close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
TÜRKMENISTANYŇ «HALKBANK» PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKYNYŇ DÖWREBAP HYZMATLARYNYŇ ÖSÜŞI
28.07.2025

Häzirki döwrüň beýik özgertmelerine mynasyp gadamyny goşýan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda depginli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu işler ilkinji nobatda, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň esasynda halkymyzyň bähbidini nazarda tutýar. Beýleki ulgamlar bilen gyradeňlikde ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň ösüş depgini hem bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki şertlerde barha ýokarlanýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň öňi bilen ähli ykdysady gurallaryň işjeňligini talap edýändigi bilen aýrylmaz baglydyr. Şu nukdaýnazardan, banklar ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Munuň şeýledigini beýik özgertmelere beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» halkymyza döwrebap hyzmatlary hödürleýän Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ösüş depgininiň mysalynda hem görmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň, olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bu ugurda alnyp barylýan işler we ondan gelip çykýan netijeler aýdyň görkezýär. Şunda öňde durýan umumy jemgyýetçilik wezipelerini durmuşa ornaşdyrmagyň derwaýyslygy Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň alyp barýan işinde raýatlara ýetirýän hyzmatlary babatda aýdyň beýanyny tapýar. Bankyň hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýeňilleşdirýän hyzmatlaryň, sanly çeşmeleriň girizilmegi onuň häzirki zaman ösüş ugrunyň esasyny kesgitleýär. Bu aýdylanlary bankyň häzirki netijelerinden hem görmek bolýar. 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna bankyň arassa peýdasy 63,62 million manada deň boldy. Şunuň bilen birlikde karz we goýumlar, pul geçirimleri, töleg terminal we olary kärendesine bermek hyzmatlary, bank kartlary, sanly hyzmatlar we beýleki amallardyr hyzmatlar boýunça ýokary netijeler gazanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bank tarapyndan häzirki wagta çenli ýuridik we fiziki şahslara karzlaryň dürli görnüşleri hödürlenip gelinýär. Karzlaşdyrmagyň möçberi yzygiderli artmak bilen, bu babatda şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli 7807,11 million manat möçberinde ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karzlar, 1167,16 million manat möçberde önümçilik maksatly karzlar, 694,93 million manat möçberde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin resmileşdirilen karzlar, 70,77 million manat möçberde gurluşyk maksatly karzlar, 2263,52 million manat möçberde sarp ediş karzlary, 23,66 million manat möçberde ýaş çatynjalar üçin karzlar, 31,10 million manat möçberde ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin karzlar, şeýle hem 6,34 million manat möçberde toý dabaralaryny geçirmek üçin karzlar üpjün edildi. Munuň özi bankyň karzlaşdyrmak syýasatynyň netijeli alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr.

Bank tarapyndan gazanylan üstünlikleriň hatarynda hasaplaşyk-kassa amallaryny ýerine ýetirmek, şol sanda 2009-njy ýyldan bäri «Gyrat» nagt pul geçirimlerini amala aşyrmak boýunça edilýän işleriň netijeleri hem guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, şahsy taraplar jemagat hyzmatlary üçin tölegleri, Içeri işler ministrliginiň tölegleri, saglygy goraýyş, ätiýaçlandyryş üçin tölegler kabul edilýär. Bu ugurda bankyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany hem yzygiderli artmak bilen. 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna hyzmat edilýän müşderileriň jemi sany 1 442,2 müňe ýetdi, şolaryň 2,5 müň sanysy ýuridik taraplar hem-de 1439,7 müň sanysy bolsa fiziki taraplar bolup durýar.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň raýatlara hödürleýän hyzmatlarynyň hatarynda töleg amallaryny ýeňilleşdirýän işlere uly ähmiýet berilýär. Prosessing merkezini dolandyrmak, şol sanda beýleki banklaryň bankomatlaryny, töleg terminallaryny, bank kartlaryny milli töleg ulgamynda hasaba almak boýunça ýerine ýetirilýän işler bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle hem söwda we hyzmat ediş nokatlarynda gurnamak üçin töleg terminallaryny kärendä bermek hyzmaty ýerine ýetirilip gelinýär. Gürrüňi edilýän döwre çenli bank tarapyndan ýurt boýunça 5184 sany töleg terminaly gurnaldy. Mundan başga-da «Altyn asyr» kartlary, «Goýum bank kartlary», «Maşgala», «Owerdraft», pensioner, telekeçileri kartlary, halkara «VISA» bank kartlary ýaly dürli görnüşli bank kartlaryny dolanyşyga goýbermek işleri hem işjeň dowam etdirildi. 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna bank tarapyndan jemi 834,5 müň sany bank kartlary dolanyşyga goýberildi.

Bank tarapyndan ilatyň erkin pul serişdelerini möhletli we talap edilýänçä goýumlara çekmek boýunça hem degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Olara mysal hökmünde bankyň hödürleýän 3 we 6 aý möhletli, «Hemaýat», «Halk» we «Beýik Galkynyş» atly möhletli goýumlaryny, talap edilýänçä goýumlaryny görkezmek bolar. Şunda 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna ilatyň goýumlarynyň möçberi 596,82 million manada deň boldy. Goýum görkezijisi ýylsaýyn ýokarlanmak bilen, bankyň öz hyzmatlarynyň ygtybarly ýerine ýetirmegi netijesinde oňa raýatlaryň barha berk ynam bildirýändigini, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň äşgär edýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, maliýe-bank ulgamynda dünýä tejribesine kybap gelýän sanly hyzmatlary işläp taýýarlamak we bar bolanlaryny has-da kämilleşdirmekde uly öňegidişlik gazanyldy. Şu günüň nukdaýnazaryndan seljerilende, sanly bank hyzmatlarynyň umumy ösüşi ýokary bolup, raýatlar üçin oňaýlylygy döredýän özgertmeler amala aşyrylýar. Sebäbi maglumat ulgamlary tehnologiýalary pudagynda, tehnologik ösüşiň täzeçil ugurlaryny ýola goýmakda milli tejribe baýlaşýar. Dünýädäki özgertmeler bilen deň derejede ösmegi nazarlaýan çemeleşmeler oňyn netije berýär. Sanly bank hyzmatlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Bank tarapyndan sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň depginini ösdürmek maksady bilen, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Talyp tölegi», «Halkbank terminal», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar girizildi. 2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna «Sanly töleg» hyzmaty arkaly jemi 184,2 müň sany ýüzlenme gelip gowuşdy we olardan 29,5 müň sany raýat bu hyzmata birikdirildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda «Sanly karz» ulgamyna birikdirilen müşderilerden 1,7 müň sanysyna karz serişdeleri resmileşdirildi.

Bankyň resmi internet sahypasy arkaly karz almak we bank kartyny sargyt etmek üçin «Internet-bank», «Elektron söwda», «Onlaýn ýüzlenme» ulgamlaryna birikdirmek hyzmaty ýaly onlaýn hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagy raýatlar üçin giň mümkinçilikleri açyp, olary gymmatly wagtlaryny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýär. Şeýle hem ol raýatlaryň sanly sowatlylygynyň ýokarlanmagynda esasy şertleriň biri bolup hyzmat edýär.

2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna bankyň «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatyny ulanyjylarynyň sany 2,2 müňe, «Talyp tölegi» ulgamyny ulanyjylarynyň sany 29,5 müňe, internet arkaly söwda we hyzmat etmek üçin gurnalan «E-com» terminallaryň sany 0,6 müňe deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, bank tarapyndan nagt däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak maksady bilen köp sanly işleri, şol sanda 3 göterimli «Cashback» höweslendirme amaly geçirilýär.

Gürrüňi edilýän döwre çenli bankyň kart ulgamynda jemi 2 207,04 million manatdan gowrak möçberde nagt däl hasaplaşyklar geçirildi. Şol sanda töleg terminallary arkaly 1089,16 million manat, bankomatlar arkaly 46,27 million manat, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlary arkaly 1071,62 million manat möçberde nagt däl hasaplaşyklar geçirildi. Nagt däl hasaplaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy hyzmatlardan ýeňil we çeýe usulda peýdalanýanlaryň sanynyň artmagyna, howpsuz sanly gurşawyň uly ähmiýete eýe bolmagyna ýol açýar.

«Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tölenenligi baradaky maglumatlaryny bankdan onlaýn görnüşinde ibermek mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da raýatlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol gözegçilik gulluklary tarapyndan hasaba alnan jerimeleri boýunça tölegleri bankyň hödürleýän sanly hyzmaty arkaly tölän halatynda tölegi amala aşyrylandygy baradaky maglumatlar degişli edaranyň maglumat binýadyna awtomatiki usulda geçirilýär.

Bu görkezijiler bank tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň oňyn häsiýete eýedigini tassyklamak bilen, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny, netijede müşderileriň sanynyň barha artýandygyny, bankyň milli maliýe-bank ulgamynda özboluşly hem-de täsirli orny eýeleýändigini aýdyň görkezýär. Çünki bank ulgamynyň häzirki zaman ösüş ugurlary milli maksatnamalar esasynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilip, günsaýyn oňyn netijeleri berýär.

Umuman, bankyň netijeli işinde «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňüne tutulýan wezipelere, has takygy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, durmuş we medeni mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bagly öňde durýan maksatlara, şol sanda raýatlara has amatly we ýeňillikli hyzmatlary ýetirmeklige uly orun berilýär.

Jennet Mämmedowa,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet

müdirliginiň Usulyýet bölüminiň esasy hünärmeni