Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
Onda esasan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistan bilen GFR-niň öňdebaryjy karz beriş edaralarynyň biriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ulgamda kanunçykaryjylygyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, durnukly maliýe ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.
Taraplar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky oňyn özgertmeleri belläp, milli ykdysadyýetimiziň bu ugrunda sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Innowasiýalar barada pikir, tejribe we öňdebaryjy usullary alyşmagyň ýurduň maliýe bazaryny durnukly ösdürmäge ýardam edýändigi barada biragyzdan pikirler aýdyldy. Şunda halkara ölçegler nazara alnyp, işleriň guralmagynyň zerurdygy barada bellenildi.
Duşuşygyň barşynda ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmekde bu topara möhüm orun berilýär. Nemes tarapy bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk öňe ilerledilmegi babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady syýasaty goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.
***
Şu gün Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.
Taraplar gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklarynyň netijesinde özara söwdanyň, maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklere eýedigini bellediler.
Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulaglary ibermek babatdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hereketleriň hatarynda agzaldy.
Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp, islegleri hem-de goňşy döwletleriň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alyp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy.
***
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri, şeýle hem Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň barşynda özara gyzyklanma döredýän ykdysady häsiýetli möhüm meselelere garaldy.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde biziň ýurdumyz tarapyndan hökümet derejesinde täze görnüşli wirusyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan ählumumy çökgünliginiň ýaramaz täsirleriniň peseldilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda gürrüň edildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça görlen çäreleriň netijesinde häzir ýurdumyzda onuň ýaýramak howpy ýok.
***
Şu gün ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.
Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi bankyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde ady agzalan taslamanyň möhüm düzümleri boýunça pikir alşyldy. Şol taslama söwda ulgamynda milli mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyň ösdürilmegine, hususan-da, kiçi we orta işewürlik üçin täze söwda strategiýalarynyň kabul edilmegine gönükdirilendir. Onlaýn duşuşygyna gatnaşyjylar çäreleriň amala aşyrylmagy boýunça onuň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.
Taraplar sebitdäki we bütin dünýädäki ykdysady ýagdaýyň howplaryny ara alyp maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmek üçin bilelikdäki ýollara garadylar hem-de ykdysady ýakynlaşmagy has-da ösdürmegiň zerurdygy barada biragyzdan pikirlerini aýtdylar.