close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Belent hormatyň nyşany
09.10.2023

Parahatçylykly döwlet syýasatyny ýöretmek örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy sözümiziň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli forumlaryň ikisi — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, dünýä syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şu iri wakalar bilen ugurdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy hormatly Arkadagymyzyň parahatçylyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda halkara gatnaşyklarda BMG-niň parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzüm boljak Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy belent ykrar tapdy. Ol türkmen Bitaraplygynyň öňe sürýän pikir-garaýyşlarynyň özboluşly jemlenmesidir.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi bilen häzirki wagtda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyz 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda anyk teklipdir başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu başlangyçlar sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsir etdi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Şolaryň aglabasynyň Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlendigini bellemelidiris. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna, sebitimize uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýany parahatçylyk, howpsuzlyk we ynanyşmak zolagyna öwürmek bilen bagly Kararnamalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň hem-de kabul edilmeginiň gözbaşynda hem Milli Liderimiziň syýasy tagallalary durandyr. Bu möhüm başlangyçlar türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli diplomatiýasynyň ajaýyp beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, Duşenbede Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň çözgüdi esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormat nyşanynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünliklere tutuş sebitde uly sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzy “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň” gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda tagalla edip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!


Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky