close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.03.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Eksport önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer «Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de «Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda sertifikatlaşdyrma döwletleriň arasynda söwda, önümçilik gatnaşyklary, şeýle hem hil ölçegleri babatda hyzmatdaşlyk bilen bagly esasy meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Halkara işewürlik gurşawynda häzirki ýagdaýlar oňa gatnaşyjylaryň hojalyk-ykdysady işiniň gurallaryny döwrüň zerurlyklaryna kybap getirilmegini talap edýär.

Şunda hödürlenilýän hyzmatlaryň, harytlaryň ýa-da öndürilýän önümleriň hil derejesine, şeýle hem geljekki müşderiler we hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň sowatly strategiýasyna uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararlara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de şol kadalaşdyryjy namalaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary – «Petronas», «Dragon oil», Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, «Kawasaki», «Sojitz», «TOYO», «Mitsubishi», «ITOCHU», «LG», «Hyundai», «Eni», «Mitro International», «Petrofac», «Tatneft», «Rönesans Holding» we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň düzümine girýän ýokary hem-de orta hünärment okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynda dürli önümçilik ugurlary üçin inženerleri, burawlaýjylary, geologlary, hünärmenleri taýýarlamagyň guralmagynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Çünki dünýäde bu pudagyň tehnologik ösüşiniň derejesiniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işleriniň bu wezipä täze talaplary bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini ýörite okuwlarda yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, munuň üçin Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de onuň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň esasy kafedralarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň Mary hem-de Balkanabat şäherlerindäki orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan açylan okuw merkezleriniň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygyny aýtdy hem-de bu işi degişli derejede talabalaýyk guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri, şol sanda bugdaýa ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu günler agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak işleri, şeýle hem zerur bolanda haşal otlara garşy göreşmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagyny öz wagtynda öňüni almak işleri berjaý edilýär.

Wise-premýer «ak altyn» ussatlarynyň milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişendigini, daşoguzly daýhanlaryň möwsüme girişmäge taýýarlyk görýändigini aýtdy.

Tehniki hyzmat ediş kärhanalar hem-de daýhan birleşikleri oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegi hem-de öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin meýilnamalaýyn çäreleri görýärler. Alymlar we tejribeli hünärmenler welaýatlara ugradylýar, olar oba hojalyk önümlerini öndürijilere ekinlerden bereketli hasyl almak meseleleri boýunça maslahat berýärler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen meýdan işleriniň täze gelip gowşan tehnikalar bilen hem-de sanly kommunikasiýa ulgamlary bilen üpjün edilendigi barada aýdyp, wise-premýer obasenagat toplumyny ählitaraplaýyn ösdürmäge berýän örän uly ünsi üçin hemme oba hojalyk işgärleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere möwsümleýin işleriň depginini artdyrmak, kärendeçi babadaýhanlary maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda oba hojalyk ulgamyny üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz her welaýatda gurlan ýyladyşhana toplumlarynyň kuwwatlyklaryny peýdalanyp, gök-miwe we bakja önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýakynda geçirilen bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň barşynda ekilen ýaş nahallara ideg etmäge hem ilkinji nobatda üns berilmelidir diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy bu ulgamy üstünlikli özgertmegiň binýadydyr. Şu maksatlar bilen döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden häzirki zaman tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alýar. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet şertlerini gowulandyrmaga hem-de olaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň, tehnikalara hyzmat edýän merkezleriň işlerini zerur derejede guramagyň hem-de obalar üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlaýan ulgamy yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu strategiýanyň dünýädäki harby-syýasy ýagdaýy nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylandygyny hem-de döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigini aýdyp, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň öňünde duran wezipeleriň her bir ýolbaşçydan öz işine örän jogapkärli çemeleşmegi talap edýändigini nygtady.

Şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegi bu işiň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralary maddy enjamlar we tehniki serişdeler bilen üpjün etmek hem-de harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy talap edip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna geňeşiň şu ýylyň üç aýynyň netijeleri boýunça geçiriljek mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hereket edýän hem-de işe girizilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ýurdumyzda maksadalaýyk işler amala aşyrylýar.

Onuň çäklerinde sebitlerde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, paýlaýjy elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.

Energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijilerini we paýlaýjy ulgamlaryny öz wagtynda abatlamak hem-de durkuny täzelemek sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer abatlaýyş işlerinde ulanyljak ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanasynda öndürmek baradaky teklibi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çözgüdiň maksada laýykdygyny belläp, hereket edýän energetika ulgamyny giňeltmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady we ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak meselelerine aýratyn üns bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, olaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ulagyň ähli görnüşleriniň, hususan-da, demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak, ýük daşamak boýunça edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýalaryny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ornunyň dikeldilmeginiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Ýurdumyz «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýar. Bu geçelge Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar deňzi we Garadeňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen ulag meselesine degişli Kararnamalar dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan oňyn teklipleriň wajypdygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň býurosyna saýlanmagynyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistan ygtybarly üstaşyr-ulag gatnawlaryny üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň çäklerini giňeltmek hem-de olaryň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem «Türkmendemirýollary» agentliginiň işine ünsi çekip, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerindäki işler barada hasabat berdi hem-de «Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibiniň» täzeden işlenilen taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bu resminama Dokma senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň söwda toplumyna geçirilmegi bilen baglylykda taýýarlanyldy we Diýarymyzyň dokma hem-de haly önümlerini daşary bazarlarda işjeň öňe ilerletmäge, şunuň bilen baglanyşykly amallary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, taslamada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal aýdan bellikleri we teklipleri göz öňünde tutuldy.

