degişli işler ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýol gurluşygy we beýleki inženerçilik desgalarynyň durkuny täzelemek we olaryň täzelerini çekmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Welaýatyň ekerançylaryna döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde möwsümleýin işler talabalaýyk derejede alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde birinji ýarym ýyllykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumyna degişli düzümlerde önümçiligiň ösüşi 115,7 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 116,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,9 göterime deň boldy.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Şeýle hem ýygnalan galla hasylyny degişli derejede saklamak, ony kabul ediş bölümlerinden elewatorlara we ammarlara daşamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Orakdan boşan ýerlerde güýzki ekiş, şol sanda gök, bakja we beýleki ekinleriň ekişi üçin ýerleri taýýarlamak agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary işjeň durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Ýygnalyp alnan gallanyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Gallanyň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport edip bolar.

Meýdanlarda gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär Pagtanyň ýurdumyz üçin aýratyn wajypdygyny bellemeli. Şeýlelikde, bol hasyl almak üçin zerur ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýygym möwsümine talabalaýyk taýýarlamak hakynda alada edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler P.Agamyradowa we E.Orazgeldiýewe pandemiýa bilen bagly meseleleri nazara alyp, ylmy edaralaryň oba hojalyk, aýratyn-da, suw meselesiniň, şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek meseleleriniň üstünde has köpräk işlemek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Biz suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys, bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi giňden peýdalanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň alty aýynda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Deputatlar düzümi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri geçirýärler.

Geçen döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň dowamynda Türkmenistanyň 18 kanuny hem-de Mejlisiň 13 karary kabul edildi.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunyň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Bu Kanunyň deslapky taslamasy metbugatda çap edilenden hem-de giňden ara alnyp maslahatlaşylandan soň, gelip gowşan teklipler iş toparynyň mejlislerinde düýpli öwrenildi. Raýatlaryň pikirlerini has düýpli öwrenmek maksady bilen, welaýatlarda iş toparynyň göçme mejlisleri geçirildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak hem-de Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de kanun çykaryjylygyň dünýä tejribesini öwrenmegiň, BMG-niň wekilhanalary hem-de beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, ýylyň başyndan bäri Mejlisde 7 duşuşyk, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly üç duşuşyk guraldy.

Mejlisiň agzalary öz saýlaw okruglarynda ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan maslahatlara gatnaşyp, edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, okuw mekdeplerinde milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz edýän çäreleri geçirdiler.

Mejlisiň başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada maglumat berip, Maslahaty geçirmegiň möhleti we oňa taýýarlyk görmek baradaky degişli resminamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, öňde boljak möhüm wakanyň – 25-nji sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini nygtady. Şonuň ertesi güni zähmetde uly üstünlikler gazanan we döwlet sylaglaryna hödürlenen raýatlarymyzy sarpalamak dabarasy bolar, 27-nji sentýabrda bolsa biz baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belläris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Maslahaty geçirmegiň we oňa taýýarlyk görmegiň möhletleri baradaky degişli Permana we Karara gol çekip, umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýarym ýylynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň Türkmenistanyň Harby akademiýasyny üstünlikli tamamlandygyny belläp, oňa degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

Döwlet Baýdagyna tagzym edip we mukaddes kasamy ýerine ýetirip, hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny özüne ynanylan jogapkärli işinde mundan beýläk-de ak ýürekden işlejekdigine, Garaşsyz Bitarap Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we ýakyn geljek üçin öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsiri dowam edýär. Emma, muňa garamazdan, statistiki maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly biziň Hökümetimiziň netijeli çäreleri görýändigini görkezýär.

Ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde ýurdumyzyň ornuny berkitmek boýunça işler dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Biziň daşary syýasatymyz üýtgewsiz ýagdaýda dowam edýär. Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenýän ýylynda hem, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalary bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlygyň dowam edýändigi bellenildi.

Içeri syýasatymyz barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny goldap, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň barha artdyrylýandygyny aýtdy.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi — 5,9 göterim möçberde saklanýar. Milli puluň hümmeti hem şol bir derejede durnukly saklanýar.

Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam edýändigini belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat döwründe umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda geçen alty aýda ýurdumyzda 1 milliard 300 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Geçen ýarym ýylyň dowamynda 14 sany iri desga, umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 1 milliard manada golaýlaýan, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary netijeli amala aşyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, heniz çözülmegi köp zähmeti talap edýän meseleleriň az däldigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna çekdi.

Ýurdumyzda ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek; ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, bank ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň, eksport mümkinçiligi ýokarlandyrmak we walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek, meseleleriniň möhümdigi nygtaldy.

Senagat pudagynda bäsleşige ukyplylygy pugtalandyrmak, kiçi telekeçiligi ösdürmek, geljegi uly ugurlar bolup durýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini belledi.

Hususylaşdyrmagyň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalary, üpjünçilik desgalary, şeýle hem köp sanly beýleki desgalar girizilmelidir.

Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny guramak we bäsleşikli söwdalary açmak hususylaşdyrmagyň esasy usullaryna öwrülmelidir.

Hökümet agzalaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara we içerki döwlet çärelerini geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. Hususan-da, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Maslahatda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna örän möhüm üýtgetmeleri girizmek boýunça çözgütler kabul ediler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny, şeýle hem berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi giňden bellenip geçiler. Bu çäreler ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryndan, bizde aýdylyşy ýaly, örän ýokary derejede geçirmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň,erbet bolmandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmek tabşyryldy. Soňra, welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 7-nji iýuldan 6-njy awgusta çenli dynç almak rugsat beriler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hökümet agzalary Arçmanda ýa-da Ýylysuwda we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Milli Liderimiz Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, pagta ýygymy bilen bagly ýolbaşçylar bilen maslahatlaşyp, bu meselä özleriniň seretmegini tabşyrdy. Eger, agrotehniki çäreler bilen bagly işleriň häzirki gyzgalaňly döwründe dynç almagy makul bilmeseňiz, onda siz pagta ýygymyndan soň dynç alyp bilersiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.