Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine, ýerlerde döwrebap durmuş ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilen özgertmeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklaýar.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Bossan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň ulagy gallaçy kärendeçi Amanýaz Berdiýewiň ak ekin ýeriniň ýanynda saklandy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygynyň ösdürilmegine, oba ilaty üçin zerur bolan durmuş mümkinçilikleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, şol meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyna ünsi çekdi.
Bu ýerde milli Liderimiz gallaçy kärendeçi A.Berdiýewiň ýetişdiren hasyly, daýhanlar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Ekerançy daýhan maşgala agzalary bilen 21 gektar ýerde bugdaýyň «Hasylly» görnüşini ösdürip ýetişdirendigini, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň utgaşmagy bilen bol hasyly kemala getirendigini gürrüň berdi. Gallaçy kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol bu meýdandan meýilnama boýunça 37,8 tonna bugdaý tabşyrmaly. Ýöne bol hasyl ösdürip ýetişdiren daýhan kärende ýerinden 84 tonna ak bugdaý almagy meýilleşdirýär. Bu bolsa her gektardan alynýan hasylyň 40 sentner boljakdygyny aňladýar.
Kärendeçi A.Berdiýewiň gürrüň bermegine görä, ykbalyny daýhançylyga baglap, ol topraga yhlasyny gaýgyrman döwlet tapan daýhanlar maşgalasyndan. Şeýle hem ol ýerden bol hasyl öndürmek, döredijilikli zähmet çekmek ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli kärendeçileriň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Milli Liderimiz topraga yhlasy uly bolan kärendeçileriň öndürijilikli zähmetiniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, saçaklarymyzyň rysgal-berekediniň artmagynda wajypdygyny belläp, döwletimiziň önüm öndürijilere mundan beýläk-de goldaw berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekýän, topraga daýhan yhlasyny, söýgüsini siňdirýän adamlaryň döwlet tapýandyklaryny, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň eksport mümkinçilikleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň maşgala ýagdaýy, hojalygynda alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. A.Berdiýew döwletli maşgalasynyň bardygyny, hojalygynda dowar saklap, ondan bol önüm alýandygyny gürrüň berdi.
Kärendeçi daýhan eşretli durmuşda ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ol zerur bolan ýer, suw, ýokary hilli tohum, dökün bilen üpjünçiligiň ýokary derejede ýola goýlandygyny guwanç bilen gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz daýhan bilen söhbetdeşligiň dowamynda tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşygyň geçirilişi, bugdaýdan boşan meýdanlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän işler, samany ýygnamagyň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy.
A.Berdiýew hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigini, hasyly ýygnap bolansoň, bu ýerde mäş ekmekçidigini, onuň her gektaryndan 20 sentner hasyl aljakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol etrabyň maldarçylyk toplumy bilen şertnama baglaşyp, samany şolara tabşyrýandygyny gürrüň berdi.
Soňra gallaçy kärendeçi hormatly Prezidentimizden galla oragyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz bol hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we ekerança bol hasyl arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla orýan kombaýnlaryň ýanyna gelip, mehanizator Orunbaý Gaýypow bilen gürrüňdeş boldy. Tejribeli mehanizator bu kombaýnlaryň işlemek üçin hem, orak üçin hem örän amatlydygy, olaryň öndürijilik güýjüniň ýokarydygy barady aýtdy we şunuň ýaly kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli alynýandygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz kuwwatly däne orujy kombaýna mündi we kuwwatly tehnikany herekete girizip, bugdaý orup başlady. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna ak pata berdi. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň birleşen tagallasy bilen hasyly ýygnalýan meýdanlaryň möçberleri artyp başlady. Bu işde milli Liderimiz öňbaşçy hem-de sogap işe görelde boldy.
Arkadag Prezidentimiziň erk edýän kombaýny daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny orup, öndürijilikli işläp başlady. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň islendik hünärleri ussatlyk bilen ele alýandygynyň hem-de döwrebap tehnikalara erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Biraz wagtdan milli Liderimiziň erk edýän kuwwatly tehnikasy bugdaýly peliň gyrasynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz kombaýndan düşüp, oba zähmetkeşleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan tehnikalary synlady.
