close-icon
Habarlar
photo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06.2020

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny başynyň täjine deňäp gelýär. Ata-babalarymyz sagdyn ýaşamagyň milli kadalaryny esaslandyrmak bilen, dünýäniň maddy we ruhy medeniýetine uly goşant goşupdyr. At çapmak, altyn gabak atmak, göreş tutmak, çilik, keçe-keçe, düzzüm ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri, sagdynlygy, synçylygy terbiýelemäge ýardam edýän oýunlar geçmişde hem, biziň günlerimizde hem halkymyzyň medeniýetli dynç almagy başarandygyna, adama uly hormat goýmagy ýörelge edinendigine güwä geçýär.

Häzirki döwürde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimizi dowam etdirip, biz raýatlarymyzyň bedenterbiýe hem-de sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Sportuň asyrlarboýy dowam edip gelýän milli görnüşleri bilen birlikde, dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen ugurlaryny hem giňeldýäris. Bu babatda ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa taýdan abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän hem-de uly geljegi bolan welosiped sportuny yzygiderli ösdürýäris.

Welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, ilatymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda hem biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde şäheriň görküni has-da artdyrjak «Welosiped» binasyny açýarys. Şeýle hem ýurdumyzyň iri sport toplumlarynda, stadionlarda bedenterbiýe-sport çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirýäris. Munuň özi Bütindünýä welosiped gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk hem-de ruhubelentlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň giňden dabaralanýandygyny tassyklaýar.

Mähriban halkym!

Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, ýurdumyzyň medeni ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi biziň baş maksadymyzdyr. Bu ugurda biz milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi guruldy, döwrebap sport düzümleri döredildi. Halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmek arkaly bu ugurda hem uly ösüşler gazanyldy. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäherdir obalarymyzdaky bedenterbiýe we sport desgalarynyň we binalarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam edýäris.

Biz halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem uly üns berýäris. Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.