Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň senagat pudagyny ösdürmek hem-de bäsdeşlige ukyply eksport ugurly milli önümleriň möçberini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmek maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynda ýokary ösüş depginini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ösüşiň senagat innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek babatda netijeli işleýän kärhanalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, wise-premýere işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şol bir wagtda wideoaragatnaşyga Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hem çagyryldy. Ol geçirilýän işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň edaranyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de wise-premýere we Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna ýüzlenip, häzirki wagtda döwletleriň arasyndaky ykdysady, söwda, önümçilik gatnaşyklary hem-de hyzmatlar, tehnologiýalar we hil ülňüleri babatda hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly işleriň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli düzümler bilen bilelikde, işleri döwrebap derejede kämilleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine, nebit we gazhimiýa öndürilýän önümleriň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem şu ýylyň 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020» atly sergisine we maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu gün nebitgaz senagatynyň ýokary ösüş depginini hem-de maýa goýum işjeňligini saklamagyň, ýerli önümçiligiň mukdaryny artdyrmagyň esasy wezipe bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň netijeli işlenip taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän öňdebaryjy tejribelere we täzeçil tehnologiýalara eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
Diýarymyzda guralýan ýöriteleşdirilen pudaklaýyn forumlara wajyp orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň köpugurly kuwwatyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etmegi esasy ugur edinýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, Harby doktrinada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Bu ulgamlarda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin döwletimiziň we mähriban halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durýan degişli düzümleriň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek, Diýarymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny pugtalandyrmak zerurdyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Görogly köçesiniň ugrunda bu akademiýanyň täze desgasynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň jemleri boýunça “Baýly- Gurluşyk” hususy kärhanasynyň beren teklibi saýlanyp alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly binalaryň gurluşygyny, şeýle hem bu ugurda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberip, Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygyny gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň işi barada aýdyp, pudaga ýeterlik maliýe serişdeleriniň gönükdirilýändigine garamazdan, gurulýan desgalaryň hiliniň we tabşyrylýan möhletiniň talaba laýyk gelmeýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalarynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň üpjünçiliginiň bellenilen derejä laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmagyň hem-de depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda senagat pudagynyň ösüşine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirip, ýerli çig mallary gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmaýandygyny, pudaga sanly tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konsernindäki işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu pudagyň ýolbaşçysynyň işine hem düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu pudagyň işinde köpsanly kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Himiýa kärhanalarynyň köpüsi doly taslama kuwwatyna çykarylmaýar diýip, milli Liderimiz nygtady we degişli senagat kärhanalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna himiýa pudagynyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, eksporta niýetlenen himiýa önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy.
Önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we işgärler üçin amatly zähmet şertleriniň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda energetika ministri Ç.Purçekowy hem göni aragatnaşyga çagyrdy. Ministr elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazara bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek we onuň möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwata eýedigini nygtady. Ýurdumyzda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak energetikleriň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmakda elektrik energetikasy ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň mukdaryny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra şol bir wagtda wideoaragatnaşyga çagyrylan gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow pudakda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, binagärlik taslamalaryny seljermegiň guralyşyna, şolaryň durmuşa geçirilişiniň ähli tapgyrlaryna hil taýdan baha bermek ulgamyna nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş we senagat gurluşygynyň giň gerime eýe bolýan şertlerinde bina edilýän desgalaryň hili baradaky meseläniň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyp, gurluşyk işleriniň tehniki derejesine gözegçiligi üpjün etmek, öňdebaryjy çözgütleriň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň esasynda gurluşygyň senagat usullaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga çagyrylan içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň ähli edaralarynyň işini utgaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamagy, kanunçylygy üpjün etmegi, düzgün bozmalaryň öňüni almagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaýa ideg etmek hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Şu günler ekerançylar agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça işleri alyp barýar. Şeýle hem gowaça tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatyny ýeralma hem-de gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda 2020-nji ýylda meýilnama laýyklykda ekilen ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem geljekde ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilmegini köpçülikleýin ýola goýmak hem-de ekilýän meýdanlaryny giňeltmek we bu işe önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki bol hasylyň düýbüniň tutulýan şu günlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikanyň kadalaryna doly gabat gelmegini üpjün etmegi talap etdi.
Wise-premýere kärendeçi gallaçylaryň we pagtaçylaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi hem-de netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegi, telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy babatda anyk görkezmeler berildi.
Milli Liderimiz ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek hem-de ilaty oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyryp, ilkinji nobatda, ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan bu çäräniň ähmiýetini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Sanly çözgüt –2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taýýarlanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýlei pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt —2020» atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär. Ol saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik hem-de “akylly” şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler. Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bu bolsa döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Milli Liderimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlaşdyrmagy işjeňleşdirmek, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, Internet — hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek işine kanunçylyk taýdan goldaw bermek babatda möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini belledi. Öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr.
Bu gün ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, sanly bilimi üpjün edýän maksatnamalaýyn ulgam işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ulgamda ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri, döwrüň talabyna laýyklykda, şolaryň milli we halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt —2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini amala aşyrmak baradaky teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergi ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri görkeziler.
Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan esasy wezipelerini çözmäge goşýan goşandy, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. 12 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri beýan etmegi, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň ýakyn geljek üçin meýilnamalary kesgitlemegi öz içine alýan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy, milli ykdysadyýetimiziň netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýan syýasaty durmuşa geçirýän döwletimiziň mundan beýläk-de telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirjekdigini belledi.
