close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhüm meselelerine hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan şäheriň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler hem-de tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, täze desgalaryň gurluşygy, şäheriň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak bilen birlikde, ähli işleri häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda toplumlaýyn alyp barmagyň wajypdygyny nygtamak bilen, şol işleriň ekologiýa we bezeg-gözellik taraplaryna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümi baradaky meselä degip geçip, degişli desgalaryň abatlanylmagy bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berip, işleriň ähli görnüşleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanda däp boýunça ady dünýä dolan halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň hormatyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň giňden geçirilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sanly wideoaragatnaşyk arkaly sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini netijeli işletmek, babadaýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg edilýär. Gök-bakja ekinlerinden, ýeralmadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almak üçin zerur bolan agrotehniki çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şol işler ähli beýleki möwsümleýin agrotehniki çäreler ýaly bellenilen kadalara laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişiniň barşy bilen gyzyklanyp, sebitiň käbir etraplarynda bu wajyp möwsümleýin işiň depginleriniň peselendigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bugdaý meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça işler möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bereketli bugdaý hasylyny kemala getirmek üçin degişli agrotehniki işleri geçirmek, dänäni ormak, daşamak we saklamak üçin kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, elewatorlaryň we ammarlaryň doly taýýarlygyny öz wagtynda üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalaryň gurluşygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözülişine hemişe gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, Ahal welaýatynyň häkimine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim ýurdumyzyň deňizýaka sebitindäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýerleri, ýörite tehnikalary we enjamlary jogapkärli oba hojalyk möwsümine taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan agrotehniki işler barada hasabat berdi.

Şolar bilen birhatarda, häkim welaýatda irki oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň dowam edýän gurluşyk işleri hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň möhümdigine ünsi çekip, geljekki bol hasylyň düýbüni mäkäm tutmakda uly ähmiýete eýe boljak bu çäräniň geçirilişi bilen gyzyklandy. Oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärli çemeleşmek üçin ähli tagallalary etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleri üçin gyzgalaňly we jogapkärli möwsümiň başlanandygyny belläp, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň doly kuwwatynda işledilmegini, daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek barada häkime degişli anyk görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça geçirilýän işleriň depginini güýçlendirip, olaryň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça talaplary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, berjaý etmegiň hasabyna olaryň bereketli hasylyny almagyň zerurdygyny nygtady.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şolaryň her biri gurluşygyň ýokary hiline laýyklykda we ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleri ulanmak bilen bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi arkaly bellenilen möhletde amala aşyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy bilen gyzyklanyp, bellenilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilişiniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gowaça ekişini geçirmek, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatyň häkimi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralar barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen tertibe we bildirilýän talaplara laýyklykda, guramaçylykly geçirmek baradaky meselelere ünsi çekip, welaýatda ekişiň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kombaýnlaryň, degişli enjamlaryň hem-de awtoulag serişdeleriniň däne oragy möwsümine taýýarlyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy, däne we beýleki oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerinden gorag serişdeleri bilen üpjün etmek şu günüň esasy wezipesi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häkime welaýatda bereketli hasyly almak maksady bilen, ýeralmanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ösdürilip ýetişdirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz sebitde durmuş maksatly hem-de eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek beýleki desgalaryň gurluşygynyň hiliniň we möhletiniň berjaý edilmegine degişli meselelere degip geçip, häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz mynasybetli hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde-de ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam edýän ussat atşynaslarynyň hormatyna geçiriljek çäreleri degişli guramaçylyk derejesinde amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim gowaça ekişiniň barşy hem-de bu jogapkärli möwsümde bar bolan döwrebap tehnikalary doly güýjünde işletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlara mineral dökünleri berilýär, ösüş suwy tutulýar.

Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan beýleki möwsümleýin işler, şol sanda ýeralmany hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hem hasabat berildi.

Häkim welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanan medeni maksatnama barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýaty toplumlaýyn ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu günler gyzgalaňly dowam edýän gowaça ekişine ünsi çekip, milli baýlygymyz hasaplanylýan «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan bu wajyp çäräni aýny möhletinde guramaçylykly geçirmek üçin degişli şertleri döretmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, bu jogapkärli oba hojalyk möwsümine gatnaşýan kärendeçileriň we mehanizatorlaryň sazlaşykly hem-de ýokary öndürijilikli işlemegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Däne oragy möwsümine ýörite tehnikalary we enjamlary, kabul ediş bölümleri, elewatorlary, ammarlary, terezileri hem-de awtoulag serişdelerini taýýarlamak işine aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň suw, dökün we tohum bilen zerur möçberde üpjün etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi geljekde üstünlik gazanmagyň—ekerançylaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we soganyň hem-de gök-bakja ekinleriniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wajyp wezipeleri berk gözegçilikde saklamagyň, şol wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu babatda Diýarymyzda toplanan baý tejribäni ulanmak bilen birhatarda, öňdebaryjy tehnologiýalary-da işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, ulanmaga tabşyryljak desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem welaýatyň häkimine Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Soňra wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, şu günler bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, kombaýnlary, awtoulag serişdelerini we galla kabul ediş bölümlerini orak möwsümine taýýarlamak işleri güýçli depginde dowam edýär.

Hasabatda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň üstünde aýratyn durlup geçildi.

Mundan başga-da, häkim sebitde bina edilýän desgalardaky işleriň barşy, gurluşygyň ýokary hilini berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli şolary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişi boýunça möwsümiň ähmiýetini belläp, welaýat boýunça bu işiň barşy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz gowaça ekişinde işleriň utgaşykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly onuň depginini güýçlendirmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Işleri degişli derejede guramak üçin bu işe gatnaşýan ähli düzümleri gerekli serişdeler bilen doly möçberde üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz häkime güýzlük bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda agrotehniki işleriň alnyp barlyşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek boýunça görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe beýleki ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, ýeralma hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalaryň gurluşygynyň hiliniň we möhletiniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz buýsanjymyz we milli guwanjymyz bolan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depgini, şol sanda meýdanlarda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, gowaça ekişiniň geçirilişi, güýzlük bugdaýa, ýeralma, sogan we gök-bakja ekinlerine ideg edilişi, oba zähmetkeşleriniň dökün, suw, tohum hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda ýeterlik mukdarda üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem gallaçylaryň öňünde durýan jogapkärli möwsüme — galla oragyny gysga möhletde ýokary hilli geçirmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmagyň häzirki tapgyrda esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Bu bolsa ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga, oba hojalyk öndürijileriniň ýokary zähmet gazançlaryna hem-de olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere meýdanlarda dowam edýän işleriň agrotehniki kadalarynyň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek, degişli gulluklaryň we düzümleriň utgaşykly hereketini ýola goýmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşa gönükdirilen wajyp wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.