Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady.
Biraz salymdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýolugra şähergurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki zaman «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de bu ýerde bina edilýän 21-nji ýöriteleşdirilen toplumyň mekdebinde we çagalar bagynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem toplumyň çäginde fitnes we döredijilik merkezi gurulýar. Munuň özi okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny netijeli guramaga hem-de çagalaryň dürli ugurlarda zehinlerini ösdürmek boýunça işi kämilleşdirmäge ýardam eder.
Bu ýerde gurulýan bilim edaralarynda çagalara daşary ýurt dilleriniň birnäçesi öwrediler. Mekdepde köp dersler boýunça okatmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaş nesliň saýlap aljak hünärine doly derejede taýýarlygyny üpjün eder.
Mekdepde käbir dersleriň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi giň dünýägaraýyşly bilimli ýaşlaryň kemala gelmegine kömek eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu ýerde okuwçylaryň aň-düşünje we beden taýdan ösmegi hem-de döwrebap bilim almagy, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hemme şertler döredilmelidir. Hormatly Prezidentimizi otaglaryň iň döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnikalar we okatmagyň ýörite serişdeleri bilen üpjün edilmelidigini nygtady.
Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşyk işleri bilen içgin tanşyp, bu babatda birnäçe bellikleri we maslahatlary aýtdy.
Bu gün ýurdumyz dürli ugurlarda döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär, möhüm bölegi köp asyrlar mundan ozal türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasat ugry, yklym üsti ýollaryň strategiki taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşmegi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde ata Watanymyzyň abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýerde gurulýan desgalar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, ozal gurlan desgalar we tebigat bilen sazlaşmalydyr. Şolaryň daşky we içki bezeginde, otaglarynda milli nagyşlary giňden ulanmak gerek, munuň özi binalara aýratyn öwüşgin çaýar.
Milli Liderimiz bu işleriň şu günüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara işleriň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.