Soňra milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini mälim etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki döwletiň halklaryny asyrlaryň dowamynda pugta dostluk hem-de goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, baý medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Bu gün Türkmenistan hem-de Azerbaýjan ägirt uly serişde, ykdysady we ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýedir. Şolaryň durmuşa geçirilmegi goňşy ýurtlaryň diňe bir milli bähbitlerine däl, eýsem, sebit we ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işine bu babatda möhüm ornuň degişlidigini ýene bir ýola nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyna oňyn täsiri bolan toparyň işini degişli derejede alyp barmagy tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli hususy kompaniýalara ynanylan gurluşyk desgalarynda işleri döwrüň ýokary talabyna laýyk guramak bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň muzeýleriniň milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek üçin täzeçil serişdeleri ulanmak arkaly uzak aralykdan muzeýler bilen tanyşlygy guramak we bu taslamany amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän guramaçylyk çäreleri barada hem hasabat berildi.
Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň pudaklaýyn edaralaryň işini sanlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem medeniýet ulgamyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alyp, Medeniýet ministrligine degişli guramalaryň arasynda içerki elektron ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudaklaýyn edaralaryň arasynda maglumatlary, resminamalary we täzelikleri alyşmak işlerini çaltlandyrmaga we umuman, onuň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Habar berlişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde zerur bolan tehniki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň, medeniýet ulgamynda maglumat giňişligini döretmekde, şol sanda kitaphanalaryň we muzeýleriň gaznalaryna elýeterliligi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Bu meseleleriň oňyn çözgüdi jemgyýetde medeniýetiň we bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, dünýäde milli medeni mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine kömek eder diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow bilen bilelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek babatda kabul edilen karara laýyklykda maslahat geçirmegi tabşyrdy.
Dünýä tejribesini nazara almak arkaly neşir önümlerini, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde garamak üçin degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän mejlise birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çagyryldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ministr bolsa Halkara lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglygy goraýyş anyklaýyş, Halkara iç keselleri hem-de Halkara “Ene mähri” merkezleri üçin zerur lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara bäsleşiginiň geçirilendigini habar berdi.
Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Merkezi bankyndaky maksatlaýyn ýörite serişdeleriň hasabyna belli daşary ýurt kompaniýalaryndan ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn alar.
Döwlet Baştutanymyz adamlaryň saglygyny goramagyň birnäçe şertleri, ilkinji nobatda bolsa, lukmançylyk bejergisiniň iň kämil usullaryny özünde jemleýän we häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň netijeli işini öz içine alýan hemmetaraplaýyn ulgamdygyny belledi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen “Halkara lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda” Karara gol çekip, elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we ony ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işinde aýratyn orun berlen bejerijilik häsiýetli ýüzärligiň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bolan bu ösümlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ýüzärligiň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary hakynda giňden beýan edilýär. Ata-babalarymyz ýüzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.
Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.
Şeýle hem milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jilitlik eserinde burç ösümliginiň peýdasy hakynda hem giňden beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde burçuň halk lukmançylygynda örän köp keselleri bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Ylmy lukmançylykda hem bu ösümlik giňden ulanylýar.
Mundan başga-da, halk arasynda dümewlän adama burçlanan unaşyň peýdalydygy baradaky pugta düşünje bar. Bu tagamyň sowuklamanyň öňüni alýandygyny durmuş tejribeleri subut etdi.
Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we häzirki döwürde mukaddes ösümligi tütetmek arkaly ýagşy dessurlaryň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Paýhasly ata-babalarymyz ähmiýetli dessurlara başlanda, täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende ýüzärlik tütetmek ýörelgesini pugta dessura öwrüpdir. Ýüzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar.
Dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesi subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkymyzyň ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýer P.Agamyradowa we ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
11-nji martda Baku şäherinde özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň barşynda syýasy gatnaşyklary, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygy bellenildi.
Dürli ugurlarda özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge, netijeli işewür gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilmegi ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýe bolandygyny hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen, iki ýurduň doganlyk halklaryny birleşdirýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary mynasyp dowam etdirilýär.
Milli Liderimiz dünýä giňişliginde, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdurilýändigini belledi. Şunda Türkmenistan we Azerbaýjan hemişe birek-birege goldaw berip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýärler.
Şu berk binýada daýanmak bilen, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýedir.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine ýokary derejede geçirilen nobatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan hem-de gol çekilen resminamalarda berkidilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, bu iri halkara guramasy hem-de onuň esasy düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigi bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän Çarçuwaly maksatnamanyň ähmiýetini nygtap, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler, deputatlaryň halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýandyklary hem-de ýerlerde alyp barýan işleri barada habar berdi.
Habar berlişi ýaly, 14-nji martda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar, mejlisiň gün tertibine birnäçe kanunçylyk taslamalary, şol sanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly «Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» kanunçylyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak giriziler.
Şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunçylyk taslamalary ara alyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli kanunçykaryjylyk işleriň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini hem-de halkyň saýlan wekilleriniň baş maksadyna — ähli ilatyň bähbitleriniň goralmagyna hyzmat etmelidigini we döwletimiziň ileri tutulýan durmuş ugurlary kanunçylyk taslamalarynda öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn hem-de ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde jemgyýetçilik bilen duşuşyklaryň geçirilmegini, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmak boýunça işleri dowam etmek zerurdygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmagy çaltlandyrmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy wezipedigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň döwrüň möhüm wezipeleriniň biridigini belläp, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolan ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşini ýakyn geljek üçin möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurluşyk we senagat pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz şu babatda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli öňde boljak baýramçylyk çärelerini, dabaralary guramak meseleleri barada aýdyp, ol çäreleri tutuş Diýarymyz boýunça ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.