“Hormatly müşderiler!
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini «Sanly töleg» ykjam goşundynyň üsti bilen onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga we erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligiň döredilendigini habar berýär.
«Sanly töleg» ykjam goşundyny bankyň resmi www.halkbank.gov.tm internet sahypasyndan öz ykjam telefonlaryňyza ýüklemek arkaly halkara bank kart hasaplaryny banka barmazdan ygtybarly we aňsatlyk bilen aýma-aý dolduryp bilersiňiz. Geçirilen amallar baradaky maglumat Siziň ykjam telefonyňyza SMS-habary görnüşinde iberiler.
Hormatly Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileri! «Sanly töleg» ykjam goşundysyndan peýdalanmak üçin talybyň tassyklaýjy resminamalarynyň bank tarapyndan soralýan asyl nusgalaryny her okuw ýarymýyllygy üçin öz wagtynda tabşyrmaklyk zerur şert bolup durýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:
+99312 44-48-37, +99312 44-49-27
«Halkbank» — bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir.