close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
“Goýum bank karty” – döwrebap mümkinçilikleriň toplumy
27.09.2021

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamy hem barha kämilleşýär. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Karz edaralary öz işinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurduň islendik künjeginde döwrebap bank hyzmatlarynyň raýatlarymyza elýeterli bolmagyny gazanýarlar. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şolar bilen baglylykda, bankymyz tarapyndan bank kartlaryň dürli görnüşleri müşderilere ýetirilýär.

Bu bank kartlarynyň hatarynda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Goýum bank karty» raýatlarymyzyň arasynda köp islegden peýdalanýar. Eýsem-de, bu bank kartynyň nähili aýratynlyklary bar?

“Goýum bank karty” ýurdumyzyň “Altyn asyr” milli kartly töleg ulgamyna degişli bolup, beýleki bank kartlaryndan esasy aýratynlygy bu karta islendik möçberde nagt pul serişdelerini goýup bolýanlygyndadyr. Ýurdumyzyň islendik raýaty bank karty arkaly kabul edilýän goýum hasabyna öz erkin pul serişdelerini ýerleşdirip, ýyllyk 6,8% derejesinde girdeji gazanyp bilýär. Beýleki goýumlardan tapawutlylykda “Goýum bank karty” bilen müşderi öz serişdelerini islendik wagt yzyna alyp bilýär we oňa garamazdan göterim girdejisini ýitirmeýär. Ýagny, müşderiniň bank kartyndan pul serişdeleriniň alnan senesine çenli göterim girdejisi goýumyň möçberine laýyklykda hasaplanylýar we goýumyň üstüne goşulyp berilýär. Şeýlelikde, ildeşlerimiz öz wagtlaýyn peýdalanylmaýan pul serişdelerini elmydama elýeterli we ygtybarly saklap, olardan ýerlikli peýdalanyp bilýärler.

Bu bank kartyny almak üçin raýat pasporty bilen bankymyzyň islendik şahamçasyna ýüz tutup, açdyryp bilýär. Onlaýn hyzmatlardan peýdalanmagy endik edinen raýatlarymyza bolsa bankymyzyň Onlaýn-ýüzlenme hyzmatyny hödürleýäris. Banka barmazdan bank kartyny açdyrmak üçin www.halkbank.gov.tm internet salgysyna geçip, “Onlaýn-ýüzlenme” bölümçesinden “Täze kart almak üçin ýüzlenme” setirini saýlamaly. Açylan sahypada soralýan maglumatlary girizmeli we täze alynjak kart üçin onlaýn görnüşinde tölegi geçirmeli. Soňra bank işgäri ýüz tutan raýat bilen telefon arkaly habarlaşýar, ýüztutmanyň kabul edilendigini tassyklaýar we “Goýum bank kartynyň” takmynan taýýar boljak senesini habar berýär.

Gysga möhletde müşderimize bank karty PIN-kody bilen eline gowşurylýar we ondan nähili peýdalanylmagy barada bank işgäri tarapyndan giňişleýin maglumat berilýär.

Belli bir maksatlar üçin pul serişdelerini toplamaga isleg bildirýän raýatlarymyzy bankymyzyň “Goýum bank kartyndan” peýdalanmaga çagyrýarys. Sebäbi biziň “Goýum bank kartymyzyň” göterim derejesi amatlylygy bilen tapawutlanýar. Kart bilen bagly kynçylyklar ýa-da soraglar ýüze çykan halatynda bolsa, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň sorag-jogap gullugynyň işgärleri gije-gündiz müşderilerimiziň hyzmatynda.

“Goýum bank kartyna” pul serişdelerini goýmak barada aýdylanda, kart hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz kabul edilýändigini bellemek gerek. Pul serişdelerini karta goýmak üçin pasport, kartyň rekwizitleri we goýuljak pul serişdeleri bilen banka ýüz tutmak ýeterlik. Şeýle-de müşderiniň kart hasabyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesiniň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar, ýagny raýat islendik wagt we islendik möçberde pul serişdelerini bu bank kartyna goýup bilýär. Eger-de zerurlyk ýüze çyksa, goýumdan bölekleýin pul serişdeleri hem alyp bolýar. Şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimlerini müşderiniň islegine görä almaga rugsat berilýär. Müşderi «Goýum bank kartynyň» üsti bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda gurnalan töleg terminallary bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, şeýle-de onlaýn tölegleri geçirip bilýär. Ildeşlerimiz islendik wagt arzasy esasynda goýum hasabyna goýan pul serişdelerini nagt görnüşinde yzyna alyp bilýärler.

Bu babatda, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şahamçasy hem müşderiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Häzirki wagtda şahamçamyz ýerli ilatyň bank hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Netijede «Goýum bank kartynyň» müşderileri yzygiderli artýar. Munuň özi raýatlaryň nagt pul serişdelerini bu karta goýup, nagt we nagt däl görnüşde peýdalanyp bilmeklerine, şeýle-de goşmaça girdeji gazanmaklaryna mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir, bu bolsa adam baradaky aladanyň hemme zatdan öňde durýandygyny aňladýar.

Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun!



Nafisa Rozumbaýewa,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik

bankynyň Daşoguz şahamçasynyň

Bank kart ulgamlar bölüminiň hünärmeni