Olaryň hatarynda «CLAAS» (Germaniýa) we «John Deere» (ABŞ) kompaniýalarynyň tehnikalary, şol sanda gowaça we bugdaý ekiji tehnikalar, olara degişli enjamlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu tehnikalaryň öndürijilik mümkinçilikleri bilen gyzyklandy. Soňra hormatly Prezidentimiz gowaça ekiji tehnika münüp, onuň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, 8 hatarly gowaça ekiji tehnika gowaça tohumyny ekmek bilen, olary dökünlemek işini birbada ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şeýle hem Amerikanyň «John Deere» kompaniýasynyň bu ekiji tehnikasy gowaçanyň çigidini ýörite düzülen maksatnama esasynda sanap ekýär. Bu bolsa gowaça ösdürip ýetişdirmekde amatly şertleri üpjün edýär, ýagny degişli maksatnama esasynda ekiş geçirilende, gögeriş gazanylan pursady gowaçalary ýekelemek işini aradan aýyrýar. Munuň özi ösüşi çaltlandyrmak bilen bir hatarda, ideg üçin edilýän çykdajyny we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Onda gowaça we bugdaý ekinleriniň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasylyň unundan taýýarlanan çörek we çörek önümleri görkezilýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň bugdaý hasylyndan taýýarlanan unuň hili, ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzda bereket bolçulygynyň döredilýändigini äşgär edýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalygynyň möwsümleýin işleri barada aýdyp, onuň hersiniň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda «Eset — eset-de, ekişi bes et» diýen halk nakylynyň manysynyň, esediň iýul aýydygyny, aralyk ekinleriniň iýul aýyna çenli ekilmelidigini, bolmasa onuň hasyla durup ýetişmeýändigini aňladýandygy barada gürrüň berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz ozal «Ýigidi orak garradar» diýen nakylyň hem bolandygyny aýdyp, häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragynda ulanylýan ýokary öndürijilikli «CLAAS» we «John Deere» kombaýnlarynda mehanizatorlar üçin döredilen rahatlygyň, üpjünçiligiň, tehnikanyň bugdaýy orup, dänäni arassalap, samany ýerde hatarlap gidip barşynyň, iş öndürijiliginiň, awtoulaglara guýulýan ak bugdaýyň bereketli hasylynyň ýüreklerde şatlyk, guwanç, buýsanç döredýändigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýhasly pederlerimiziň bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplap, bol hasyl alandyklaryny, şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň «Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir» diýen nakyly döretmeginiň bugdaýa uly sarpa goýulýandygyny, onuň mukaddeslik derejesine göterilendigini aňladýandygyny gürrüň berdi.
Çünki bugdaý — bagt, ýaşaýyş, galla — Watanyň genji-hazynasy, galla — halkyň baýlygy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ak bugdaýyň türkmen sähralarynyň ýaraşygydygyny, gallanyň halkymyzyň baş baýlygydygyny, bolçulyk bolsa, saglygyňam, agzybirligiňem bolýandygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde dürli milli tagamlary taýýarlaýan gelin-gyzlaryň ýanyna geldi. Toý-baýramlarda taýýarlanylýan tagamlar ýokumlylygy bilen tapawutlanyp, olar köpçülikleýin çäreleriň, toý-desserhanlarynyň bezegi bolup durýar.
Daşoguz şäherindäki Türkmen Oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary boş wagtlary kärendeçi daýhanlaryň arasyna gelip, olaryň armasyny ýetirip durýarlar. Gelin-gyzlar täze hasylyň unundan taýýarlanan pişmeleri, gyzgyn çöregi bu ýere ýygnananlara hödür etdiler.
Milli Liderimiz olar bilen gürrüňdeş bolup, talyplaryň okuwlary, saýlap alan hünärleri bilen gyzyklandy. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary saýlap alan hünärini ele almak, öwredilýän sapaklary özleşdirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly işe goşant goşmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ugur hasaplanylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerini häzirki döwürde dowam etdirmek maksady bilen edilýän tagallalar ýaşlarda zähmete söýgi duýgusyny ösdürmäge, olary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.
Şeýle hem milli Liderimiz datly tagamlary taýýarlamagyň, tamdyra nan ýapmagyň mukaddes iş hasaplanylýandygyny belläp, bu babatda gelin-gyzlara möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saçagyň, tamdyryň mukaddes saýylýandygyny belledi. Düýe ýüňünden dokalan saçak maşgalanyň gündelik iýjek çöregini ýumşak saklamak bilen bir hatarda, ol doganlyk-dostlugyň, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ölçegi hasaplanylýar.
Arkadag Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, zenanlaryň pişmedir çapady bişirip, toýa eltýän sowgatlyk saçagyna «Köýmet» diýilýändigini belläp, gelin-gyzlara ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly däplerini mundan beýläk-de ösdürmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gallaçylaryň armasyny ýetirýändikleri, ýagşy dessurlaryň ösdürilmegine goşant goşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirip, toý paýy hökmünde sowgatlary gowşurdy.
Soňra milli Liderimiz halal zähmeti bilen abraý eýesi bolan gallaçy kärendeçä we kombaýnça minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylara zähmetde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna tarap ugrady.
Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda milli Liderimizi «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew garşylady.
Bu ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylda ulanylmaga berildi. Şol ýerde gök önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda pomidoryň «Gök ýaýla» atly görnüşi, bolgar burçunyň «Bitarap — 20» gyzyl görnüşi we «Nabat» atly sary görnüşi hem-de «Datly» atly ýertudanasy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň 10 gektar ýerinde pomidor, onuň aýry-aýry böleklerinde bulgar burçy hem-de ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.
Oba ilatynyň abadan durmuşy, netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň alyp barýan işleri, ýyladyşhananyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, işgärlere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň möçberi bilen gyzyklandy.
Hususy kärhananyň ýolbaşçysy döredilýän ähli mümkinçilikler we şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýyladyşhananyň işiniň awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ýerde ýylda 2 müň 500 tonna pomidor, 20 tonna ýertudanasy, 4 tonna bulgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 işgär zähmet çekýär.
I.Garabaýew döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine, hususy işewürlere yzygiderli kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir ýola çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, yzygiderli bol hasylyň alynýandygynyň bu aladanyň netijesidigini buýsanç bilen habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yhlasly zähmetiň aýratyn ähmiýete eýedigini, onuň höziriniň lezzetlidigini belläp, bu asylly işe ak ýürekden çemeleşmegiň her bir maşgala ojagynyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ene topraga tutanýerli zähmetini we yhlasyny siňdirýän ynsanyň rysgal we bereket tapýandygyny, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.
Döwletimiz mundan beýläk hem daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň durmuş üpjünçiligi üçin ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz eline pomidor alyp we ony kesip, bu ekiniň hasylynyň has-da artmagyny arzuw etdi hem-de pomidorlary ýetişdirmek boýunça ýyladyşhanada alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. Bu ýere ýygnananlar bereketli hasyldan dadyp gördüler.
Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasyly eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy hem-de kärhananyň ýolbaşçysyna şunuň bilen bagly döwlet tarapyndan daşary bazarlarda öz önümlerimizi ýerlemekleri üçin hususy telekeçilerimize elmydama goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyladyşhana hojalygy bilen tanyşlygyň barşynda telekeçiniň geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. Şunda hususy kärhananyň ýolbaşçysy ýyladyşhanada banan ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz şu pudakda işleýänler üçin sitrus önümlerini ýetişdirmegiň ugurlaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bananyň peýdasy barada belläp, şunuň bilen bir hatarda, ananasy hem ýetişdirmegiň peýdaly boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz telekeçiniň ekerançylykda ulanýan usullary, onuň zerur serişdeler babatda üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde daşary ýurtlarda ýetişdirilen hem-de ylmy esasda taýýarlanan tohumlaryň ýokary hasylly görnüşleri ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçileriň ähli ugurlar boýunça işjeňlik görkezýändiklerini belledi. Milli Liderimiz telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi, işewürleriň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Bu ugurda dünýäniň ösen ýurtlarynyň ugurdaş düzümleri bilen giňden tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Şunlukda, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny, täzeçil usullary, aýratyn-da, sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi ähli pudaklaryň ylmy esasda ösdürilmegine, oba hojalygynyň suwaryş ulgamynda netijeli usullaryň işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýetlidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde gök-bakja ekinleriniň hasyllarynyň ýerleşdirilen sergisi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz olaryň adam saglygyna peýdasy barada aýdyp, turp önüminiň has hem degişli ýokumly serişdelere baýdygyny we adam bedenine onuň ýetirýän peýdasynyň uludygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eserinde ýurdumyzyň baý tebigatynyň önümleriniň peýdaly aýratynlyklary, dermanlyk hökmünde ulanylyşy hakynda giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergide ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ýertudana bilen tanyşdy we bu önümiň ekiliş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýere ýygnananlar ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ýertudananyň bereketli hasylyndan dadyp gördüler.
Eziz Diýarymyzda häzirki wagtda ekerançylarymyz, daýhanlarymyz tarapyndan miweli baglaryň, gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu önümleri diňe bir ter görnüşinde ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemek we uzakmöhletleýin zaýalaman saklamak örän derwaýys meseleleriň biridir. Şu maksat bilen, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar yzygiderli gurulýar.
Ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilik toplumlaryny, ýyladyşhanalary gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümi täzelenýär.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň topragy yzygiderli zerur dökünler bilen üpjün edip durmagynyň geljekki bol hasyly almagy şertlendirýändigini belläp, şeýle hem etraplarda ýetişdirilýän bol hasyly saklamak üçin sowadyjylaryň gurulmagynyň zerurdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de tehniki taýdan kämilleşdirilmegine we gaýtadan işleýän düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň bäsdeşlige ukyply oba hojalyk pudagyny kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýandygyny hemişe nygtaýar.
Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklaryna ýylyň ähli paslynda ýokumly gök-bakja önümlerini ýetirmegi üpjün edýär. Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde ýene bir ýola üstünlik arzuw edip, oňa we onuň maşgala agzalaryna gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy we döwletimiziň telekeçilere mundan beýläk-de ýakyndan goldaw berjekdigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň rektoryna ýüzlenip, ýokary okuw mekdebinde talyplara berilýän bilimiň tejribe bilen utgaşdyrylmagynyň geljekde oba hojalyk pudagynda işlejek ýaş hünärmenler üçin derwaýysdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegi talyp ýaşlara häzirki wagtdan öwredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýaşlary zähmete uýgunlaşdyrmagyň ýurdumyzyň dürli ugurlarda ösmeginiň kepili bolup durýandygyny belläp, ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmekleriniň hem-de häzirki wagtda oba hojalygyny sanly ulgama geçirmegiň pudakdaky alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli görkezmeleri berip, ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ekin meýdanlarynda yzygiderli bolmalydyklaryny we daýhanlaryň armasyny ýetirip durmalydyklaryny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.