close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Parahatçylygyň we dostlugyň ýoly bilen
09.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýin esasda alnyp barylýan ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Merkez işiniň 15 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda özüni häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy durmagyň çözgütlerini gözlemekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel, ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz” diýip, sözüni dowam etdi.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Men BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler diýip belledi.

Nygtalşy ýaly, muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususanda, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem­de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: «Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!» diýip arzuw etdi.

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini görkezýär. Şeýle çemeleşme dostlukly, özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklarymyz, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi, özara bähbitlere düşünilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanylyp biljek we hökman ulanylmaly uly kuwwata hakyky baha berilmegi bilen şertlendirilendir.


Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky