close-icon

“Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Sanly kart» atly ykjam programma üpjünçiliginiň berýän döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar!

Raýatlarymyz bu programmany bankyň www.halkbank.gov.tm resmi internet sahypasyndan ykjam telefonlaryna mugt ýükläp almak we ykjam telefonlarynda bar bolan «NFC» ýa-da «QR-kod» tehnologiýalarynyň islendiginden peýdalanmak arkaly tölegleri galtaşyksyz usulda aňsatlyk bilen geçirip bilerler.

Hormatly müşderiler! Bankyň bu hyzmaty «Altyn asyr» bank kartlaryny elmydama ýanyňyzda götermek zerurlygyny aradan aýyrýar we geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryňyzy ýeňilleşdirýär. «Sanly kart» hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:

+993 12 44-48-55

«Halkbank» — bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir.