Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ýanwar — maý aýlary aralygynda makroykdysady görkezijileri barada hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, garalýan döwürde ähli pudaklarda durnukly ösüş üpjün edildi.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 4,7 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer bölek haryt dolanyşygynyň mukdary barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiniň 19,6 göterim artandygyny habar berdi.
Bäş aýda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 94,1 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk zähmet haky 10,5 göterim artdy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde hem-de öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde, ýylyň başyndan bäri durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň, inženerçilik ulgamlaryň gurluşyklary alnyp baryldy.
Wise-premýer nebitgaz toplumynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Sol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga çagyrylan Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew karz beriş edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň işini kämilleşdirmek, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, umuman, ýurdumyzyň ykdysady görkezijileri hem peselýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde, 2020-2021-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Bu Maksatnamada esasy wezipe çökgünlik ýagdaýyndan has depginli çykmagy hem-de çökgünlikden ozalky görkezijileri gazanmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu maksatnama Ministrler Kabinetinde seretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu Maksatnamada bellenen çärelerde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna düýpli maýa goýumlaryny goýmak hem-de eksporty goldamak göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyna maýa goýmak biziň ileri tutýan ugrumyz bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiz bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzy ösdürmegiň ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini hem üpjün etmegi ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek, öz harytlarymyzyň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini düýpli seljermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagy çaltlandyryp, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işini baş ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň ýüze çykýan ýagdaýlaryny berk gözegçilikde saklamagy talap edip, bu meseleleri seljerip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwürde ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 108,3 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, benzin önümçiliginiň meýilnamasynyň 109,2 göterim, dizel ýangyjynyň önümçiliginiň meýilnamasynyň 103,6 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118 göterime deň boldy, maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 121,5 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplumyň kärhanalarynyň durnukly işini üpjün etmek, şolaryň serişdeler binýadyny hem-de eksport kuwwatyny netijeli peýdalanmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdary yzygiderli artdyrylmalydyr. Bazar gatnaşyklaryna laýyklykda, toplumyň dolandyryş we önümçilik müdirlikleriniň gurluş düzümlerini kämilleşdirmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilýän iri taslamalaryň gurluşygyny diňe maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna amala aşyrmalydygyna, munuň üçin çykdajylary öndüriljek önümler bilen hasaplaşmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde halkara bazarlarynda nebitiň we nebit önümleriniň bahasynyň has pese düşendigini belläp, bu önümleri daşarky bazarlarda ýerlemegiň strategiýasyny kesgitlemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 117,4 göterime deň boldy, şunda bu görkeziji - Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 118,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 110,2 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime ýetirildi. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137,9 göterim berjaý edildi.
5-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna badalga berildi, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa bu çärä 12-nji iýunda girişmek üçin häzirki wagtda taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz galla oragyna köpçülikleýin girişilendigini belläp, orak möwsümini gysga möhletde we ýitgisiz geçirmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle hem meýdanlarda tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek hem-de kärendeçiler bilen wagtynda hasaplaşyklary geçirmek zerurdyr.
Munuň üçin oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary etraplarda köpräk bolmaly. Ýerlerde daýhan birleşikleriniň nähili işleýändigini görmeli hem-de galla oragynyň alnyp barlyşy bilen tanyşmaly diýip, milli Liderimiz daýhan birleşiklerine zerur kömegi bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamynda geçen bäş aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ulag we kommunikasiýa toplumy tarapyndan meýilnama 102,1 göterim ýerine ýetirilip, 102,8 göterim ösüş gazanyldy.
Hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 101,4 göterime, «Türkmendemirýollary» agentliginde 118,4 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde 132,5 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler ýerine ýetirildi.
Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda meýilnama 101,8 göterim, ýük dolanyşygynda 102,9 göterim, ýolagçy gatnatmakda 100,6 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 109,5 göterim ösüş gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenmek bilen, häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň beýleki esasy pudaklary ýaly, ulag pudagynyň hem dünýäde koronawirus epidemiýasy hem-de mejbury çäklendirmeler sebäpli, kyn ýagdaýy başdan geçirýändigine ünsi çekdi. Ýönekeý bolmadyk şeýle şertlerde ulag kompaniýalarymyz bökdençsiz işlemegini dowam edýär, gatnawlaryň ygtybarly bolmagyny gazanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde koronawirus bilen bagly ýagdaý tamamlanýança bu kompaniýalaryň maliýe ýagdaýyny durnukly saklamak hem-de üznüksiz maliýeleşdirilmegini üpjün etmek esasy wezipedir. Zähmet haklaryny tölemek we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ulag kompaniýalarynyň serişdeleri bolar ýaly, olary goldamaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere bu ýagdaýlary seljerip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň ösüşiniň 119,7 göterime deň bolup, bellenilen meýilnamanyň 113,4 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça geçen bäş aýyň jemleri boýunça ösüş 107,3 göterime barabar bolup, meýilnama 107,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,4 göterime deň bolup, meýilnama 106 göterim amal edildi.
