Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony geçen Halkara Nowruz güni bilen gutlady we doganlyk Tatarystanyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Strategik türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy Tatarystan bilen iki halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanan, öňden gelýän gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Özara ynanyşmagyň ýokary derejesi dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de özara saparlar gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň oňyn ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, geçen ýylyň iýun aýynda Kazan şäherinde geçirilen gepleşikleri aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlady.
Açyklyk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler, şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar
hem-de gol çekilen resminamalar taraplaryň möhüm taslamalaryň çäklerinde bilelikde işlemegiň köp ýyllyk oňyn tejribesi bilen berkidilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de ony pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.
Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi dürli ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga goşmaça itergi berer.
Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — «KamAZ» awtomobil gurluşyk kärhanasy, «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köp sanly kärhanalary bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup biler.
Awtoulag serişdeleriniň dürli kysymlary yzygiderli iberilýär, bu ýokary öndürijilikli tehnikalara hyzmat etmek boýunça merkezleri gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.
«Tatneft» ýangyç-energetika toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirýär, Hazaryň türkmen bölegini özleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Meýilnama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolandyryjy kompaniýasy” atly jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde toplumlaýyn dökünleri öndürmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär.
Birinji Hazar ykdysady forumynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, dürli maksatly dikuçarlar, şeýle hem konteýnerleri daşaýan deňiz gämileriniň täze görnüşleri iberilip başlandy.
Taraplar şeýle hem dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyndaky türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow
hem-de Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Tatarystanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.