close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Owerdraft ― müşderiler üçin amatly karz hyzmaty
20.08.2021

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artýar we olaryň hili günsaýyn kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem köp sanly işler alnyp barylýar. Bankymyz döwrüň talabyndan we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, öz müşderilerine yzygiderli täze, döwrebap hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de, Owerdraft karzydyr.

Karzyň bu görnüşi bütin dünýäde eýýäm birnäçe ýyllardan bäri täjirçilik banklaryň müşderileri tarapyndan giň gerim bilen ulanylýar. «Owerdraft» sözi iňlis dilinden terjime edilende «hasabyňdan artykmaç harç etmek» diýmegi aňladýar. Has takygy, bank kartyny saklaýjylary öz hasabyndaky serişdeleri harçlap gutarandan soňra «Owerdraft» bank karty arkaly karzyna goşmaça pul serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Bu hyzmat bilen bagly ilki bilen bilmeli zadymyz: «Owerdraft» karzy aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» kart hasaplary arkaly şertnama esasynda bank tarapyndan berilýän gysga möhletli karz serişdesidir. Hyzmatyň esasy aýratynlygy müşderiniň öz geljekki aýlyk zähmet hakynyň 50 göterime çenlisini karzyna peýdalanyp bilýänligidir. Indiki aý bolsa şol alnan pul serişdesi bank tarapyndan awtomatiki usulda kart hasabyna gelip gowuşan aýlyk zähmet hakyndan yzyna gaýtarylýar. Şol sebäpli bu karz gysga möhletli karz bolup durýar we onuň ýyllyk göterimi 12 göterim derejesinde bellenilendir.

Her bir adamyň durmuşynda garaşylmadyk çykdajylary bolup bilýär. Mysal üçin, gyssagly hojalyk harytlaryny satyn almak, abatlamak işini geçirmek ýa-da ýakynlaryňyza sowgat almak zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda bankymyzyň «Owerdraft» karz hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.

Esasy sowal: müşderilerimiz bu hyzmatdan nähili peýdalanyp bilerler? Ilki bilen, karz alyjy raýatyň Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderisi bolmagy hökmanydyr, ýagny onuň aýlyk zähmet haky geçirilýän karty «Halkbank» tarapyndan açylan bolmaly. Şeýle hem müşderiniň soňky iş ýerinde işlän döwri bir ýyldan ýokary bolmalydyr. Bu bolsa, karz alyjynyň durnukly iş ýeriniň bardygyna we karzyň öz wagtynda üzülmegine esas bolup durýar.

«Owerdraft» karzy resmileşdirilende bankymyz müşderiden bary-ýogy birnäçe resminamany talap edýär. Olar, esasan hem, müşderiniň şahsyýetini we durnukly aýlyk girdejisiniň barlygyny tassyklaýan resminamalardyr. Mysal üçin, pasportyň we zähmet depderçesiniň nusgalary, şeýle-de işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky baradaky güwänama.

Resminamalar bank tarapyndan kabul edilenden soňra gysga möhletiň içinde hünärmenler tarapyndan öwrenilýär we degişli çözgüt çykarylýar. Karz alyjy müşderi bilen 6 aý möhlete çenli degişli şertnama baglaşylýar. Müşderiniň durnukly iş ýeri bolan ýagdaýynda şertnamany her 6 aýdan uzaldyp bolýar. Şertnama laýyklykda, müşderiniň «Altyn asyr» aýlyk kartyna täze aýyň zähmet haky geçende, onuň geçen aýdaky alan karz serişdesi bank tarapyndan awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar.

Bu bolsa, müşderilere töleg üçin banka barmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Ondan başga-da «Owerdraft” karzyny alýan raýatlara girewine emläk ýa-da gymmatlyklary goýmak we üçünji tarapyň zamunçylygyndan peýdalanmak ýaly talaplar hem ulanylmaýar. Bu şertler belli bir derejede karz alyjy üçin örän amatlydyr we karz serişdelerini resmileşdirmekde uly ýeňillikdir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ýola goýlan «Owerdraft» hyzmatyndan peýdalanmak örän amatly. Birinjiden, bu hyzmat bankdan karz almak isleýän müşderileriň köp sanly resminamalary taýýarlamagyny ýeňilleşdirýär, ikinjiden, baglaşylan şertnama 6 aýa çenli güýjünde saklanylýar. Bu bolsa, raýatlarymyzyň wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Şeýle-de, bu karz hyzmaty beýleki hyzmatlardan tapawutlylykda, her aýda bankdan alnan serişdeleriň kesgitlenen göterimini tölemek üçin nobata durmak ýaly meseleleri hem aradan aýyrýar.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine laýyklykda ýola goýulýar. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderilere ýetirilýän hyzmatlar mundan beýläk-de döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdiriler we hyzmatlaryň täze görnüşleri ýola goýlar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleri bize netijeli işlemäge we döwrebap hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Goý, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran, Gahryman Arkdagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!




Gurbannazarow Goçnazar,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik

bankynyň Balkan şahamçasynyň

Bank kart ulgamlar bölüminiň başlygy.