Ýanwar — maý aýlarynyň dowamynda Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüşi 120,9 göterime deň boldy. Şunda meýilnama 115,8 göterim berjaý edildi.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe 151,6 göterim ösüş gazanylyp, meýilnama 124,4 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar 102,6 göterime deň bolup, meýilnama 108,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky kärhanalaryň ýagdaýyny seljermek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy, kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek ýa-da hususylaşdyrmak baradaky degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz täze iş orunlaryny döretmegiň, sanly ulgama geçmegiň hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmegiň üstünde yzygiderli işlemelidigini belläp, telekeçiler bilen degişli işleri alyp baryp, ýokary öndürijilikli iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmegiň wajypdygyny aýtdy.
Şeýle hem elektrik energetikasy boýunça içerki we halkara taslamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,6 göterime deň boldy. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüşi 19,3 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň ösüşi bolsa 27 göterim artdy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň öndüren önümleriniň möçberi 2,3 göterim ýokarlandy.
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önümçiligiň möçberi 18,8 göterim artdy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen bäş aýyň dowamynda söwda geleşikleriniň 104-si geçirildi, 11 müň 201 şertnama baglaşyldy.
Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 54 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — maý aýlarynda senagat önümçiliginiň möçberi 13,1 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 32 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde hem halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak boýunça işi dowam etmek babatynda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek boýunça görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy we degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.
Kiçi we orta telekeçilige, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan kömek bermeli diýip milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürmek, gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen senagat sowadyjylaryny gurmak üçin hususy oba hojalyk kärhanalarynyň işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýanwar — maý aýlarynda dürli medeni çäreleriň, sergileriň, duşuşyklaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň guralyp, «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 —2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barlandygyny habar berdi.
Bulardan başga-da, medeniýet ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň internet-saýtlarynda Diýarymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, geçirilýän medeni çäreler, maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyz barada maglumatlar yzygiderli ýerleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, aýratyn-da, teleradioýaýlymlaryň işiniň bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylmaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kagyzda neşir edilýän gazet-žurnallary elektron serişdelere geçirmek işini çaltlandyrmagy, munuň üçin hünärmenleri taýýarlap, redaksiýalaryň işgärlerini jemlemegi, habar beriş serişdelerinde sanly ykdysadyýetiň möhüm meselelerini dowamly beýan etmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere tomusky dynç alyş möwsümi bilen baglylykda, ýaşlar üçin gyzykly gepleşikleri köpräk taýýarlamak, şu ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly çäreleri geçirmegi hemişe üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hemmetaraplaýyn bilim, häzirki zaman tehnologiýalaryna erk edip bilýän we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça talaplardan ugur alnyp, bilim ulgamyny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuw maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny baýlaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň innowasiýa maglumat merkezi döredildi, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy.
Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň tassyklanandygyny belledi.
Diýarymyzyň şypahanalarynda tomus möwsüminde raýatlaryň saglygyny dikeltmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.
Wise-premýer sport meseleleri barada aýdyp, ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjaklaryň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň ýedi görnüşi boýunça okuw-türgenleşik sapaklarynyň geçirilendigini aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny guramaçylykly geçirmegiň hem-de täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Täze okuw ýylyna çenli bilim edaralarynyň hemmesinde degişli abatlaýyş işleri geçirilmelidir.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň sagaldyş merkezlerinde çagalaryň dynç alyş möwsümini guramaçylykly we gyzykly geçirmegi üçin ähli zerur şertler ýola goýulmalydyr.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bilim işgärleri bilen geçiriljek Hökümetiň maslahatyna taýýarlyk görmegi talap etdi. Onda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.
Milli Liderimiz bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginiň döwletiň durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ähli döwür üçin möhüm şerti emele getirýändigini belläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegi hem-de Diýarymyzyň aýratyn zehinli ýaşlaryny daşary ýurtlara okamaga ibermek bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramaga ünsi çekip, bu işde Ylymlar akademiýasynyň esasy orny eýelemelidigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewi çagyryp, ministriň degişli düzümiň işine ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy we onuň işine nägilelik bildirdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ygtybarly sport binýadynyň bardygyna garamazdan, türgenleri taýýarlamaga ýeterlik üns berilmeýär. Şeýle hem ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly köp meseleler, aýratyn-da, welaýatlarda bu ugra degişli wezipeler çözülmän gelýär.
Döwlet Baştutanymyz sport çäreleriniň adatdan daşary gyzgyn howa şertlerinde açyk meýdançada geçirilýändigini belläp, munuň türgenleriň saglygyna gürrüňsiz zelel ýetirýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz D.Gulgeldiýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin hem-de ozal köp gezek käýinç berlendigini göz öňünde tutup eýeleýän wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini mälim etdi.
Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ministriň orunbasary G.Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde, döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň duşuşygyna hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş sekretary, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly gepleşikleri boldy. Şolaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklara yzygiderli häsiýet mahsus boldy. Şu ýylyň dowamynda bu ugurda 19 duşuşyk gurnaldy. Şolardan 12-si göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýanwar — maý aýlarynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparlarynyň we nobatdaky mejlisleri hem-de birnäçe işewürler maslahatlary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejede netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Türkmenistan mundan beýläk-de döwletara derejesinde dostluk gatnaşyklaryny we köpugurly özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürer hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary giňelder diýip, milli Liderimiz belledi we bu barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň intellektual eýeçilikdäki halkara işini ösdürmek meseleleri boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy (WIPO) we Ýewraziýa patent guramasy (ÝAPO) ýaly ýöriteleşdirilen düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Bu babatda milli bähbitlerimizi goramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy döredildi.