Soňra ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara topary döredildi. Şol topar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önüm öndüriji kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli öndürijileri goldamak hem-de höweslendirmek, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenilip taýýarlanylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda heniz ýeterlik öndürilmeýän azyk harytlarynyň içerki bazar üçin zerurlyklary öwrenilip, olary getirmek, ýeterlik gorlaryny döretmek we saklamak hem-de elýeter bahalardan ilatymyza ýetirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Bu pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda onuň düzümi barada teklipler taýýarlanylyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri giňeltmegiň milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny, ählumumy işleri nazara almak bilen, onuň özüne ýeterlik derejesini we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwletimiz tarapyndan munuň üçin hemme zerur bolan mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Milli Liderimiz aýdylan teklipleri makullap, «Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» we «Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberip, Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň isleglerine laýyk gelýän çeýe marketing strategiýalaryny kemala getirmek üçin içerki bazaryň we daşarky düzümiň ýagdaýyny ulgamlaýyn seljermegi dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini sanly ulgama geçirmek arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýokary hilli, mazmunly tele we radio gepleşikleri taýýarlamak maksady bilen, komitetiň ýanynda geňeş döredildi. Geňeşiň esasy wezipeleri degişli önümleri taýýarlamagyň, döredijilik işleriniň ähli basgançaklaryna gözegçilik etmekden ybarat. Düzümine tejribeli halypalar hem-de ulgamyň hünärmenleri giren geňeşiň işi içki torlar arkaly hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hasabyna işjeňleşdirilýär.

Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde hem-de onuň düzüminde döredilen başlangyç hünär okuw mekdebinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de hünärmenleri gaýtadan okatmak boýunça işler geçirilýär. Okuwlar ýörite meýilnama esasynda guralyp, okuwy tamamlansoň diňleýjilere degişli şahadatnamalar gowşurylar.

Şeýle hem bu edaranyň mahabatlandyryş işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işinde ýokary çeperçilik derejesi we mazmunynyň köpdürlüligi, şeýle hem bezelişi bilen tapawutlanýan ýokary hilli, many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri açýan sanly tehnologiýalardan has doly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli teleradiogepleşikler ulgamynyň netijeli işini guramakda bu ulgamyň ähli hünärmenleriniň ussatlygynyň we elbetde, döredijilikli çemeleşmesiniň bolmagy esasy talapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow çagyryldy. Wise-premýer «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Ylymlar akademiýasy bu taslamany ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeden doly ugur alyp taýýarlady.

Işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda sanly tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini nazara almak bilen, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilnamasy düzüldi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, işlenilip taýýarlanylan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi IT tehnologiýalaryna esaslanan netijeli, durnukly hem-de özüni ödeýän sanly ylym ulgamyny döretmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda, ylmyň önümçilik bilen arabaglanyşygyň täze derejesine ýetmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berer.

Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ylmy-barlaglar we işläp düzmeler üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmäge, ylma, inženerçilige, tehnologiki telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, depginli ösýän, häzirki wagtda halkara ykdysady, medeni we tehnologiki giňişlige işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň durmuşyň ähli ulgamlaryna täzelikleri çekmegiň işjeň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Diýarymyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiligini has-da netijeli peýdalanmak, häzirki zamanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge itergi bermek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy hem-de bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda halkara konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Şunda degişli şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryna we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan agzalan ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi.

Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika-Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Ýurdumyz olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu möhüm ulgamda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz ekologiýa meselesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady. Şunda tebigata aýawly garamak hem-de onuň baýlyklaryny rejeli ulanmak, öňdebaryjy «ýaşyl» we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ykdysadyýet we durmuş ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi raýatlarymyzyň abadançylygyny we hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr.

Şu maksatlar bilen hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. BMG-niň soňky ýyllarda kabul edilen möhüm resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, geçen ýyl howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.

Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramak ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ýokarda agzalan köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmagy hakyndaky teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda yzygiderli işlemegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Mejlisiň iş toparlarynda kazyýet we ýerine ýetiriji edaralaryň, ylmy we döredijilik işine, halkara hyzmatdaşlyk meselelerine degişli Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýändigi bellenildi.

Deputatlar ýerlerde amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän netijeli syýasatynyň dürli ugurlary boýunça täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, konstitusion we beýleki oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hökümetiň indiki mejlisiniň giňişleýin düzümde onlaýn düzgüninde geçiriljekdigini, onuň barşynda ýurdumyzyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine garaljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlara düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy hem-de ähli ýolbaşçylara tutanýerli zähmet çekmegi we özygtyýarly Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hatyrasyna uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.