close-icon
Habarlar
photo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
24.05.2020

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelýän ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly müdimi ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan iň gadymy baýramlarynyň biridir. Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, dogruçyllygy we päkligi ebedi ýol-ýörelge edinen halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli Oraza aýynda Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, adat-dessurlar berjaý edildi, agzaçar sadakalary berlip, il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadanlygy, rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Mübärek Oraza aýynyň sahawaty we bereketi bilen birek-birege hormat-sarpamyz, mähir-muhabbetimiz, jebisligimiz has-da pugtalandyryldy. Munuň özi jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygynyň, milletimiziň ahlak kämilliginiň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen, kalplarymyza siňen milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň dowamatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýar, nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeleri milli terbiýäniň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi berkitmäge uly üns berýäris. Ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda yzygiderli ösdürýäris hem-de mynasyp dowam etdirýäris.

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy, abadançylygynyň berkidilmegi, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, geljegiň sanly ykdysadyýetini döretmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli bähbitlerimize, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän maksada okgunly syýasaty alyp barýarys. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.