2015-nji ýylyň awgustynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015 —2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy. Onuň esasynda täze hukuknamalar kabul edildi, guramaçylyk taýdan çäreler geçirildi. Bu ugurda möhüm taslamalar amala aşyryldy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreler görüldi.
Häzirki wagtda degişli döwlet edaralary tarapyndan Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy bilen bilelikde bu maksatnamanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin taslamasyny düzmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu resminama kadalaşdyryjy-hukuk, institusional, maglumat toplaýyş ugurlaryna degişli, şeýle hem bilim we hünär kämilleşdiriş ýaly ähmiýetli birnäçe ugurlary öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu ulgamda häzirki wagtda halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň 12-siniň agzasy bolan Türkmenistanyň ugurdaş bilimleri kämilleşdirmek boýunça birnäçe täze resminamalara goşulyşmagy babatda teklipler hödürlenildi.
Şeýle hem DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň depozitariý-kitaphanasyny açmak hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýanynda Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak boýunça merkezini döretmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Diýarymyzyň häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin intellektual eýeçiliginiň möhüm ornuny we ähmiýetini belledi.
Şunda ugurdaş halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyga, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge hem-de ony durmuşymyzda iş ýüzünde ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz şu ýylyň Watanymyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagynyň şanly 25 ýyllygyna beslenýändigini nygtap, Türkmenistanyň tutuş dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda eziz Diýarymyzyň eýeleýän netijeli ornuny pugtalandyrmaga diplomatik gullugynyň işgärleriniň goşýan mynasyp goşandyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde döwletimiziň diplomatlaryna degişli tapawutlandyryş derejeleri bermek hem-de daşary syýasat edarasynyň işgärlerine şu mynasybetli gowşuryljak döşe dakylýan nyşany işläp taýýarlamak barada teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasy boýunça ýerlerde Konstitusion toparyň göçme mejlisleriniň geçirilişi barada habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 18-si, Mejlisiň Kararlarynyň 11-si kabul edildi. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmagyň hukuk goldawynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde birnäçe wideomaslahatlar geçirildi.
Mejlisiň deputatlary hem-de hünärmenleri döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine we kanun çykaryjylyk ulgamda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyna bagyşlanan maslahatlaryň 29-syna gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunynyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak, şeýle hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirmek bilen, Bitarap Türkmenistanyň ýurdumyzyň parahatçylygyny we howpsuzlygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek barada alada edýändigini nygtady.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm ileri tutulýan ugurlar Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmekden we işgärler bilen üpjün edilişini pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýaş esgerleri watançylyk taýdan terbiýelemek wajyp ugurlaryň biri bolup durýar, olar edermen we merdana ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini abraý bilen dowam etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň ýatdan çykmajak täsirli wakalara beslenmegi, olaryň harby kasama, watansöýüjilik däplerine wepaly bolmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Watan gullugyna çagyrylan ýaş esgerleriň Konstitusiýa binasynyň ýanynda kasam kabul etmegi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň uçurymlary üçin bolsa «Halk hakydasy» binalar toplumynyň ýanynda degişli ugur boýunça dabaraly çäreleri guramagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen bäş aýda alnyp barlan işleriň netijeleri dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýär.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen häsiýetlenýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini durnukly saklanýar. Jemi içerki önümiň ösüşi häzir hem ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hasabat döwründe senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde gurlup, ulanmaga berildi.
Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek işleri kabul edilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl üçin bellenen wezipelere ünsi çekdi we bu wezipeleriň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini gazanmalydygyny belledi. Iýun aýynda hem köp sanly möhüm syýasy we durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Bu barada aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz iýun aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul eden durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.
Şeýle hem, milli Liderimiz Hökümet agzalaryna Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçiriljek giňişleýin mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Onda ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediler. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini seljerip, ýolbaşçylaryň alyp baran işlerine baha berler. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz duşenbe güni wise-premýerleriň gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlary geçirip, geçen 5 aýyň netijelerine seretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 12-nji iýunda Türkmenistanda ýene-de bir ajaýyp baýramy — Ylymlar gününi giňden belläp geçeris. Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Şoňa görä-de, biz bu ulgamyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, binýatlaýyn esaslaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanda häzirki zaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ykdysadyýetimizi döwrebap ýagdaýa getirýäris. Iri taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi .
Şeýle hem biz Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny kabul etdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu bolsa, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge şert döreder. Ylmy-barlaglar üçin täze programma üpjünçiligini döretmäge, ylma hem-de inženerçilige, tehnologik telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge giň mümkinçilik berer.
Bularyň ählisi mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlete öwrülýändigine hem-de dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de has-da giňeldiljekdigini aýtdy.
Mejlise gatnaşyjylary we ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.