Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýerine ýetirilýän işler, iýun aýynyň dowamynda meýilleşdirilen çäreleriň guralyşy, şeýle hem şäherde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginleri, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, arassaçylyk işlerini degişli derejede alyp barmak we medeni-dynç alyş merkezlerinde tomus möwsüminde meýilleşdirilen çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bütindünýä welosiped gününe, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyny belläp, şanly seneleriň hormatyna geçiriljek dabaralarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmeli desgalardaky gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi we gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen bu ugra degişli toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, şäheriň seýilgählerinde, dynç alyş merkezlerinde adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirip bilmekleri, ýokary derejede dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunlukda, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri we beýleki zerur çäreler berk berjaý edilmelidir we bu ugur boýunça wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilmelidir.
Şäherde abadanlaşdyrylyş işleriniň yzygiderli alnyp barylmagyna, paýtagtymyzyň ähli künjekleriniň arassaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlygyň möhüm ugruna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şeýle hem zyýankeşlerden geljekki hasyly goramak we ekinleriň kesellemeginiň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, welaýatda öndürilýän ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi sebitiň durmuş düzümini has-da gowulandyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada maglumatlar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda şu ýylyň galla oragyna guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Galla oragynda tehniki serişdeleriň, däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi, galla kabul ediş bölümleriniň bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmegi üçin ähli zerur çäreler görülmelidir.
Şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg işlerini alyp barmak, hatarara bejergisini ýokary hilli geçirmek, ideg işlerinde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işini ýola goýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şunlukda, çekirtgäniň, gowaça zyýan berijileriň we onuň keselleriniň öňüni almak, öndürilýän ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmak döwrüň möhüm wezipesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz howanyň gyzmagy bilen welaýatyň ähli çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini aýdyp, ilatyň arasynda degişli wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatyň ähli etraplarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk çäreleri, şol bir wagtyň özünde gowaça edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gowaça we beýleki ekinlere zyýan berijilere garşy göreş çäreleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda ähli taýýarlyk işleri berjaý edilýär.
Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak dabaralar we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek, orak möwsümini gysga möhletde we ýokary hilli geçirmek ugrunda ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmelidigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, gowaçalara ideg etmek, tehnikalary we oba hojalyk enjamlaryny rejeli hem-de netijeli peýdalanmak, zyýanly mör-möjeklere garşy göreş alyp barýan ekinleri goramak gullugynyň işleri ýokary derejede ýerine ýetirilmelidir.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda öndürilýän ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak, gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletde geçirmek meseleleri ünsden düşürilmeli däldir. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde howanyň gyzmagy bilen welaýatyň ähli çäklerinde, aýratyn-da, galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine yzygiderli üns berilmelidigini aýdyp, munuň üçin degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine zerur ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, gowaça edilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, welaýatyň şaly meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri barada maglumatlar berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýola goýulmagyna, ideg işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegine möhüm üns bermegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, welaýatda galla oragyna girişmek boýunça geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi, möwsümde işlediljek tehnikalaryň bökdençsiz hereketiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergileriň we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine, onda ulanylýan tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, çekirtgäniň, gowaçanyň zyýankeşleriniň we keselleriniň öňüni almak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Welaýatda desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, tomus möwsüminde geçiriljek işler berk gözegçilikde saklanmalydyr. Tomsuň gelmegi bilen ilatyň arasynda wagyz-nesihat işleriniň ýola goýulmagy, şunlukda, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir we şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde sebitiň gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli ideg işleri, şeýle hem gowaçanyň zyýankeşlerine garşy göreşmek we onuň keselleriniň öňüni almak ugrunda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, galla oragyna guramaçylykly girişmäge görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň mukdaryny artdyrmak, şaly ekişini bellenen möhletlerde guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşine degişli meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz galla oragyna başlamak boýunça geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, bugdaý hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, galla oragynda işlediljek tehnikalaryň hem-de beýleki gurallaryň bökdençsiz hereketini ýola goýmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, şu ýylyň güýzünde bu ekinleriň öz wagtynda goşmaça ekilmegini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem welaýatda şaly ekişi bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirilmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomsuň gelmegi bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmek, bu ugurda ilatyň arasynda degişli düşündiriş işlerini güýçlendirmek, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri barada hasabat berdi.
Häkim döwlet Baştutanymyzyň dürli gök-miwe önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler, gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleri, şanly senäniň hormatyna guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny bellenen möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi, galla kabul edýän bölümleriň hasyly bökdençsiz kabul etmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde gowaça edilýän ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini, gowaçanyň zyýankeşleriniň hem-de onuň keselleriniň öňüni almak üçin ähli zerur işleri geçirmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitläp, ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak, gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek wezipeleriniň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, bu babatda adamlaryň arasynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem çekirtgäniň, gowaçanyň zyýankeşleriniň we keselleriniň öňüni almak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu günler degişli agrotehniki işler we zyýankeşlere garşy göreş çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giň gerimde dowam edýär.
Bellenilişi ýaly, bu işler bilen bir hatarda, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, orak möwsüminde ulanylmagy meýilleşdirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň doly güýjünde we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmekde zerur bolan ähli tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň degişli derejede ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz çekirtgä hem-de zyýankeşlere garşy göreş işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz bellenilen çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alnyp barylmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini aýdyp, bu işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Çakyýewi çagyrdy. Ministr tomus möwsüminiň gelmegi bilen ýurdumyzda, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maksatnamanyň çäklerinde galla oragy möwsüminde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň yzygiderli nobatçylygy ýola goýlar hem-de ilatyň arasynda düşündiriş işlerine giň gerim berler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň şu günüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, maglumat-düşündiriş işleri bilen bir hatarda, galla oragynyň geçirilýän ýerleri boýunça ýangyn howpsuzlygyna degişli meýilnamanyň taýýarlanmagy, onda awtoulaglaryň galla meýdanlaryndan kabul ediş bölümlerine çenli hereketiniň ugrunyň anyk görkezilmegi wajypdyr.
Milli Liderimiz munuň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhümdigine ünsi çekip, bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, maslahata gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň we berkarar Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.